Ï Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 700
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al – Fahad Al - Sabahy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Kuweýt Döwletiniň Emiri şeýh Sabah Al – Ahmad al – Jaber Al – Sabahyň salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. AOG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny bu umumymilli baýramçylyk bilen mähirli gutlady we şu günler Türkmenistana gelmäge mümkinçilik döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şonda şeýh Ahmad Al – Fahad Al -- Sabah Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň sport boýunça oňyn syýasaty ýöredýändigi bilen tutuş dünýäde belli bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Kuweýt Döwletiniň Emirine salamyny we iň oňat arzuwlaryny aýdyp, däbe öwrülen we ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşýan ikitaraplaýyn döwletara gepleşiginiň dostlukly häsiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň geljekde-de AOG bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, sport ulgamynda sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi maksat edinýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly we örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şeýh Ahmad Al – Fahad Al -- Sabah Türkmenistanyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmekde, sporta degişli döwrebap düzümi döretmekde gazanan uly üstünlikleriniň, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport maksatly desgalaryň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň haýran galdyrýandygyny aýtdy. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegine degişli meseleler barada aýratyn pikir alşyldy. Bu abraýly ýaryşlar türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherçesinde -- dünýä derejeli sport desgalarynyň iri toplumynda guralar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky halkara olimpiýa hereketiniň döredijilikli maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk Ýer ýüzünde parahatçylygyň we oňyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ýagdaý bolup durýar.