Ï Türkmenistanyň Prezidenti Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklarynyň professoryny hem-de “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklarynyň professoryny hem-de “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 758
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklarynyň professory Ýoşiaki Sasakini, şeýle hem “Çalyk Holding” türk kompaniýalar toparynyň müdirýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Olar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen görşüp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, baýramçylyk dabaralaryna çakylygyň özleri üçin uly hormat bolup durýandygyny aýtdylar.

Professor Ýoşiaki Sasakiniň belleýşi ýaly, bütin dünýäde bolşy ýaly, Ýaponiýada hem öz oňyn döredijilikli syýasaty bilen ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistana, türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine, onuň gadymdan gelýän özboluşly däplerine uly gyzyklanma bildirýärler.

Biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan we ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen iri möçberli taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň nygtady.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlara gutlaglary hem-de mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti ösdürmäge, türkmen halkynyň ruhy-medeni we maddy baýlyklaryny aýawly saklamag we artdyrmaga tarap alan ugrunyň dünýä ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryny giňden çekmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady. Şolary bolsa özara bähbitlilik esasynda daşary ýurt kompaniýalary teklip edip biler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesi, şol sanda innowasion tehnologiýalary işläp düzmek we ornaşdyrmak babatda toplan tejribesi biziň ýurdumyzda giňden ulanylyp bilner, türkmen tarapy ýapon hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyr.

Birnäçe ugurda, şol sanda elektrik energetikasy ulgamynda üstünlikli ösýän özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň täze düzümleýin desgalarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň häzirki zaman hem-de ösen energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilendigini belledi.

Myhmanlar mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändiklerini beýan etdiler.