Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Reed Exhibitions” kompaniýasynyň hem-de “Equitana”atly halkara atçylyk sergisiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Reed Exhibitions” kompaniýasynyň hem-de “Equitana”atly halkara atçylyk sergisiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 854
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düýn geçirilen III mejlisiniň işine hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly V halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen “Reed Exhibitions” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, “Equitana” halkara atçylyk sergisiniň direktory Hans Ioahin Erbeli kabul etdi.

Myhman kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýä medeniýetiniň täsin galdyrýan gudratyna – meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan wekilçilikli halkara forumlarynyň Aşgabatda üstünlikli geçirilmegi we Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň, şeýle hem“Reed Exhibitions” kompaniýasynyň hem-de “Equitana” halkara atçylyk sergisiniň hormatly baýraklarynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Jenap Hans Ioahin Erbel bu wakanyň türkmen Lideriniň ýöredýän oňyn syýasatynyň giňden ykrar edilýändigini görkezýän ýene-de bir alamat bolup durýandygyny we gymmatly milli genji-hazynany – ahalteke bedewleriniň gadymy tohumyny aýawly saklamagyň şol syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugruna öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistanda tohum atçylygyny we atçylyk sportuny ösdürmek, degişli düzümi döretmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna, tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine we şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda milli atçylyk toplumynyň dünýäniň atçylyk ulgamyna goşulyşmagyna, dünýäde türkmen halkynyň baý we özboluşly medeni mirasynyň we ajaýyp bedewleriň taryhy mekany bolup durýan ýurdumyzyň syýahatçylyk bilen bagly mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Jenap Erbel Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyk edilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, şu ýylda Ýewropada atçylyk we syýahatçylyk boýunça geçirilen halkara sergilerinde, şol sanda “Equitana - 2013” Bütindünýä atçylyk sportunyň ýarmarkasynda ýurdumyza üstünlikli wekilçilik edilendigini we şonda türkmen ekspozisiýasyna içgin üns berlendigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň mundan beýläk-de abraýly halkara gözden geçirilişlere - hususan-da, “Equitana – 2015” sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hoşlaşanlarynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aç-açan we gyzykly gürrüňdeşlik üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, “Reed Exhibitions” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin öz tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy we ýurdumyza geljegine uly umyt baglanýan hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny aýtdy.