Ï “Aşgabat” we “Altyn asyr” öňdäki orunlara golaýlaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Aşgabat” we “Altyn asyr” öňdäki orunlara golaýlaşýarlar

view-icon 757
Şu gün paýtagtymyzda geçriilen iki duşuşyk bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çsempionatynyň 5-nji tapgyry tamamlandy.

“Köpetdag” stadionynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi paýtagtymyzyň “Altyn asyr” we ýurdumyzyň birinjiliginde yzdaky orunda barýan “Bagtyýarlyk – Lebap” toparlary duşuşdylar. Oýnuň birinji ýarymy deň ýagdaýda geçdi we futbolçylar 0:0 hasabynda arakesmä çykdylar.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda tejribeli oýunçylar Didargylyç Urazow bilen Arif Mirzoýewiň futbol meýdançasyna çykmaklary bilen “Altyn asyr” has netijeli hüjüm edip, oýnuň 66-njy minutynda hasaby açdy. Pökgini Didar Durdyýew geçirdi. Şondan 6 minut geçenden soň Didargylyç Urazow hasaby ikä ýetirdi. Duşuşygyň 90-njy minutynda bolsa Guwanç Abylowyň geçiren pökgüsi bilen oýun 3:0 hasabynda “Altyn asyryň” peýdasyna tamamlandy.

“Aşgabat” köpugurly stadionynda “Aşgabat” topary bilen Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk hem 3:0 hasabynda tamamlandy. Bu duşuşykda hem “Aşgabat” toparynyň futblolçylary ähli pökgüleri oýnuň ikinji ýarymynda geçirdiler. Duşuşygyň 49-njy minutynda Boris Iwanow, 74-nji minutynda Elman Tagaýew we 94-nji minutda Guwanç Hangeldiýew tapawutlandylar.

Şu günki geçirilen şowly duşuşyklardan soň “Aşgabat” we “Altyn asyr” toparlarynyň her biri 9 utuk toplap (HTTU-yň hem şu möçberde utuklary bar) öňdäki orunlara golaýlaşdylar.

Çempionatda 11 utuk toplan “Balkan” toparynyň öňde barýandygyny ýatladýarys. “Ahal” we “Merw” toparlary ondan bir utuk yzda barýarlar.

Iň köp pökgi geçirenleriň arasynda 7 pögini geçiren Mämmedaly Karadanow (“Balkn”) öňde barýar. Ikinji we üçünji orunlarda Serdar Geldiýew (“Ahal”) we Süleýman Muhadow (HTTU) barýarlar. Olaryň her biri 4 pökgi geçirdi.

Çempionatyň 6-njy tapgyry 30-njy aprelde badalga alar: “Daşoguz” – “Aşgabat”, “Bagtyýarlyk-Lebap” – “Talyp sporty”, “Merw” – “Şagadam” we HTTU – “Ahal” duşuşarlar.