Ï Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 740
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany bilen mähirli we doganlarça salamlaşyp, W.Ýanukowiç pursatdan peýdalanyp, ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurduň halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Özüniň ukrain kärdeşine mähirli sözleri we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu günki gün taraplaryň tagallalary netijesinde däp bolan dostlukly türkmen-ukrain gatnaşyklary Türkmenistanyň we Ukrainanyň döwlet ösüşiniň we milli bähbitleriniň ileri tutulýan meselelerine doly gabat gelýän ösüşe täze kuwwatly badalga aldy diýip belledi.

Işjeň we netijeli häsiýetde geçen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri şu ýylyň fewralynda Ukrainanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejede geçen Aşgabat duşuşygy ilki başdan ynam we özara hormat goýmak esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda möhüm tapgyr boldy.

Bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar bilen berkidilen geljekki netijeli hyzmatdaşlyga özara gyzyklanmany tassyklap, söhbetdeşler ýokary derejede we hökümetara derejesinde guralýan yzygiderli gatnaşyklaryň gönüden-göni gadymy dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wiktor Ýanukowiç türkmen Liderine özi üçin amatly bolan islendik wagtda Ukraina sapar bilen gelmäge çakylygyny ýene bir gezek tassyklady.

Iki dostlukly ýurtlaryň Prezidentleri şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Ukraina dünýädäki meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna we parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge ymtylyşlarynda pikirdeşdirler.

Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç biri-birine ýene-de iň oňat mähirli sözleri aýtmak bilen, iki dostlukly ýurduň halklaryna bagt, abadançylyk we giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ukrain tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.