Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň oba hojalyk pudagynyň ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň oba hojalyk pudagynyň ministrini kabul etdi

view-icon 765
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň oba hojalyk, azyk we maldarçylyk ministri Mehdi Ekeri kabul etdi.

Myhman duşuşmak üçin wagt tapyp, göwnaçyklyk bilen kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we Premýer-ministr Rejep Taýip Ärdoganyň adyndan türkmen Liderine mähirli salamy ýetirip, türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlanmagy we ösüşi ugrundaky uly möçberli döwlet işinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi hem-de Türkiýäniň hökümet we işewür toparlarynyň şu ýyllarda milli ykdysadyýetde sazlaşykly ösüş depginini gazanýandygyny görkezýän doganlyk Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňat arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly we doganlyk ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna öz ýakymly salamyny aýdyp, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň özboluşly häsiýete eýedigini, Türkmenistan bilen Türkiýäni öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni-taryhy umumylygyň baglanyşdyrýandygyny hem-de däbe öwrülen we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Köp ýyllaryň dowamyndaky işewürlik gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşmagyň barşynda obasenagat toplumy işjeň hyzmatdaşlygyň oňaýly ugry hökmünde görkezildi. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurlan çörek önümlerini çykarmak boýunça önümçilik toplumy we ”Bereketli” söwda merkezi muňa aýdyň mysal bolup biler.

Jenap Mehdi Eker “behişdi bedewlere” uly sarpa goýýan türkiýelileriň adyndan türkmen döwletiniň Bştutanyna ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriniň netijeleriniň haýran galdyrýandygyny aýtdy hem-de bu meşhur bedewleriň şanyna Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Hoşlaşanlarynda döwlet Baştutany we myhman ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, taraplaryň özara peýdaly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ygrarly bolup galýandygyny tassykladylar.