Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç hatyny iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç hatyny iberdi

view-icon 743
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.