Ï Sport täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport täzelikleri

view-icon 1751
Şu hepdäniň sport ýaryşlaryna syn bermezden öňürti milli derejedäki köp sanly gyzykly ýaryşlar bilen tapawutlanan geçen hepdäniň has gyzykly ýaryşlarynyň netijeleri barada okyjylarymyza ýatladyp geçeris. Mysal üçin, “Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda 16-17 ýaşdaky we 18 ýaşdan 21 ýaşa çenli iki ýaş toparlarynda ýaş türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanda birinjilik ugrundaky ýaryş geçirildi.

Sport baradaky döwlet komiteti we Sport göreşi milli merkezi tarapyndan guralan ýaryşlara ýurdumyzyň ähli bäş welaýatyna we Aşgabat şäherine wekilçilik eden göreşijileriň 500-e golaýy gatnaşdy. Ýaryşyň esasy maksady Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşmak üçin iň oňat türgenleri ýygyndy topara seçip almakdan ybaratdyr, olar degişlilikde iýul aýynda Mangoliýada we awgust aýynda Serbiýada geçiriler.

Sport synçylarynyň pikirine görä, köp günlük bäsleşikler netijesinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ş.Kulowyň, R.Rejebowyň, Ý.Kuraýewiň, W.Ter-Akopýanyň, W.Aýryýanyň hem-de beýleki ýokary hünärli halypalarynyň tälim berýän türgenleri ýokarda sanalyp geçilen halkara ýaryşlaryna mynasyp gatnaşyjylar boldular.

Birinjilik ugrundaky ýaryşyň barşynda sport göreşi boýunça eminler üçin seminar geçirildi. Onuň maksatnamasyna ýaryşlaryň kadalaryna höwesjeň göreşiň halkara federasiýasy (FILA) tarapyndan bellenen iň soňky üýtgetmelere degişli meseleler girdi. Mundan başga hem seminaryň barşynda başlangyç eminleri okatmak geçirildi. “Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilen nazary okuwlar Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň geçirilmeginiň barşynda berkidildi. Seminar tamamlananda has tapawutlanan eminlere Sport baradaky döwlet komitetiniň sertifikatlary berildi.

Erkin we grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanda birinjilik ugrunda ýaryş bilen ugurdaşlykda “Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda hindileriň kabaddi oýuny boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ol mälim bolşy ýaly, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda sport görnüşleriniň sanawyna goşuldy. Şonuň üçin hem häzirki ýaryş diňe bir seçip almak ýaryşy bolman, eýsem Koreýa Respublikasynda (Inçhon şäheri) şu ýylyň tomsunda boljak IV Aziýa oýunlaryna taýýarlyk ýaryşy hem boldy. Koreýada boljak Oýunlardan soň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa ýaryşynyň Türkmenistanda geçjekdigini ýatlalyň, ol 2017-nji ýylda häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda şol ýaryşy kabul eder.

Kabaddi oýny “Aýterek-günterek” türkmen milli oýnuna çalymdaşdyr we şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda örän meşhurdyr. Häzirki çempionat oňa mysal bolup biler, bu ýaryşa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan iň gowy toparlar geldiler. Bu gyzykly ýaryşlarda tälimçi Ş.Allaýewiň Aşgabadyň birinji toparyna wekilçilik edýän tälim berýän türgenleri ýeňiş gazandylar. Olar jemleýji ýaryşda paýtagtymyzyň ikinji sport toparyndan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi O.Buharakowyň tälim berýän türgenlerini utdular. N.Hojamuhammedowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän Mary türgenleri bürünç medala mynasyp boldular.

Koreýada geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin erkek adamlaryň ýygyndy toparyndan başga zenanlaryň ýygyndy topary hem düzüler. Türkmenistanyň “Hanmudo” söweş sungaty milli merkeziniň meýilnamalarynda ýapyk binalarda we söweş sungat boýunça IV halkara sport ýaryşynyň öňüsyrasynda biziň türgenlerimiziň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramak bar, Kabaddi hem onuň düzümine girýär.

Şu günler Nissa şäherindäki tennis akademiýasynyň binýadynda taýýarlygy geçen türkmen tennisçileriniň toparynyň Fransiýadan gaýdyp gelendiklerini belläp geçmeli. Biziň türgenlerimiz halkara derejesindäki jogapkärli ýaryşlaryň öňüsyrasynda öz ussatlyklaryny ýokarlandyrdylar. Şol ýaryşlaryň ýakynda boljaklary maý aýynyň birinji ýarymynda Türkiýede geçiriler. Maý aýynyň 3-inden 17-si aralygynda Stambulda 4 toparyndaky halkara abraýly ýaryşlaryň ikisi bolar.

Şol ýaryşlara 20 ýurtdan türgenleriň 100-den gowragy gatnaşar. Iki tennisçi-ýurdumyzyň häzirki çempiony, diýlip, A.Ärnepesow (birinji tennisçi) we G.Poçaý (ikinji tennisçi) Türkmenistana wekilçilik eder, olaryň halkara ýaryşlarynda uly tejribesi bar. Stambulda geçiriljek ýaryşlar öz nobatynda has jogapkärli ýaryşlara, mysal üçin, Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlara oňat taýýarlyk bolar, şol ýaryş şu ýylyň tomsunda Mýanmede geçiriler. Türkmenistan “Aziýa-Okeaniýa” toparynda medallar ugrunda bäsleşer.

Häzirki wagtda Aşgabatda birnäçe milli ýaryşlar-erkekleriň arasynda welosport boýunça Türkmenistanyň çempionaty we 8 ýaşa we 14 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirilýär. Weloýaryşlarynda altyn medallar ugrundaky bäsleşik 15 kilomertden 140 kilometre çenli aralyklarda hususy we toparlaýyn tapgyrlarda geçirilýär. Ýaryş 24-nji aprele çenli dowam eder.

Ýurdumyzyň iň ökde ýaş küştçileri şäher sport komitetiniň paýtagtymyzdaky küşt sport mekdebiniň binýadynda bäsleşýärler. Her bir topara bäş welaýatlaryň hersinden türgenleriň 15-si girdi.

Bu ýaryş Koreýa Respublikasynda boljak Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biridir, sebäbi türgenleriň uly toparynda Inçhona gitmäge esasy dalaşgär sport ussady S.Atabaýew çykyş edýär. Ol geçirilen bäş ýaryşdan soň bäş ýeňiş gazandy. Ýöne bu görkezijiniň üýtgemegi mümkin, sebäbi öňde ýene-de 9 tapgyr bar we ýaş küştçi Atabaýewden beýleki ýaş we geljegi uly küştçiler üstün çykyp bilerler. Ýeňijiler 27-nji aprelde kesgitlener.

Şu gün, 23-nji aprelde “Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda basketbol boýunça şäheriň birinjiligi ugrunda ýaryş hem badalga alýar, ol ertir tamamlanar. 27-nji aprelde bolsa bu ýerde Koreýanyň hapkido söweş sungaty boýunça ýaryş geçiriler.

Şol gün Maryda sebitiň ussat pälwanlarynyň gatnaşmagy bilen milli göreş boýunça welaýatyň birinjiligi ugrunda ýaryş bolar. Şonuň ýaly ýaryş, ýöne etrapda birinjilik ugrunda 27-nji aprelde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda geçiriler. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda bolsa 26-njy we 27-nji aprelde guşakly göreş boýunça welaýatyň Kubogy ugrunda ýaryş bolar.

Bulardan başga hem biziň ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda şu hepdede woleýbol, kiçi futbol, gandbol, suwda ýüzmek, boks, badminton, pauerlifting, uşu hytaý söweş sungaty we sportuň beýleki ençeme görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.