Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň edaralar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň edaralar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

view-icon 767
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň edaralar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjykly ogluny kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapyp, mähirli kabul edenligi üçin hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimize umumymilli baýram mynasybetli özüniň tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdi. Onuň nygtaýşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ösüşiň we döredijiligiň ýolunda eýe bolan beýik üstünliklerini uly ruhubelentlik bilen kabul edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe bilen biziň ýurdumyzy taryhy we ruhy-medeni däpleriň hem-de gymmatlyklaryň uzak asyrlaryň çuňluklaryndan bäri gelýän umumylygynyň baglanyşdyrýan nygtap, Türkmenistanyň Türkiýe bilen gatnaşyklarynyň aýratyn ynama esaslanýan häsiýetini belledi.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysagy ugurlarda ygtybarly özara hereketleri ösdürmek üçin uly kuwwata we mümkinçilige eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna iki dostlukly ýurtlaryň uly ähmiýet berýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti we myhman özara söwda dolanyşygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, geçirilýän pudaklaýyn sergileriň we bilelikdäki işewür forumlaryň iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine we işjeňleşdirilmegine ýardam etmegine gönükdirilen mümkinçilikleriň üstünde durup geçdiler.

Türkiýeli işewürleriň adyndan Türkiýe Respublikasynyň edaralar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklogly iki doganlyk halkyň eşretiniň we gülläp ösüşiniň bähbidine üstünlikli alnyp barylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawy we ünsi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.