Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 713
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meseleleriň birnäçesine, şeýle hem möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň durmuş we ykdysady özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek, bazar özgertmeleri, ýurdumyzda işewür we durmuş işjeňligini artdyrmak boýunça öňde goýan meselelerine gönükdirilen milli parlamentiň deputatlarynyň alyp barýan kanunçykaryjylk we jemgyýetçilik işleri barada habar berdi. Mejlisiň komitetlerinde birnäçe pudaklarda kanunçykaryjylygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär, bar bolan resminamalara üýtgetmeler we goşmaçalara girizilýär. Şeýle hem iri halkara guramalary bilen parlamentara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň oňyn ähmiýeti bellenip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň maksadalaýyk we yzygiderli alyp barýan işleriniň ähmiýetini bellemek bilen, parlamentiň milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etjek işiniň möhüm ugurlaryna deputatlarynyň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmaklarynyň möhümdigini belledi we iri möçberli özgertmeleriň durmuşda öz beýanyny tapmagy köp babatda halkyň saýlanlarynyň ýerlerde alyp barýan işlerine baglydygyny aýtdy.

Döwrebap kanunlary işläp taýýarlamakda halkara gatnaşyklarynyň netijelliligi barada bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça Mejlisiň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýratyn nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň 10-15-nji apreli aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Türkmenistanyň dokma senagaty önümleriniň sergi-ýarmarkasynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de özara peýdaly tejribe alyşmak üçin bu serginiň oňat mümkinçilikleri döredendigini belläp, işewür ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dokma pudagynyň uly kuwwata eýedigini aýdyp, wise-premýere ýurdumyzyň dokma önümlerini dünýä bazarlarynda ýerlemegiň möçberlerini artdyrmak baradaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

“Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly türkmen dokma önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak babatda oňaýly şertleri döretmek üçin önüm öndürijileriň tehnologiki kuwwatyny ýokarlandyrmak, alyjylaryň isleglerini göz öňünde tutmak arkaly, harytlary her paslyň aýratynlyklaryna laýyk çykarmak, şeýle hem bäsdeşlik şertlerini içgin seljermek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ornubsary A.Goçyýew öz gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, ol milli statistika ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara ülňülerine geçirmegiň 2010-2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda, degişli işleriň amala aşyrylandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl bu ulgamyň işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän “Statistika hakyndaky” Türkmenistanyň täze kanuny kabul edildi.Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu kanunyň esasynda, şeýle hem bu kanundan gelip çykýan wezipelere we borçlara laýyklykda, döwlet statistikasy babatda kadalaşdyryjy hukuknamalaryny kabul edilen kanuna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hakynda täze düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli statistika ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ony halkara ülňülerine geçirmek, bu ulgamyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň mundan beýläkki durmuş - ykdysady ösüşini üpjün etmek, Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin möhüm şertleriň biridir. Milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minitsri R. Meredowa söz berildi. Ol DIM tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat bermek bilen, Aşgabatda geçirilen halkara derejeli çäreleriň netijeleri hakynda aýtdy. Şol çäreleriň arasynda 10-12-nji aprelde paýtagtymyzda Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we olary rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly edaralarynyň wekilleriniň duşuşygyny görkezmek bolar. Şu hepdede Aşgabatda Hazar deňzine adatdan daşary ýagdaýlaryň öüüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, şu resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek baradaky teklipler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji sammitinde öňe sürüldi. Bu taslamalar Türkmenistan tarapyndan taýýarlanyldy we 2011-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň ählisiniň garamagyna iberildi.

Şeýle hem ýakynda, 18-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň “Türkmenitan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy baradaky Ähtnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, üç ýurduň ýokary derejeli wekillerinden ybarat bolan Ýörite utgaşdyryjy toparyň birinji duşuşygy başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu Ähtnama şu ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekildi. Duşuşygyň gün tertibine sebit we halkara ulag düzüminde möhüm ähmiýetli bölege öwrüljek täze demir ýoluň gurulmagyna gönükdirilen şol taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly guramaçylyk, hukuk we tehniki meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Hazar sebitiniň Ýewraziýa giňişliginde geosyýasy, ykdysady we ulag-aragatnaşyk taýdan möhüm merkezleriň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň geljekde-de ählumumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalaryna we Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň bähbitleriniň özara göz öňünde tutulmagyna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ýola goýulmagyna we ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ekologiýa abadançylygy üpjün etmek, Ýer ýüzünde täsin tebigy suw giňişligi hasaplanýan Hazaryň biologik dürlüligini we baý tebigy serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen, gatnaşýan taraplaryň ählisiniň tagallalaryny mundan beýläk-de jebisleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň meselelerine ünsi çekip, goňşy üç ýurduň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sebitde ulag ulgamyny ösdürmek we onuň halkara ulag-aragatnaşyk düzümine netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek bilen baglylykda, bu demir ýoly çekmegiň wajyp ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara sebitde ynamyň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam berjek bu möhüm ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişiniň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatararalaryny bejermek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri, şol sanda ösüş suwyny tutmak, mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleri dowam edýär. Galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek üçin bu möhüm çäre taýýarlyk görmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem wise-premýer Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda oýun attraksionly seýilgähi gurmak hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini, ilkinji nobatda, gowaça ekişini geçirmegiň strategiýasyny içgin seljermegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu babatda anyk tabşyryklary berip, ekerançylykda ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň, oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryny işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz öňümizdäki galla oragy möwsümine ykjam taýýarlanmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, bu jogapkärli möwsümi takyk guramagy, bar bolan maddy-enjamlayn serişdeleri rejeli peýdalanmagy, kombaýnlary we beýleki ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalaryny öz wagtynda taýýarlamagy, gallany saklaýan we gaýtadan işleýän kärhanalaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň buýurmasy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy göz öňünde tutulýan oýun attraksionly seýilgähiň taslamasyny makullap, degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we şu aýyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň işi ýurdumyzyň innowasion ösüşini we milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini nazara almak bilen, maksatnamalayn hem-de yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan döwrebap terbiýelenmeginde, ýurdumyzyň gazananlaryny daşary ýurtlarda wagyz etmekde bu ulgamlaryň möhüm orny eýeleýändigini belledi hem-de milli medeniýetimiziň has giň, halkara derejede wagyz edilmegine, milletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we medeni düzümleriň giňeldilmegine aýratyn ünsi çekdi.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny, milli ruhy gymmatlyklaryň esasyny düzýän türkmen halkynyň özboluşly medeni-taryhy mirasyny we beýleki ruhy-ahlak gymmatlyklaryny düýpli açyp görkezmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, esasan-da, milli telewideniýä möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz habar beriş serişdelerinde çap edilýän makalalaryň we teleýaýlymlarda goýberilýän gepleşikleriň mazmunyna hem-de ýokary çeperçiligine aýratyn ähmiýet bermegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş edip, milli Liderimiz tarapyndan Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda optiki süýüm aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça ozal berlen tabşyryklar bilen baglylykda berjaý edilen çäreler barada aýtdy. Hususan-da, wise-premýer häzirki wagta çenli Türkmenbaşy şäherinden Garabogaz serhet geçiş nokadyna çenli umumy uzynlygy 238 kilometrlik optiki süýümli esasy geçirijiniň geçirilendigini, STM-16 derejeli geçiriş ulgamynyň gurnalandygyny, şeýle hem barlag-ölçeg işleriniň dolulygyna tamamlanandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, innowasiýalaryň biziň durmuşymyza barha giňden ornaşdyrylýandygyny we şunda aragatnaşyk düzüminiň gurluşygynyň batly depgin bilen alnyp barylmagynyň aýratyn möhümdigini belledi. Optiki süýümli ulgamlar ýurdumyzda demirgazykdan günortalygyna we günbatardan gündogarlygyna çekildi. Şeýle hem transmilli ulag geçelgeleri, döwrebap telekommunikasion ulgamlar uzak aralyklary gysgaldyp, dürli ýurtlaryň halklaryny birek-birege has-da ýakynlaşdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda döwlet tarapyndan ýurdumyzda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösdürilmegine içgin üns berilýändigini belläp, milli aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamy ösdürilende, şu pudakda dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetilmeginiň we milli aragatnaşygyň dünýä ulgamyna goşulyşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Ondan peýdalanýanlar üçin telearagatnaşyk hyzmatlary saýlap almakda giň mümkinçilik dörär. Gyssagly kompýuter aragatnşygynyň ösüşine mundan beýläk-de badalga berler. Ulanyjylara sebit, milli we halkara çeşmeleriň maglumatlary hödürlener. Döwlete we telekeçilige degişli kompýuter ulgamlary maglumatlary we hyzmatlary, interaktiw amallary hödürlemek maksady bilen, öz müşderilerine Internet ulgamynyň elýeterliligini üpjün eder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyňi orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk, senagat ulgamynda we elektroenergetika boýunça alnyp barylýan işler we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýoluny döwrebaplaşdyrmagyň iş meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada aýdyldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýoluň Giňdiwardan başlap, “Aşgabat-Mary” awtomobil ýoluna çenli 25,5 kilometrlik aralygyny döwrebaplaşdyrmak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we Arçabil şaýolunyň ugrunda sil suwlaryny geçiriji desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň çyzgylary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, gurluşyk boýunça amala aşyrylýan maksatnamada görkezilen ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, ýol gurluşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, ýollara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur kommunikasion ulgamlary geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmeldidigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk düzüminiň Aşgabatda amatly ýaşaýşy we durmuşy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini hem-de onyň mundan beýläk-de döwrebap talaplara laýyklykda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak arkaly ösdürilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, ýollaryň ulanylyşy we adamlar üçin amatlylygy şäher giňişliginiň bezeg jäheti bilen oňaýly derejede utgaşdyrmak ýaly meselä aýratyn üns berdi. Milli Liderimiz meýilleşdirilen işleriň göwnejaý hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň we şol işleriň bellenilen möhletlerde berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere döwlet tarapyndan geljekde-de aýratyn üns beriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz energetikany ösdürmek barada durup geçip, welaýatlarda energiýany tygşytlamagyň netijeliliginiň artdyrylmagyna ünsi çekdi, şunda birnäçe energetika desgalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlaryň energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar, munuň özi elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýokary derejä ýetirilmegine mümkinçilik berer.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet durmuş syýasatyny hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi barada habar berildi. Wise-premýer şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde daşary ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň öňdebaryjy tejribeleriniň öwrenilýändigi, bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyklara laýyklykda, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerine zehinli ýaşlarymyzyň okuwa iberilýändigi hem-de Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almak üçin daşary ýurtlaryň raýatlarynyň kabul edilýändigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky” kararyň hem-de “Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamagynyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, olaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin hünärli işgärleri taýýaralamak işiniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, hödürlenen resminmalara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny ösdürmekde olaryň möhüm orny eýeleýändigini nygtap, kararlarda beýan edilen düzgünleriň bilim ulgamyna gyşarnyksyz ornaşdyrylmalydygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz halk hojalygy üçin hünärmenleri taýýaralamak babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň wajypdygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwletimiz mundan beýläk hem ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmäge , ýaşlaryň halkara ülňüleriniň derejesinde döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmäge, giň gözýetimli, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn üns berer, munuň özi bolsa ýurdumyzyň halk hojalygyny ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça işler barada hasabat bedi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy esasynda Hazaryň kenar ýakasynda myhmanhanalary, sagaldyş we medeni-dynç alyş merkezleri pasportlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler ýurdumyzyň şypahana - dynç alyş düzümini täze derejelere çykarmakda möhüm ädimleriň biri boldy.

Syýahatçylyk ulgamynda iň oňat dünýä tejribesini özleşdirmekde daşary ýurtly hünärmenleriniň gatnaşmagynda pudagyň myhmanhanalar toplumynyň işgärleri üçin guralan okuw maslahatlary hem ähmiýetli boldy. Şeýle hem syýahatçylyk işewürligini dolandyrmak ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýäde iň ýokary gazanylanlary hasaba almak bilen, hyzmat edilişiniň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň guramaçylyk işini düzgünleşdirmek boýunça taslama işlenip taýýarlanyldy.

Umumy düzgünlerden daşary bu düzgünnama syýahatçylyk desgalarynyň we işgärlere bildirilýän talaplaryň, dynç alýanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, arassaçylyk-ekologiýa talaplarynyň, iýmit we söwda ulgamynda ýokary ülňüleriň we beýleki guramaçylyk- gözegçilik çäreleriniň esasy meselelerini özünde jemleýär. Bularyň ählisi Awaza gelýän türkmenistanlylar we daşary ýurtly syýahatçylar üçin hyzmat edilişiniň derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň sanynyň mundan beýläk artmagyna, türkmen döwletiniň syýahatçylygynyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça uly göwrumli işler ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp dynç almagyny we saglygyny berkitmegi üçin ähli zerur şertleri döretmekden ybaratdyr diýip belledi. Hazar deňziniň kenarlarynda döwrebap myhmanhanalaryň we şypahanalaryň onlarçasy guruldy. Bu ýerde halkara derejeli şypahana ulgamyny döretmek bilen bagly örän uly taslamalar durmuşa geçrilýär.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygy ýyl-ýyldan artýar. Muňa syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatlarynyň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Şoňa görä-de, ýurdumyza gelýän myhmanlaryň we daşary ýurtly syýahatçylaryň sany hem ýylsaýyn artýar.

Biz geljekde hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge aýratyn üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz täze guruljak desgalar bilen üsti ýetiriljek döwrebap dynç alyş düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin görülýän çäreleriň üstünde durup geçdi. Bu wezipeler myhmanhanalarda işlejek hünärmenleri we hyzmat edýän işgärleri, olaryň hünärini ýokarlandyrmaga degişli işleri alyp barmak meselelerini öň hatara çykarýar. Munuň özi hiliň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Syýahatçylyk ulgamy üçin, şeýle hem myhmanhanalarda işlejek hünärmenleri we hyzmat edýän işgärleri taýýarlamagyň onuň kuwwatly mümkinçiligini ygtybarly ulanmaga, Türkmenistanyň dünýä syýahatçylyk bazarynda bähbitli ýörelgeleri eýelemäge ýardam etjekdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz gozgalan meseleler boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler bilen baglynyşykly birnäçe meseleler we ýangyç - energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi.

Hususan-da, nebitgaz toplumyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak täze nebitgazly ýataklary özleşdirmek we olary senagat taýdan işläp taýýarlamak, şeýle hem himiýa senagatynyň, balyk hojalygynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdymak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýdyldy.

Şeýle hem ykdysady, ylmy - tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak Hökümetara toparynyň ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy bilen baglynyşykly meseleler, şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi göz öňünde tutulýan ugurlary giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň, Gazagystan bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejä çykarmagyň derwaýysdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny bellemek bilen, bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we sport ýaly gumanitar ulgamlardaky gatnaşyklaryň dostlukly halklaryň gadymy däplerine laýyk gelýän derejede mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi we munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirer diýip nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.