Ï Halkara bilermenleri Türkmenistanyň dünýä atşynaslygynda barha artýan ornuny ykrar edýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara bilermenleri Türkmenistanyň dünýä atşynaslygynda barha artýan ornuny ykrar edýärler

view-icon 734
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisine gatnaşdy

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisi boldy.

2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy birnäçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohumyny kämilleşdirmäge hem-de görnükli hil häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşýän atşynaslaryň özara gatnaşyklarynyň netijeli görnüşi boldy. Assosiasiýanyň agzalarynyň agzybirlikli işi bütin dünýäde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we wagyz etmek üçin hem-de ilkinji nobatda dünýä medeniýetiniň özboluşly hadysasy hökmünde ahalteke bedewlerini gorap saklamak we onuň ähmiýeti üçin täze şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa guramanyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bellenilen esasy düýpli wezipeleriniň biridir.

Her ýyl assosiasiýanyň Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlislerinde assosiasiýanyň işiniň jemlerine we hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalaryna, iş ýüzünde gatnaşyk etmegiň anyk meselelerine garalýar. Kärdeşleriň we hünärmenleriň şular ýaly duşuşyklary bilelikdäki tagallalara täze itergi berýär, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar we täze hyzmatdaşlyk taslamalary, möhüm taglymlar we işewür gatnaşyklary bilen baýlaşdyrýar.

Şu gün kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasy nobatdaky maslahata gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk bezeginde garşylady. Bu ýerde hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň daşary ýurtlardaky we ýurdumyzdaky agzalary, Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň işgärleri, şeýle hem daşary ýurtly we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynyň öňünde saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Myhmanhananyň eýwanynda milli Liderimizi mejlise gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar. Bu ýerde maslahata gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hormatly Prezidentimiz bilen surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz we bu ýere ýygnananlar “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna geçýärler.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylar bilen birlikde tegelek stoluň başynda öz orunlaryna geçýärler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp we mejlisi açyk diýip yglan edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna ýüzlendi.

Milli Liderimiz hemmeleri Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadançylyk, atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini bütin dünýäde wagyz etmek boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi, Türkmen bedewiniň baýramy soňky ýyllarda halkara derejesine eýe boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan etdi, oňa milli we dünýä derejesinde ahalteke atçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň strategiýasyna degişli möhüm meseleler girizildi. Olaryň hatarynda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, pudagyň netijeli işiniň usullaryny agtarmak meseleleri, şeýle hem ony işgärler bilen üpjün etmek hem-de maglumatlar arkaly goldamak meseleleri bar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düzüminde dünýäniň 25 ýurdundan 112 agza bar. Assosiasiýanyň agzalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygy bizi guwandyrýar. Biz şu gün hem assosiasiýanyň täze agzalaryna şahadatnama gowşurarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti assosiasiýanyň döredilmeginiň taryhyna nazar aýlamak bilen, bu guramanyň binýadyny görkezme beriji resminamalaryň esasynda däl-de, bu ugurda öz işiniň hakyky ussatlary bolan hünärmenler bilen ylalaşyp kabul edilen, pudagy ösdürmegiň möhüm wezipelerinden ugur alýan resminamalaryň we iş ýüzündäki çözgütleriň esasynda döretmegiň göz öňünde tutulandygyny belläp geçdi.

Bu babatda döwlet Baştutanymyz geçirilen işleriň tapgyrlaryny beýan edýän, ilkinji nobatda, türkmen atçylygyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň bu ugurdaky hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak üçin tejribe alyşmak hem-de täze maglumatlar ýaýlymlaryny bellemek bilen baglanyşykly käbir pursatlaryň üstünde durup geçdi.

Milli Liderimiz möhüm wakalaryň hatarynda 2012-nji ýylyň oktýabrynda türkmen atbakarlaryndan, seýislerinden we çapyksuwarlaryndan ybarat bolan toparyň Fransiýanyň “Lonşan” aýlawynda geçirilen “Ark de triumf” meşhur at çapyşyklaryna gatnaşandygyny belledi, şonda mälim bolşy ýaly, türkmen çapyksuwarlary hem ilkinji gezek çykyş etdiler.

Şol wakalaryň hatarynda 2013-nji ýylyň fewralynda we martynda geçirilen “Sroda Horse Spring” we Germaniýada “EKWITANA” sergilerine, Belgiýada şunuň ýaly gözden geçirilişe Türkmenistanyň üstünlikli gatnaşmagy bar. Şol döwürde türkmen hünärmenleriniň Türkiýe Respublikasyna we Birleşen Arap Emirliklerine iş saparlary boldy. Bu saparlaryň tanyşdyryş çärelerinden başga hem aýdyň iş ýüzündäki ugry bardyr hem-de halkara derejesinde iri atçylyk sport çärelerini we at çapyşyklaryny geçirmegiň tejribesini, daşary ýurtly kärdeşlerimiziň beýleki öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmegi göz öňünde tutýar.

Ukrainanyň we Belarus Respublikasynyň döwlet sirklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem uly üstünlige eýe boldy, bular ahalteke bedewleriniň we türkmen çapyksuwarlarynyň muşdaklarynyň göwnüni göterdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Türkmenistanda neşir edilýän “Behişdi ahalteke atlary” atly žurnal ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça biziň işimizi maglumatlar arkaly goldamak babatda möhüm orny eýeleýär.

Assosiasiýanyň we türkmen atşynaslarynyň işini beýan etmek we giňden wagyz etmek maksady bilen, Internetde biziň ýurdumyzda ahalteke atçylygynyň we atçylyk meselesi bilen baglanyşykly ähli wakalary giňden beýan edýän ýörite saýt döredildi.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow assosiasiýanyň agzalaryna ýüzlenip häzirki wagtda bu guramanyň öňünde durýan esasy wezipeleri belledi.

Bu wezipeler, ilkinji nobatda, dünýäde ahalteke bedewlerini wagyz etmegiň täze usullaryny gözlemek, şeýle hem behişdi bedewleriň köpeldilýän ýurtlarynyň ählisinde arassa ganly atlaryň hasabynyň ýöredilişine gözegçiligi üpjün etmek bilen baglydyr. Bu wezipelere halkara atçylyk-sport ýaryşlaryny guramak, halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň nazary taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genetiki gorlaryny aýawly gorap saklamak meseleleri hem degişlidir.

Ahalteke atçylygynyň häzirki ösüşini onuň taryhyny, tohumynyň gelip çykyşynyň gadymy köklerini, tebigat we geografik aýratynlyklary bilen şertlendirilen köp häsiýetlerini, şeýle kämil jandary döredip bilen türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny hasaba almazdan göz öňüne getirip bolmaz.

Ahalteke bedewleriniň öz gozbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýandygy barada aýdanymyzda, biz bu ajaýyp atlaryň belli bir çäklerde ösendigini we kämilleşendigini, türkmen halkynyň durmuşynyň özgerýän şertlerinde ykbaly halkymyz bilen aýrylmaz bagly bolan bu atlaryň kemala gelmeginde gutulgusyz özgermeleri hem göz öňünde tutýarys.

Bu babatda döwlet Baştutanymyz şeýle uzak wagtyň dowamynda bu bedewleriň saklanyp galan we biziň günlerimize gelip ýeten, örän seýrek duş gelýän gymmatly we özboluşly aýratynlyklaryny hem belläp geçmek bilen mejlise gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu ahalteke bedewleriniň kemala gelmeginiň iň täsin aýratynlyklarydyr, ol diňe bir taryhçylaryň däl, eýsem, häzirki döwürde atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenleriň hem üns bermeli meselesidir.

Köp babatda, şol aýratynlyklaryň netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýäde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde öňdebaryjy orny ynamly eýeleýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Şoňa görä-de, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda Türkmenistany atçylyk sportunyň ykrar edilen halkara merkezine öwürmek üçin ähli çäreler görülýär we zerur şertler döredilýär.

Biz mundan beýläk-de dürli ýurtlardan tejribeli hünärmenleri, öz işini bilýän we söýýän adamlary atçylyk sportuny ösdürmäge giňden çekeris, olaryň türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyna, arassa ganly atlar hökmünde türkmen ahalteke bedewleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şu maksatlardan ugur alyp, biziň wezipämiz, öňküsi ýaly, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky işeňňir, öz işine berlen, tejribeli we ussat hünärmenleri ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere giňden çekmekden we olaryň türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklaryna ýardam bermekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Bu ugurda biz tohum atlaryň saýlama görnüşleri hökmünde türkmen ahalteke bedewleriniň derejesini has-da ýokary götermegi, atçylyk-sport guramalaryny ýokary hilli atlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Şonuň bilen birlikde, öňki döwürlere garanyňda, häzirki zaman atçylyk sporty köp babatda atlara baş öwretmäge, olary seýislemäge ýokary talaplaryň bildirilýändigi bilen tapawutlanýar. At münmek boýunça türkmen milli sungatynyň ýeten derejeleri, gazanan üstünlikleri köp babatda daşary ýurtlaryň ýeten derejelerinden ýokarydyr. Ýöne, köplenç, bu ugurda gazanylan üstünlikler doly açylyp görkezilmeýär. Sebäbi, käbir halatlarda ata baş öwretmek, ony seýislemek boýunça halkara talaplary tomaşaçylara hemişe gyzykly bolup durmaýan, olary özüne çekmeýän maşklary ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Elbetde, dürli ýurtlarda atçylyk-sport ýaryşlarynyň öz milli aýratynlyklary, özboluşly taraplary bar, ol şeýle hem bolmaly diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ähli ýerde atçylyk sportunyň diňe nusgawy görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmegi talap etmek, elbetde, ýalňyş bolardy diýip belledi.

Türkmenistanda örän köp sanly tomaşaçylaryň, janköýerleriň gatnaşmagynda atçylyk-sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigi ýaryşlaryň bu görnüşiniň halkymyzyň arasynda ägirt uly meşhurlyga eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ussat tälimçileri we çapyksuwarlary taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ugurda sport-tehniki çäreler we beýleki netijeli işler geçirilýär. Türkmen atçylyk sportuny dünýä derejesinde mynasyp orna çykarmak üçin bizde döredijilik ylhamy hem, döredijilik hyjuwy hem ýeterlikdir. Esasy zat bolsa, atçylyk sportuny ösdürmek arkaly beden taýdan sagdyn, belent ruhly we gujur-gaýratly nesli terbiýelemek boýunça biziň öňde goýýan maksadymyz üýtgewsiz bolmagynda galýar.

Bedew atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, at çapyşyklaryny geçirmegiň hilini ýokarlandyrmak üçin, atlary sport ýaryşlarynyň üsti bilen synagdan geçirmegiň täze görnüşlerini ornaşdyrmak maksady bilen, biz ýurdumyzda uzak aralyga at çapyşyklaryny guramak we atly päsgelçiliklerden geçmek (konkur) boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürdük. Biz geljekde ýurdumyzda bu ýaryşlary geçirmegi göz öňünde tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

gezeginde Türkmenistan hem halkara atçylyk sportuny täze, gyzykly ýaryşlar bilen baýlaşdyrmaga çalyşýar. Biz Ýewropada we dünýäniň beýleki sebitlerinde geçirilýän islendik ýaryşlarda çykyş etmäge taýýardyrys. Bu ýaryşlarda ýeňiş gazanjakdygymyza biz pugta ynanýarys we bu ynamy geljekde iş ýüzünde subut ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu ýaryşlara gatnaşmak ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de ahalteke bedewlerini dünýäniň atçylyk sporty bazaryna çykarmaga ýardam eder. Biz bu ugurda iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek arkaly entek köp işleri amala aşyrmalydyrys. Ýöne, eýýäm häzirki döwürde hem türkmen atçylyk sporty dünýä derejesinde üstünlikleri gazanmaga tarap möhüm ädimleri ädýär.

Bu ýerde gürrüňiň diňe bir türkmen atçylyk sporty barada däl-de, atlary türgenleşdirmek we seýislemek boýunça gadymdan gelýän milli däplerimiz barada barýandygyny aýratyn bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň atçylyk sungatymyzyň milli mekdebinde bu däplere diňe bir atlary seýislemek hökmünde garalman, eýsem aty hem, adamy hem terbiýelemegi göz öňünde tutýan özara baglanyşykly terbiýe, ýörelge hökmünde garalypdyr.

Bu ýörelgeler özeninde ruhy we pelsepewi esaslara daýanýar. Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlaýan işlerinde beýan edilişi ýaly, olaryň mazmunyna çuňňur göz ýetirip baha berip bolýar. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda biz atçylyk sungaty boýunça milli däplerimizi diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän ähli merkezlerinde aýawly saklamaga we ösdürmäge çalyşýarys diýip nygtady.

Bu ajaýyp däplerimiz dünýäniň dürli ýurtlaryndaky öz käriniň ussady bolan atçylarda örän uly gyzyklanma döredýär we olaryň ünsüni özüne çekýär. Dürli ýurtlardan bu pudagyň ussat hünärmenleriniň Türkmenistana iş saparlary bilen ýygy-ýygydan gelmegi soňky ýyllarda biziň atçylyk sungaty boýunça milli däplerimize gyzyklanmanyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenler seçgi-tohumçylyk işi bilen meşgullanýan halk seýisleriniň beýik sungat eseri bolan ahalteke bedewlerini dünýä peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak bu bedewleriň arassa ganlylygyny we olaryň ähli ajaýyp häsiýetlerini saklap galmagy hem başardylar. Ahalteke bedewleriniň bu ajaýyp häsiýetleri aýlawlarda geçirilýän sport ýaryşlaryndaky synaglarda hem, dünýä belli tohum atlaryň hilini gowulandyrmak boýunça geçirilýän seçgi-tohumçylyk işlerinde hem ençeme gezek tassyklandy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak biziň öňümizde durýan esasy wezipeleriň biri bolmagynda galýar diýip belledi we pudagy ösdürmek maksady bilen birnäçe çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Ol işler Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ahalteke bedewini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen häzirki zaman tohum atlar toplumyny gurmagy, dünýä ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyrylan bu tohum atlar toplumynyň golaýynda atçylar üçin ähli amatlyklary bolan şäherjigi döretmegi, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň ýanynda Okuw-usulyýet merkezini döretmegi, şeýle hem, ýurdumyzda weterinariýa işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, ähli halkara talaplaryna laýyk gelýän, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Karantin-weterinar merkezini gurmagy öz içine alýar.

Bu işleriň aýratyn ugurlary hökmünde hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen ylmy barlaglary alyp barmagy, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny aýawly saklamaga we olaryň dünýäniň atçylyk sporty ulgamyna has işjeň goşulmagyna, ahalteke bedewleriniň sport ugrundaky beýleki tohum atlaryň arasynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen, şeýle hem bu ugurda ysnyşykly gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjek möhüm işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys diýip aýtdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalarynyň goldaw bermegi netijesinde, öňde goýlan ähli maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz assosiasiýanyň nobatdaky dördünji mejlisini 2014-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenýän günlerinde Aşgabat şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Türkmen bedewiniň baýramyna, şol sanda biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän dünýä atşynaslygynyň ýöriteleşdirilen görkezilişi bolan Halkara sergi ýarmarkasynyň açylyşyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen bedewiniň şanyna geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň hormatly myhmanlary bolmak bilen hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak arkaly siz asyrlaryň dowamynda türkmenleriň hakyky sungat derejesine ýetiren gadymy senedi bolan atçylygy ösdürmäge biziň ýurdumyzda nähili uly üns berilýändigine göz ýetirersiňiz. Şeýle hem halkymyzyň behişdi bedewlere nähili derejede mähir bilen garaýandygyna we olary söýýändigine göz ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwürde bu pudagy ösdürmek üçin iş ýüzünde uly işleriň durmuşa geçirilýändigine hem baha berip bilersiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň mazmunly çykyşy foruma gatnaşyjylar we myhmanlar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi hem-de dowamly el çarpmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy dolulygyna gazetiň şu sanynda çap edilýär

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň işini dowam edip, pikir alyşmalara geçmegi teklip etdi hem-de bellenen meseleler boýunça çykyş etmäge çagyrdy. Ilki bilen Urugwaýyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Gilermo Lokharda söz berildi.

Jenap Lokhart halkara assosiýasiýasynyň agzalarynyň şu duşuşygyna gatnaşmaga çagyrlandygy üçin hoşallyk bildirip we hormatly Prezidentimizi hem-de ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza asylly başlangyçlary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Myhman Günorta Amerika atçylarynyň bileleşigine wekilçilik etmek bilen, bütin dünýäde täsin ahalteke atlaryny giňden wagyz etmek babatda Türkmenistanyň Baştutanynyň başyny başlan hereketini goldady.

G.Lokhart bu ýurtda her ýyl geçirilýän bedew bäsleşiginiň çäklerinde ahalteke bedewlerine taý ýokdugyny belläp, soňky ýyllarda Türkmenistandan örän uzakda ýerleşýän Urugwaýda hem dünýäde has gadymy bolan we arap hem-de nusgawy iňlis atlarynyň kemala gelmegine ep-esli täsir eden bu şöhratly atlara gyzyklanmanyň artýandygyny nygtady. Jenap Lokhart eýýäm özüniňem birnäçe ýyl bäri ahalteke atlarynyň, olaryň ynsan kibi duýgurlygynyň täsirinden çykyp bilmeýändigini gizlemedi hem-de bir gezek olaryň taryhy we gelip çykyşy barada okan pursadyndan başlap, bu tohum atlar bilen gyzyklanmagyny goýmaýar. Onuň meşhur nesillerini öwrenýär. Lokhardyň pikiriçe, hut ahalteke bedewleriniň genofondunda butin atçylyk sportunyň geljegi durandyr.

Munuň özi bedewe hakyky sarpa goýýanlar üçin çäkleriň we aralyklaryň ýokdugyny ýene-de bir gezek görkezýär, olar wagta bagly däldir we ahalteke bedewleri ýaly şeýle kämil bedewler bolsa oňa örän aýawly çemeleşilmegini talap edýär. Bu babatda myhman arassa ganly behişdi bedewleri saklamagyň eke-täk guramaçylykly ulgamy hökmünde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny ösdürmegiň olaryň öçmejek şöhratyny bütin dünýäde mundan beýläk-de ýaýratmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Soňra Çehiýa Respublikasynyň ahalteke atçylyk asossiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Petra Mareşowa söz berildi.

Hanym P.Mareşowa öz çykyşynyň başynda maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni ahalteke atlarynyň köpeldilýän ähli ýurtlarynda olaryň tohumynyň arassalygyny saklamak boýunça utgaşykly hereketleri güýçlendirmegiň möhümdigine çekdi. At eýeleriniň we seýisleriň habarlylygynyň, atşynaslara okuw geçilmeginiň häzirki wagtda öňkülerden has wajypdygy barada aýtdy hem-de ol eger-de öňler atçylyk hünärmenleriň az böleginiň işewürligi bolan bolsa, onda häzir ahalteke bedewleriniň köp bölegi ýörite bilimleri ýeterlik bolmadyk höwesjeňlerde jemlenýär diýip belledi.

Hut şonuň üçin men dünýä seýisleriniň, bu tohum atlaryna hakyky wepalylaryň arasynda köpri bolup durýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň derejesini we ornuny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalaryny tüýs ýürekden goldaýaryn. Hut şu işleri ösdürmek meselelerine uly üns berilmegini talap edýär diýip, Petra Mareşowa aýtdy.

Şu günki baýramçylyk günlerinde Türkmenistanda geçirilýän pikirdeşleriň we hemaýatkärleriň şunuň ýaly her ýylky duşuşygy diňe bir ýokary hünär derejesinde pikir alyşmaga gymmatly mümkinçilik bermän, eýsem-de, ol şeýle pikirdäki ähli adamlar bilen öz taryhy Watanynda behişdi bedewlere buýsanjyňy beýan etmäge bolan ajaýyp delildir.

Hanym P.Mareşowa ahalteke atçylygynyň iň oňat däplerini dikeltmäge goşan beýik goşandy üçin türkmen milletiniň Liderine ägirt uly we çäksiz hoşallyk bildirdi. Onuň nygtaýşy ýaly, bu gün türkmen döwletiniň Baştutanynyň goldawy netijesinde bu pudakda alnyp barylýan işler dünýä möçberli wakalara täsir edip, täze derejä çykýar. Ahalteke bedewleriniň we türkmen halkynyň bagtly geljegine tüýs ýürekden ynanýandygyny aýtmak bilen, Petra Mareşowa atçylyk babatda gatnaşyklaryň halkara gatnaşyklaryny ösdürmegi özüçe baýlaşdyrýandygyny, sebäbi işewür gyzyklanmak bilen bir hatarda, türkmen halkynyň öz bedewlerine bolan söýgüsinde beýan edilen uly ruhy gymmatlyklara eýedigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly atçylyk işewürliginiň wekillerine mähirli sözleri we seslenmeleri, gyzykly hem-de mazmunly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, atçylyk assosiasiýalarynyň we hususy adamlaryň bu gurama girmäge islegini makullamak bilen, Türkmenistanyň geljekde-de atlaryň bu tohumyny ösdürmek boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalarynyň işini işjeň goldajakdygyny nygtady, şol guramanyň hatary bolsa yzygiderli artýar.

Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy asylly maksatlar üçin bilelikde işlemäge mähirli ak pata berip, assosiasiýa kabul edilen guramalaryň wekillerine assosiasiýa agzalygy tassyklaýan güwänamalary gowşurýar. Täze agzalaryň hatarynda şu ýurtlaryň atçylyk düzümleri bar – “Pegasus Farms Ltd” (Irlandiýa), “Ahalteke Action and Competition” (Fransiýa Respublikasy), “Sky Group Slovakia S.R.O.”(Slowakiýa Respublikasy), “Duralock (UK) Limited” (Beýik Britaniýa), “Dakor” (Gazagystan Respublikasy), “Italiano Allevatori Akhal-Teke Uniwerso Akhal-Teke” (Italiýa Respubliakasy), “Akhal-Teke Association of America” (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), “Ýüpek ýoly” (Täjigistan Respublikasy) .

Dabaranyň ahyrynda halkara atçylyk sporty federasiýasynyň /Federation Eguestre Internationale, FEI/ ösüş boýunça direktory hanym Jaklin Bressana söz berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýän FEI at çapmak, päsgelçilikden geçmek we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek babatda eýe-täk abraýly edara bolup durýar. Ol 1921-nji ýylda döredilip, şu günde özünde milli federasiýalaryň 132-sini birleşdirýär.

Çykyşynyň başynda hanym Bressan FEI-niň ýolbaşçylygynyň, bu guramanyň prezidenti şagyzy Haýýa Bint Al Husseýniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň işine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik we çakylyk üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanda özüniň ilkinji gezek bolýandygyny we türkmen paýtagtynyň gözelliginiň täsir galdyrandygyny belläp, myhman ygtybarly döwlet syýasatyny alyp barýan milli Lideriň ýolblaşçygynda biziň ýurdumyzyň öz ösüşinde belent sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirdi. Muňa milli mirasy gorap saklamaga berilýän ünsüň örän ýokary derejesi hem şaýatlyk edýär. Onuň bir bölegi hökmünde bolsa ahalteke bedewlerine we ähli ugurlar boýunça, şol sanda atçylygy we atçylyk sporty pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek çykyş edýär.

Myhman maslahatyň münberinden bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, atçylyk sportuny ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmk boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlanan giň möçberli işler bilen tanyşmak geljekde biziň ýurdumyzyň iri halkara ýaryşlaryna we çempionatlaryna gatnaşyp biljekdigine ikirjiňlenme döretmeýär diýip aýtdy. FEI-iň wekiliniň pikirine görä, Türkmenistan sebitde we dünýäde atçylyk sportuny wagyz etmekde uly orny eýeläp biler, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işde bitiren hyzmatlaryny, bu ulgama üns we goldaw berýändigini, dürli ýurtlaryň atçylyk-sport guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýändigini nygtady.

Soňra hanym Žaklin Bressan bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmasy astynda hormatly Prezitentimize Türkmenistanda atçylyk sport hereketini ösdürmekde goşan uly şahsy goşandy uçin Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň diplomyny we ýadygärlik nyşanyny gowşurýar.

Döwür häzirki zaman atçylyk sportuna aýratyn talaplary öňe sürýär, onuň kadalaryny bir ülňä getirmek bu ugurda geçirilýän işleri utgaşdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmegi, çapyksuwarlaryň, tälimçileriň we eminleriň hünär taýýarlyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri kabul etmegi talap edýär. Bu babatda FEI bilen arkalaşykly hereket etmek türkmen çapyksuwarlarynyň hünärini ýokarlandyrmak, olaryň we türkmen bedewleriniň daşary ýurtlardaky dürli ýaryşlara has işjeň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Soňra “Reed Exhibitions” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, “Eguitana” halkara atçylyk sergisiniň direktory jenap Hans Ioahim Erbele söz berildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisine we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly V halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga berlen çyakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, jenap Erbel bedewlere bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanda örän ýokary derejede we giň gerim bilen geçirilýändigine haýran galýandygyny aýtdy.

Özüniň 40 ýyllyk taryhy bolan “Eguitana” sergisiniň ýolbaşçysy hökmünde men dünýäniň atçylyk işinde halkara ugurlaryny we kanunalaýyklaryny örän aýdyň göz öňüne getirýärin diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol güýçli hyzmatdaş hökmünde halkara atçylyk bazaryna çykmagy üçin özüniň Türkmenistanda uly mümkinçilikleri görýändigini belledi. Şeýle hyzmatdaşlyk köp babatda bu pudakdaky mundan beýläkki ösüşleri kesgitlär. Ahalteke bedewleriniň şöhraty bireýýäm Türkmenistanyň çäklerinde çykdy we bu gün ol täzeden galkynýar. Şunda bolsa Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şahsy goşandy bar. Milli Lideriň döwlet ýolbaşçysy hökmünde guramaçylyk zehini we bedewlere bolan çäksiz söýgüsi şöhratly ahalteke bedewleriniň ajaýyp geljegine kepil bolup durýar.

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýanyň Essen şäherinde geçirilýän “Eguitana” sergä gatnaşmagynyň biziň ýurdumyzyň atçylyk ulgamyny, atçylyk sportyny we atçylyk syýahatçylygyny ösdürmegiň geljegini halkara köpçüligine giňden görkezmäge mümkinçilik berendigini belläp, jenap Erbel Türkmenistanyň Prezidentini we biziň ýudumyzyň atşynaslar hem-de çapyksuwarlar toparyny 2015-nji ýylda Bütindünýä atçylyk ýarmarkasynyň çäklerinde geçiriljek nobatdaky iri gözden geçirlişe gatnaşmaga çagyrdy.

Ahalteke bedewleriniň abraýyny artdyrmakda, türkmen atçylyk sportunyň giň halkara derejesine çykmagynda türkmen Lideriniň bahasyna ýetip bolmajak ornuny ýene bir gezek bellemek bilen, “Reed Exhibitions” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we “Ekwitanynyň” başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň gadymy at tohumlarynyň biri bolan ahalteke bedewlerine berýän yzygiderli ýardamy, şeýle hem Aziýada atçylyk syýasatynyň ösmegi üçin edýän taýsyz goldawy üçin bu guramalaryň hormat baýragynyň hem-de ýadygärlik nyşanynyň gowşurylýandygy barada habar berdi.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz ahalteke atçylygyny hem-de atçylyk sportuny ösdürmek babatda alyp barýan işine ýokary baha berlendigi we halkara atçylyk sporty federasiýasynyň hem-de “Ekwitana” atçylyk sergisiniň hormatly diplomlarynyň we ýadygärlik nyşanlarynyň gowşurylandygy üçin Žaklin Bressana we Hans Ioahim Erbele tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Men bu ýokary sylaglary ahalteke bedewleriniň taryhy watany bolan Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, biziň güneşli ülkämiziň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan işimize berlen ýokary baha hem-de bu pudagyň halkara derejesinde ykrar edilmegi hökmünde kabul edýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine we myhmanlara bütin dünýäde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga, tohumçylyk işini kämilleşdirmäge we bu ulgamda iň gowy tejribäni ýaýratmaga gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň III mejlisiniň tamamlanandygyny yglan edýär. Bu çäre bütin dünýäde meşhur atlaryň tohumyny ösdürmek, täze şertlerde bu bilelikdäki işiň binýadyny berkitmek hem-de atçylyk we atçylyk sporty babatda iri halkara merkezine öwrülýän Türkmenistanyň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de berkitmek boýunça amala aşyrylýan bitewi strategiýany durmuşa geçirmekde ýene-de bir möhüm edim boldy.

***

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisi tamamlanan soň, milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Dünýä atşynaslarynda, atçylyk ulgamyna degişli hünärmenlerde, şeýle hem ahalteke bedewlerine gadyr goýýan alym-ippologlarda uly gyzyklanma döreden bu çäre ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisiniň geçirilmegi, şeýle hem Aşgabatda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” halkara ylmy maslahatynyň we sergi--ýarmarkanyň guralmagy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “açyk gapylar” syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan şanly wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň barşynda ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilikli oňyn syýasatynyň dabaralanmagyny şertlendirýän çäreleri amala aşyrmagyň möhümdigini belledi, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösüş depgininiň işjeň häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşykly birnäçe meseleleriň üstünde durup gpeçdi.

Mälim bolşy ýaly, halkymyz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýandygyny we dünýäde deňi-taýy bolmadyk,meşhur tohumdaky atlary döredendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz mundan beýläk-de milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy, bu ulgamdaky işleriň yzygiderli kämilleşdirilmegi ugrunda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň şanyna guralýan halkara we medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Liderimiz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.