Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministiriniň geňeşçisi emir Muhammet Ben Saad Ben Halid Al-Saudy kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza geldi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Saud Arabystanynyň Patyşasy Abdalla Ben Abdel Aziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli gutlag sözlerini ýetirdi. Şunda Saud Arabystanynda Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga uly sarpa goýulýandygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi we mähirli salamyny ýollady. Ilkibaşdan birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň kanagatlanmak bilen belledi.
Duşuşugyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we myhman iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda ileri tutulýan ugurlar bolan söwda-ykdysady we ynsanperwerlik – medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatynyň hem-de oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada hem özara gyzyklanma bildirip pikir alyşyldy. Türkmenistanda hem, Saud Arabystanda hem bu ulgamlaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ugurda biziň ýurdumyzda geçirilýän işleriň netijelerine haýran galýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň ýadawsyz aladasy netijesinde Türkmenistanda iň häzirki zaman atçylyk sport toplumlary guruldy, gadymy milli atçylyk däplerini dikeltmäge, bütin dünýäde meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen ädimler ädilýär.
Duşugygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministiriniň geňeşçisi iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyny ynam bildirdiler.