Ï Biziň üstünligimiz “Awaza” diýlip atlandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Biziň üstünligimiz “Awaza” diýlip atlandyrylýar

view-icon 804
Moskwanyň “Lužniki” sport toplumynyň kiçi arenasynda 20-nji aprelde geçirilen Halkara çagalar festiwalynda türkmen figuristleri ikinji orny we Tans sunagaty üçin kubogy eýelemegi başardylar.

Türkmen figuristlerniň 16-sy bu sport baýramçylygyna ilkinji gezek gatnaşyp, “Awaza” tans kompozisiýasy bilen çykyş etdiler. Ony goýan horeograf-oýun goýjy Erika Kurbanowadyr. Biziň türgenlerimiziň üstünlik gazanmaklarynda tälimçiler Karina Mowsesýanyň, Flýura Karimowanyň we Jennet Durdyýewanyň mynasyp goşantlary bardyr.Türkmen figuristler bäsleşikden daşary hem bu ýere gelen tomaşaçylary haýran galdyran şowhunly “Küşt depdi” tansyny görkezdiler.


Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebinde türgeleşýän ýaşlar bu festiwala geçen ýylyň oktýabr aýynda bu festiwaly esaslandyran Olimpia oýunlarynyň üç gezek çempiony, on bir gezek dünýä çempiony,figuralaýyn typmak boýunça Ýewropanyň on gezek çempiony, RF Döwlet Dumasynyň deputaty Irina Rodninayň özünden aldylar. Şonda bu meşhur türgen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Aşgabatda geçirilen VII Forumnyň işine gatnaşypdy.Ol şonda seksiýalaryň birine başlyklyk etdi.


Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşler Kögüne baryp görmek bilen, we ýaş türkmen figuristleriniň ýokary derjesine haýran galýandygyny aýytdy, onuň kompozisiýasynyň we türgenleriň herketleriniň we türkmen milli sazy bilen ajaýyp utgaşýandygyny belledi.

Buzuň üstündäki Halkara çagalar tanslar festiwaly gyzyklanma bildirýän toparlar üçin iň iri çäredir. Onuň iň ýaş gatnaşyjysy 4 ýaşynda, iň ulusy bolsa 17 ýaşynda. Her ýylda oňa Russiýanyň dürli oblastlaryndan, şeýle hem GDA we ýewropa ýurtlarynyň studiýalarynyň 20-den gowragy gatnaşýar. Olar bir wagtyň özünde 60-a çenli adam goşulşyp bilýän uly spektakllary goýýarlar.