Ï Ýoldaş, kömekçi we türgen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýoldaş, kömekçi we türgen

view-icon 1031
Heniz adamzdyň dörän wagtynda Homo sapiýensiň aw edende, topragy özleşdirende, uzak aralyklara gidende at ilkinji kömekçi bolupdyr. Ýokary tehnologiýalaryň häzirki asyrynda haýwanlaryň ornunyň döredilýän demir kömekçiler tutýar. Atlar bolsa, indi sport ýeňişlerini gaüanmaga kömek edýär. Özi hem Türkmenistanda bedew bäsleşikleri köp ýüz ýyllyklardan bäri sportuň milli görnüşi bolup durýar. Bu „behişdi“ argamaklar öz owadanlyklary, çydamlylygy we görmegeýlikleri boýunça iň owadan atlar hökmünde dünýäniň sport jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilendir.

Aýdalyň, adamynyň hut haýwany ýeke-täk ulanýan ýeri atçylyk sporty bolup dutýar. Ol dürli ýaşdaky we fiziki ösüşdäki erkekler we zenanlar üçin hem elýeterlidir. Atçylyk sporty hereketiň çaltlygyny we takyklygyny utgaşdyrýar. Atçylyk spotunyň ynsanyň ruhyny baýlaşdyrýandygy hem uly ähmiýete eýedir. Oba hojalyk işgärleri we adamlar üçin hünäri bilen baglanyşykly daglyk ýerlere we ýolsuz ýerlere gitmekde, meselem serhet galalarynda, atçylyk sportunyň tejribeçilik ähmiýeti hem uludyr.

Atçylyk sportunyň we at oýunlarynyň bäsleşikleriniň dürli görnüşleriniň arasynda atçylyk sportunyň klassiki: baş öwretmek, päsgelçiliklerde bökmek, üç görnüşli ýaryş ýaly görnüşleri has giň ýaýrandyr.


öwretmekde bäsleşigiň meýilnamasyna hökman girizilýän aty sürmegiň kämilligi, tebigy hereketleriň dögrulygy we öndürijiligi hem-de maşyklary anyk ýerine ýetirilişi görkezilýär

Atçylyk sportunyň klassiki görnüşine gire konkur (päsgelçilikden bökdürmek) bäsleşigiň has giň ýaýran görnüşidir. Bu bäsleşikler päsgelçilikleriň sany we ölçegi, netijelere baha bermek ulgamy, ýoly geçmegiň tertibi boýunça dürli görnüşli bolup bilýär.

Üç görnüşli ýaryş maneždäki at sürülişi, meýdan synaglary we päsgelçiliklerden böküp geçmekden ybaratdyr. Üç görnüşli ýaryş 3 günüň dowamynda geçirilýär. Onuň birinji gününde baş öwretmäki görnüşiň ýeňilleşdirilen görnüşi bolan maneždäki at sürülişi geçirilýär.

gün meýdan synaglary geçirilip, ol has kyn we jogapkärli gün bolup durýar. Meýdan synaglarynyň jemlerine ähli bäsleşikleriň netijesine, şol sanda hem jemleýji günüň hem, köp babatda bagly bolup durýar. Bu ýerde esasy iş final oýunlarynyň jemleýji tapygyrynyň öňisyrasynda bedew lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär. Onuň jemleri boýunça bedewi ondan soňky baýrak ugrundaky bäsleşiklerden aýryp bilýärler.

At oýunlarynyň biziň günlerimize gelip ýetenleriniň köpüsiniň müň ýyllyk taryhy bardyr. Şeýle oýunlaryň hatarynda, hususanda, at polosydyr (0 bu oýun bu ýerde „çowgan“ diýlip atlandyrylýar.

ýurdumyzda at üstündäki jigitler oýny at sport bäsleşikleriniň iň meşhur oýunlarynyň biridir. Çapyp barýan atyň üstünde atçylaryň ýerine ýetirýän çylşyrymly gimnastiki maşklar – atyň üstünden eýlä-beýlak bökmek, ýerden ownuk zatlary almak ýigidi harby maksatlar üçin, şeýle hem dürli toýlarda guralýan sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň ajaýyp serişdesi bolup durýar.

sportunyň çylşyrymly görnüşlrini biri hem atlaryň we çapyksuwarlaryň örän berk taýýarlygyny talap edýän at çapdyrmak bolup durýar. At çapdyrmasy, esasan hem, diňe bir bedewiň tiziligini kesgitlemän, eýsem onuň çydamlylygyny hem kesgitleýär. Sebäbi at çapyşyklary birnäçe müň metr, onlarça müň metrden birnäçe kilomatr aralyklar ýaly, birnäçe aralyklara bölünýär. Bu babatda türkmen ahalteke atlarynyň dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Muňa mysal näçe diýseň bar. Olaryň biri 1935-nji ýylda geçirilen atly ýörüşidir. Şol sapar türkmen atşynaslary ahalteke bedewi bilen Aşgabat Moskwa arlygyny - 4300 kilometri geçmegi başardylar.Özi hem şol atly ýňrişde „behişdi“ bedewlerimiz Garagumyň ahyrsyna-bärsine göz ýetmeýän çöllügini bar-ýogy 3 günüň dowamynda geçmegi başardylar. Bu bolsa bu bedewletiň adatdan daşary çydamlylygyny tizliginii görkezýär.

zaman atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy bilen türkmenistanlylar atçylyk sportunyň ýokarda görkezilen görnüşleriniň ählisini doly özleşdirmäge mümkinçilik aldylar. Sebäbi atçylyk sporty bilen meşgullanmak adama beden taýdan ösmäge, şeýle hem özüňe wepaly dosty tapynmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredýär