Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

view-icon 967
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini, şeýle hem “behişdi bedewleriň” keşbini beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen Ahalteke atçylyk toplumy bu gün baýramçylyk äheňinde özboluly bezelipdir. Bu iri atçylyk merkezinde bedewler üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Munuň özi Türkmenistanda tebigatyň we ata-babalarymyzyň döreden bu ajaýyplygyna uly hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň buýsanjy we gymmatlygy bolup durýan şöhratly ahalteke atlary täze taryhy eýýamyň ruhunyň, döredijiligiň we ösüşiniň belentligine Türkmenistanyň ýokary ymtylyşynyň nyşany bolup durýar.

Şu gün bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň, ýolbaşçylary, daşary ýurtlarda biziň ýurdumyza wekilçilik edýän türkmen diplomatlary, ýakynda Aşgabatda III mejlisi geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly V halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Türkmen bedewiniň baýramyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen hormatly daşary ýurtly myhmanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik intelligensiýasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar, hormatly ýaşulular we elbetde, ata Watanymyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Ahalteke atçylyk toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül çemenlerini gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnanynlar bilen mähirli salamlaşyp, baýramçylyk görnüşinde bezelen toplumyň çäklerine girýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy baharyň erkin şemalyna mylaýym parlaýar. Ähli ýerde türkmen toýunyň ruhy dabaralanýar, aýdymlar we sazlar ýaňlanýar, meşhur aýdymçylar, döredijilik toparlary, tans we halk döredijilik toparlary çykyş edýärler. Bu ýerde ahalteke atlaryna bagyşlanyp döredilen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyrylypdyr.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, ýerine ýetirijileriň ussatlygyna mynasyp baha bermek bilen, döwlet Baştutanymyz toplumyň münberine bardy we ýörite taýýarlanylan ýere geçdi.

Alypbaryjynyň dabaranyň başlanýandygyny yglan edýän sesi eşidilýär. Ol tutuş türkmen halkynyň adyndan milli Liderimize Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda alyp barýan köptaraply işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýar. Biziň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisiniň üstünlikli işi mynasybetli gutlag sözleri eşidilýär. Şeýle hem türkmen topragynyň dünýä beren milli gymmatlygy, halkymyzyň kalbynyň ganaty we toýlarymyzyň bezegi bolan bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy baradaky arzuwlar ýaňlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syn ediş meýdançysyna çagyrylýar. Ol ýerde milli Liderimiz ýurdumyzda atçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi, “behişdi bedewlerimiziň” dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi ugrunda edýän bimöçber aladasyna çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berilýän ajaýyp ahalteke bedewlerini kabul etdi.

Her sebitden iki sany hormatly ýaşlynyň we ýetginjegiň gatnaşmagynda ajaýyp bedewler meýdança çykarylýar. Häkim sowgat berilýän bedewiň pasportuny milli Liderimize dabaraly ýagdaýda gowşurýar. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň zähmetkeşleri döwlet Baştutanymyza bolan çuňňur hoşallygyny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan milli Liderimize Bagtyýar atly ajaýyp bedew we türkmen milli toý lybaslary sowgat berilýär. Dabarany alyp baryjy ähli atşynaslaryň adyndan döwlet Baştutanymyzdan milli toý lybasyny geýip, sowgat berlen bedewe atlanyp, çapuw ýodasyna çykmagy haýyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda çapyksuwaryň milli lybasynda meýdança gelýär. Milli Liderimiz bedewe atlanyp, at gezdirilýän meýdança çykýar. Topluma ýygnanan köp sanly tomaşaçylar bu pursatlara haýran galmak bilen syn edýärler. Milli Liderimiz tejribeli çapyksuwar hökmünde öz atynyň her bir ugra gönükdirilen hereketine beletlik bilen at üstünde özüni ussatlarça alyp barýar.

Şowhunly we dabaraly el çarpyşmalaryň astynda Bagtyýar atly bedewiň dürli hereketleri, göwün göteriji oýunlary, seýkin ýöremegi, diňe ahalteke bedewlerine mahsus ýagdaýda ýorgalamagy, çapyksuwarynyň emrine maýyl bolan bedewiň çarpaýa galmagy, gelşikli boýnuny dikeldip, şol bir wagtyň özünde aşak edip, märekä baş egmegi, aýaklary bilen ýer peşemegi dabara gatnaşyjylarda örän uly täsir galdyrdy. Şu pursatda bu tomaşalara syn edýänleriň köpüsi döwlet Baştunamyzyň geçen ýylda bedewe atlananyny ýatladylar. Şonda döwlet Baştutanymyz Berkarar diýen ata atlanypdy. Bu gün bolsa milli Liderimiz Bagtyýar diýen atyň üstünde. Bu iki adyň birleşmesinde aýratyn uly mayn bar. Olarda biziň häzirki zamanamyz-- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy duýulýar.

Soňra milli Liderimiziň ýanyna beýleki bir ajaýyp aty-- Akhany getirýärler. Bu ata hem atlanyp, döwlet Baştutanymyz syn ediş meýdançasynda ata birnäçe täsin hereketleri etdirp, aýlawyň çapyşyk meýdançasyna çykdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine baýramçylyk atly ýörişine taýýarlyk barada hasabat berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Ýaragly Güýçleriniň we Içeri işler ministrliginiň atly goşun harby bölümleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen atly ýigitleriň toparlarynyň wekilçilik edýän dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylaryň başyny çekip gelýän döwlet Baştutanymyz dabaraly ýörişi açýar.

Bu dabaraly ýöriş döredijilik joşguny bilen ganatlanan Türkmenistan döwletiniň täze eýýamynda belentliklere barýan ýolda ynamyny alamatlandyryp, ýurduň kuwwatyny we täze belent maksatlara ýetmäge bolan ynamly ädimlerini ýüze çýkarýar. Atlylaryň dabaraly hatary şöhratyň we ynsanperwerligiň, ahalteke atlarynyň iň mynasyp derejelerine kybap gelýän türkmen halkynyň iň oňat häsiýetleriniň özboluşly nusgasyny beýan edýär.

Bu ýerde türkmen bedewleriniň gözelligini wasp edýän aýdymlar ýaňlanýar. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki günlerde hem bedewleriň şanyna goşgular, aýdymlar düzülýär.

Biziň ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten halk döredijiliginiň hazynasynda möhüm orun eýeleýän toý aýdymlarynda, dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda, atalar sözlerinde bedew waspyna aýratyn ähmiýet berilýär we eserlerde bedew keşbi örän aýdyň we köptaraply beýan edilýär. Munuň özi asylly ynsan häsiýetleriniň ahalteke bedewleriniň artykçmaçlyklary bilen utgaşýandygyny alamatlandyrýan hakykatdyr.

Tohum atlaryň häsiýetli aýratynlygy, olaryň näçe köp çapsalar, şonça-da kuwwatlydygyny aňladýan jümleler halk döredijiliginde has-da agdyklyk edýär.

Ençeme asyrlardan bäri at öz behişdi bedewlerine buýsanan türkmen halkynyň ynamdar dosty we ýoldaşy bolup gelipdir. Gadym döwürlerden bäri türkmeniň uly baýramlarynyň hiç birem behişdi bedewsiz geçmändir.

Ahalteke atçylyk toplumynyň çägi türkmen toýlaryna mahsus äheňde bezelipdir. Bu ýerde atçylyk sporty boýunça çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançanyň ýanynda türkmen obasyny alamatlandyrýan görnüş döredilipdir. Onda türkmen halkynyň däp-dessurlary, myhmanlary duz-çörek bilen garşylamak, dostlara we goňşulara hoşniýetli garaýyş ýaly asylly gatnaşyklar janlandyryldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine degişli ak öýleriň ýanynda haly düşelen sekiler bar. Olarda gadymy däp-dessurlar beýan edilýär. Zenanlar haly dokaýarlar, keşde çekýärler, senetkärler hem öz işlerine gümra. Türkmen milli saz gurallarynda aýdymlar ýaňlanýar. Çagalar milli oýunlara berlipdip. Atarylan toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlanylýar. Olardan göterilýän ýakymly ys çar-töwerege ýaýraýar. Joşgunly ýaşlar küştdepdi tansyny ýerine ýetirýärler. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde uly hem-de agzybir maşgalany alamatlandyrýan ajaýyp görnüş döredilipdir.

Gözelligiň we çeýeligiň özboluşly nyşanyny alamatlandyrýan Akhan atly bedewe atlanan döwlet Baştutanymyzyň ýoly şu ak öýleriň deňinden geçdi. Bu ýerde milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde şowhun bilen garşylanyldy. Aşgabat şäherine degişli ak öýüň ýanynda bir oglanjyk eli kiçijik güjükli hormatly Prezidentimiziň ýanyna geldi. Ol döwlet Baştutanymyza bu köpejigi gowşuryp, güjüjek bilen bolan oýny hakynda uly joşgun bilen milli Liderimize gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz oglanjygyň şatlygyna şärik bolup, Alabaýjygy eline aldy we ony sypalaşdyrdy.

Alabaý tohumdaky itler türkmen halkynyň dünýä beren ýene-de bir milli gymmatlygydyr. Milletiň ýiti zehini bilen halkymyz ahalteke bedewi, türkmen Alabaýy, aw tazysy ýaly dünýäde deňi-taýy bolmadyk gymmatlyklary döretdi. Olar köp asyrlaryň dowamynda üýtgewsizligine galdy we häzirki döwürde asylly dessur hem-de olara hormat goýmak däbi mynasyp dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ululara hormat goýmak, pederlerimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de köp asyrlyk däplerini, onuň milli mirasyny we ýeten derejesini aýawly saklamak babatda ösüp barýan ýaş nesillere yzygiderli sargyt edýär. Döwlet Baştutanymyz kiçijek alabaýy oglanjyga uzadyp, ýoluny dowam etdi.

Döwlet Baştutany atly ýörüşi tamamlap, at üstünde Ýaragly Güýçleriniň we Içeri işler ministrliginiň atly goşun harby bölümleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen atly ýigitleriň toparlarynyň wekilçilik edýän dabaraly atly ýörüşini kabul etdi.

“Galkynyş” milli at oýunlary toparynyň çykyşy Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralaryň iň ýatda galyjylarynyň biri boldy. Toparyň agzalarynyň ussatlyklary bu günki çärä baýramçylyk öwüşginini, özboluşly milli äheň çaýýar. Daşary ýurtly tomaşaçylar bolsa olaryň çykyşlaryna uly tolgunma bilen tomaşa edýärler.

Atly jigitleriň we gyzlaryň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Olar uçganaklap duran ahalteke bedewlerinde at üstündäki oýunlaryň dürli usullaryny, çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirdiler. Çapyp barýan atyň üstünde binäçe derejeli belentligi emele getirýän jigitleriň çykyşlary has-da meşhurdyr.

Soňra bu ýerde ahalteke bedewleriniň arasynda yglan edilen halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran we türkmen halkynyň atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegine, “behişdi bedewleriň” dünýä ýüzündäki abraýynyň belende göterilmegine gönükdirilen bu bäsleşik ähli babatlarda nusgalyk derejedäki bedewleri ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly usullaryň kämilleşdirilmegine itergi berýär.

Gaýtalanmajak gözelligiň misilsiz nusgasy bolan türkmen bedewleriniň gözelligine tomaşaçylar ähli ünsüni jemläp synladylar.

Görkezme meýdançasyna ahalteke bedewleriniň iň gowy nesil ugurlaryny esaslandyran şöhratly däplerini dowam edýän we ady rowaýata öwrülen tohumdaky bedewleriň iň gowylary çykarylýar.

Tomaşaçylaryň öňünde öwrüm edýän Bereket, Gündogar, Ahalteke, Keýmirtaý, Perman, Byrag, Eşrepi, Arslan, Halkançy, Garlawaç atly arassa ganly ahalteke bedewleri buýsanç bilen tebigy gözelliklerini görkezidiler.

Köp asyrlaryň dowamynda türkmen halky ahalteke bedewlerini yzygiderli kämilleşdiripdir, olaryň ajaýjyp häsiýetleriniň saklanmagyny üpjün edipdir. Türkmen bedewlerine mahsus altynsow mele reňk, olaryň örän gelşikli beden gurluşy, ýeňil gopmagy, pessaýlap uçýan guş kimin okgunly ylgawy, şeýle hem bedewleriň bimöçber kuwwaty yhlasly seýisleriň we ussat atşynaslaryň abyrsyz zähmetinden kemal bolan belentlikdir.

Ahalteke bedewleriniň şöhratynyň hiç wagt öçmejekdigini, olaryň wagty hem-de bedewlere bir gezek gözi düşen adamlaryň kalbyny özüne maýyl edip, mertebesiniň barha beýgeljekdigini eýýamlar subut etdi. Çünki türkmen bedewleriniň adatdan daşary çeýeligi we çydamlylygy bilen bir hatarda, olaryň bezeg şaýlarynda märekäniň öňüne çykmagy gaýtalanmajak gözelligi emele getirýär. Şu gün “behişdi bedewleriň” köp sanly muşdaklary üçin ady rowaýata öwrülen bedewleriň saýlama görnüşleri bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredi. Bedewler eýerlenen we eýerlenmedik görnüşinde, ussat zergärleriň elinden çykan milli şaý-sepleriň, baýramçylyk julunyň içinde tomaşaçylaryň öňünde aýlaw etdiler. Bu ýerde ýaňlanan belent owazly aýdymlar, okalan goşgular çäräniň şowhunyny artdyrdy. Çeper sözüň ussatlarynyň we bagşylaryň bedewi wasp edip, ýerine ýetiren eserleri ahalteke atlarynyň şanyna aýdylan sena öwrüldi.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenlerinden düzülen abraýly emin agzalary özara maslahatlaşyp, anyk netijäni aýan etdiler.

Şeýlelikde, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginde Ahalteke atly bedew ýeňiji boldy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny we göçme Kubogy eýeledi.

Dabarara gatnaşyjyaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy we göçme kubok gowşuryldy.

Soňra ahalteke bedewleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyndaky, neşir önümlerindäki, fotosuratlardaky, telegepleşiklerdäki ahalteke bedewleriniň gözelliginiň çeper beýany boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça geçirilýän we çeper serişdeleriň üsti bilen ahalteke bedewleriniň şöhratyny giňden beýan etmäge gönükdirilen bäsleşige köp sanly belli we ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar, zergärler, fotosuratçylar, neşirýat işgärleri, bezegçiler we teleoperatorlar gatnaşdylar. Olaryň her biri özleriniň döredijiliginde ata bolan garaýşyny gözelligiň we sazlaşygyň nusgalyk görnüşini janlandyrdylar. Bäsleşik, bäsleşik bolýar. Ýöne şu pursatda ol bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesini ynsanyň we bedewiň bitewligini, olaryň dostlugyny hem-de netijeli gatnaşygyny, şeýle hem häzirki döwürde asyrlaryň jümmüşinden geçip gelip, dünýä boýunça ynamly gadam urýan ahalteke bedewleriniň öňünde açylýan giňişligi çeper beýan etmek ýörelgesi baglanyşdyrdy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentmiziň adyndan baş baýraklar gowşuryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe iň owadan haly üçin ABŞ-nyň 3000 dollary möçberindäki, türkmen bedewi üçin iň gowy bezeg şaýlarynyň awtory Arslanmyrat Sähedowa ABŞ-nyň 2000 dollary möçberidäki, iň gowy surat eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedraynyň müdiri Parahat Gapançaýewe ABŞ-nyň 1500 dollary möçberidjki pul baýraklary gowşuryldy; Şeýle hem bedewiň iň gowy şekilini janlandyran Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewe ABŞ-nyň 1000 dollary, iň gowy neşir taslamasy üçin Türkmen döwlet habarlar gullugynyň döredijilik toparyna ABŞ-nyň 1000 dollary, iň gowy wideofilm üçin “Türkmen owazy” teleradioýaýlymyň döredijilik toparyna ABŞ-nyň 1000 dollary möçberindäki pul baýraklary gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumynda bolmagynyň barşynda birnäçe daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary we işewürler bilen netijeli duşuşyklary geçirdi.

Birleşdirilen döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen bedewine bagyşlanan “Bedew batly Watanym” atly aýdym baýramçylyk çäräniň jemini jemleýär. Onuň owazy ahalteke bedewleriniň çüwen ykbaly hakyndaky hoş habar kimin Köpetdagyň etegindäki ýaşyl ýaýlalaryň üsti bilen alyslara ýaň saldy. Ol aýdym dünýäde iň gowy atlar hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şöhratyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, toplumyň çäginden çykdy we bu ýerden ugrady.