Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Strabag SE” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Strabag SE” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

view-icon 879
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow Awstriýanyň “Strabag SE” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary jenap Tomas Birteli kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi milletiň öz ruhy däplerine we ajaýyp milli mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan milli baýramçylyk bilen gutlady hem-de milli Liderimize iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Bu gün ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanda bolmaga özüniň şatdygyny belläp, işewür Awstriýanyň kompaniýalarynyň biziň ýurdumyz bilen ilkinji nobatda türkmen bazarynyň uly geljegi bilen şertlendirilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge örän ýokary gyzyklama bildirýändiklerini mälim etdi.

“Strabag SE” kompaniýasynyň wekili bilen gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň, şol sanda dostlukly Awstriýanyň öňdebaryjy ähli işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda işewür döwlet Baştutanymyzy senagat, edara ediş we durmuş maksatly binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalaryny gurmak boýunça ýöriteleşdirilen öz kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyrdy. Özara pikir alyşmalaryň çäklerinde milli Liderimiz we myhman ykdysadyýetiň gurluşyk, ulag we beýleki pudaklarynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň hasabyna özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Tomas Birtel hormatly Prezidentimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirdi hem-de “Strabag SE” kompaniýasynyň ynamdar we abraýly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.