Ï Çempion öňdeligi saklaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çempion öňdeligi saklaýar

view-icon 769
Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde geçirilen üç duşuşyk bilen şu gün futbol boýunça ýokary ligada Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyry badalga aldy.

Paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçen ýylyň birinjiliginiň bürünç baýragynyň hem-de Türkmenistanyň Superkubogynyň eýesi HTTU topary ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän “Daşoguz” toparyny kabul etdi. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň futbol topary bary- ýogy dört aý mundan ozal döredildi. Ýöne, eýýäm milli birinjiligiň ilkinji oýnunda şowly çykyş edip, ýurdumyzyň häzirki çempiony “Balkan” topary bilen Balkanabat şäherinde deňme-deň (1:1) oýnamagy başardy.

Bu gezek Ilgiz Abdrahmanowyň we Ýuriý Bordolimowyň şägirtleri has tejribeli bäsdeşlerine mynasyp garşylyk görkezip bilmediler. Duşuşygyň 13-nji minutynda ýer eýeleriniň oýunçysy Furhat Tursunow hasaby açdy. Arakesmeden soň Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary “Daşoguz” toparynyň derwezesine ýene-de bäş jogapsyz pökgini geçirdiler. Şol pökgileri Akmyrat Jumanazarow (50-nji minutda), Ahmet Ataýew (73-nji minutda), Gurbangeldi Batyrow (82-nji minutda) we Süleýman Muhadow (87-nji we 90-njy minutlarda) öz hasabyna ýazdylar. Şeýlelikde, HTTU topary 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirilen beýleki bir duşuşykda “Ahal” we “Merw” toparlary deňme-deň oýnadylar (0:0).

Türkmenbaşy şäherinde ýerli “Şagadam” topary bilen “Balkan” toparynyň arasynda geçirilen duşuşyk hem deňme-deň tamamlandy (1:1). Bu ýerde myhmanlar ilkinji bolup hasaby açdylar. Duşuşygyň 50-nji minutynda “Balkanyň” goragçysy Ýagmyr Annamyradowyň depen pökgüsi derwezäniň sütünine degip, yza gaýtdy, ýöne Mämmedaly Garadanow pökgä ilkinji ýetişip, kellesi bilen pökgini derwezeden geçirdi. Şu çempionatda iň köp pökgi geçiren oýunçynyň bu eýýäm 7-nji pökgisidir. Ýer eýeleri oýnuň 73-nji minutynda hasaby deňlediler. Bu pökgini Ýunus Orazmämmedow geçirdi.

Netijede, “Balkan” topary özüniň iki duşuşygyny deňme-deň tamamlady. Ýöne, munuň özi öňa 11 utuk bilen öňdäki orny saklap galmaga päsgel bermedi. “Ahal” we “Merw” toparlary çempiondan bir utuk yza galýarlar.

Milli birinjiligiň 5-nji tapgyry 27-nji aprelde “Altyn asyr” – “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Talyp sporty” – “Aşgabat” toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.