Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykmagy bilen şu gün “Köpetdag” stadionynda ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji tapgyrynyň birinji oýny tamamlandy.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi B.Durdyýewiň topary üçin oýnuň 11-nji minuty örän şowly boldy, şonda D.Durdyýew pökgini “Talyp sporty” toparynyň derwezesine geçirmegi başardy.
Oýnuň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesiniň hasaby artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri boldy. Ýöne G.Abylowyň we Ý.Orazmämmedowyň uran pökgileri derwezäniň sütünine degip, yzyna gaýtdy.
“Altyn asyr” bassyr iki ýeňiş gazanyp, 6 utuk toplady. Çempionatda öňde barýan “Ahal” we HTTU toparlary hem şonça utuk topladylar, ýöne olar bir oýny az oýnadylar.
Üçünji tapgyr 20-nji aprelde “Merw” – “Daşoguz”, HTTU – “Balkan”, “Ahal” – “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Şagadam” – ”Aşgabat” toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.