Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin, türkmen paýtagtyna gelen Russiýanyň Gahrymany, uçarman-kosmonawt Oleg Kononenkony kabul etdi.
Ählihalk baýramyna çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman doglan we önüp-ösen ýurdy bolan Türkmenistana hemişe uly höwes we tolgunma bilen gelýändigini, şeýle hem özüniň taryhy Watanynyň gazanýan üstünliklerine hem-de häzirki döwürde onuň bagtyýarlygyň we abadançylygyň ülkesine öwrülendigine çäksiz begenýändigini aýtdy.
2009-njy ýylyň fewralynda Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bolan “Prezidentiň Ýyldyzy” ordenine mynasyp bolan şöhratly uçarman bilen mähirli görşüp, döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň iki älem uçuşyny ýerine ýetiren we üç gezek açyk äleme çykan watandaşynyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny belledi.
Mähirli we hoşniýetli ýagdaýda geçen gürrüňdeşligiň barşynda milli Liderimiz hem-de myhman älem giňişliklerini özleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny Türkmenistanyň halk hojalyk toplumy we ylym ulgamynyň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin peýdalanmak babatda ýola goýulmagy mümkin bolan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar.
--Biziň ýurdumyz älemi öwrenmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna çalyşýar, Türkmenistanda ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagyna taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär, hususan-da, Milli kosmiki agentligi döredildi - diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmen ýaşlarynyň kosmosa bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny, kämil inženerçilik hünärlerini, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap enjamlaşdyrylyşyny nazara almak esasynda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreleriň bu ulgamdaky ilkinji ädimlerdigine ynanýaryn. Men türkmen talypary bilen bolan duşuşyklarda olaryň bu ugra bolan ynamyna göz ýetirdim diýip, myhman belledi.
Nobatdaky üçünji uçuşa taýýarlyk işleri barada gürrüň bermek bilen, kosmonawt ýörite ylmy maksatnamany işläp taýýarlamak mümkinçiligi barada aýtdy. Ol Türkmenistanyň bähbitlerine bu maksatnamany ýerine ýetirip biler.
Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa älem giňişliginde bolup gelen zatlary sowgat hökmünde gowşurdy.
Şeýle hem Oleg Kononenko pursatdan peýdalanyp, belent sepgitlere tarap bedew bady bilen barýan Türkmenistanyň älem giňişligini özleşdirmäge işjeň gatnaşmagynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etjekdigine ynam bildirdi.