Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly Kun Minneni we meşhur “Beretta” italiýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Franko Gusalli Berettany kabul etdi. Olar Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Myhmanlar türkmen döwletiniň Baştutany bilen görşüp, duşuşmaga döredilen mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirdiler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu günler giňden bellenilýän umumymilli baýram bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyny şertlendiren oňyn syýasaty durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdiler.
Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasat stratigiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň dünýä işewürliginiň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini nygtady.
Duşugygyň barşynda işewürler Ýewropanyň, şol sanda Italiýanyň işewür toparlarynyň ýurtda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler esasynda okgunly ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady kuwwaty we amatly maýa goýum ýagdaýy dünýä işewürliginiň wekilleri bilen Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin üly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutamyz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly Kun Minne we meşhur “Beretta” italiýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Franko Gusalli Beretta baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikler, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.