Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalinini kabul etdi.
Myhman türkmen döwletiniň Baştutany bilen mähirli görşüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny, şeýle hem şu günler giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglaryny aýtdy. Anatoliý Kalinin däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini we häzirki wagtda onuň ösüşine täzeden badalga berlendigini belläp, Belarusyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz ýakymly sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylygyna we halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň geljekde-de Belarus Respublikasy bilden köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydygyny hem-de soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä ýetirilendigini we örän uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şonda söywda-ykdsady, ulag ulgamlary, maşyn gurluşyk pudagy, oba hojalygy, energetika, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, gurluşyk we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz we myhman gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belläp, medeniýet boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigini hem-de bilim we ylym boýunça gatnaşyklaryň has ösdürilmelidigini bellediler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň işi barada jikme-jik pikir alşyldy, şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzsmatdaşlygyň örän uly mümkinçiliklere eýedigini göz öňünde tutup, ony pugtalandyrmak we yzygiderli ösdürmek maksady bilen bu toparyň işini çaltlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Hökümetara toparyň işiniň tejribäniň we döwrebap tehnologiýalaryň alşylmagyna ýardam edýändigini, şeýle hem bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine degerli badalga berýändigi, şol taslamalaryň arasynda Lebap welaýatynda belarusly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Garlykda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman deňhukuklylyga we özara peýdalylyga mahsus ýörelgelere esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.