Ï “Aşgabadyň” ikinji ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Aşgabadyň” ikinji ýeňşi

view-icon 896
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy şu gün “Aşgabat” toparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi “Altyn asyry” 2:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.

Oýun köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçdi. Hasaby oýnuň 14-nji minutynda ýer eýeleriniň hüjümçisi Süleýman Orazow açdy. 28-nji minutda “Altyn asyryň” hüjümçisi Didar Durdyýew hasaby deňlemegi başardy - 1:1. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aman Goçumowyň topary üçin ýeňiş pökgüsini oýnuň 70-nji minutynda Nurýagdy Muhammedow derwezä saldy.

“Aşgabat” indi ikinji ýeňşini gazanyp, 6 utuk bilen ýaryş sanawynyň 6-njy setirine çykdy. HTTU bilen “Altyn asyryň” hem şonça utuklary bar. Dördünji orny eýeleýän Türkmenbaşydan “Şagadamyň” 7 utugy bar. “Ahalyň” we “Merwiň” her haýsynyň 9 utugy bar. Ýaryşda 10 utuk toplan “Balkan” öňde barýar.

“Balkanyň” hüjümçisi Mämmedaly Karadanow 6 pökgüsi bilen köp gol salan oýunçylaryň arasynda birinji orny eýeleýär. Onuň yzysüre Serdar Geldiýew, Didar Hajyýew (ikisi hem “Ahaldan”), Zakir Hasanow (“Merw”), Aleksandr Boliýan (“Şagadam”) we Berdi Şamyradow (HTTU) gelýärler. Olaryň her haýsynyň hasabynda 3 pökgi bar.

Bäşinji tapgyr 26-njy aprelde HTTU – “Daşoguz”, “Ahal” – “Merw” we “Şagadam” – “Balkan” toparlarynyň duşuşyklary bilen başlanýar.