Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen esasy dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen esasy dabaralara gatnaşdy

view-icon 1184
Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ählihalk dabaralary giňden bellenildi.

Şu günki esasy wakalara gatnaşmak üçin Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýän Halkara atçylyk-sport toplumynda türkmenistanlylaryň müňlerçesi we ýurdumyzyň köp sanly hormatly myhmanlary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleri ýygnandylar. Alymlaryň pikirine görä, hut şu ýerlerde müňlerçe ýyl mundan ozal adamzat siwilizasiýasynyň atşynaslygy döräpdir we ahalteke bedewiniň tohumynyň taryhy şu ýerden gözbaş alyp gaýdýar.

Bu ýere, Aşgabatdan Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyna uzynlygy 40 kilometre ýetýän döwrebap we uly ýol çekildi. Günortadaky daglaryň eteginden geçýändigi üçin ol Köpetdag şaýoly diýlip atlandyryldy. Bu ýol bilen syýahat edip, bahar paslynda gür otlar we dürli güller bilen bezelen meýdanlary synlanyňda gözelligi we tebigatyň güýjüni alamatlandyrýan ajaýyp bedewler ýadyňa düşüp, ruhuňy beýgeldýär.

Bu ýerde paýtagtdaky gatnawly we şüweleňli ýollardan daşda ak mermerli şäherjik ýerleşýär, altynsow bezegleri günüň şöhlelerine öwşün atýar. Ol Türkmenistanda bedewe uly sarpa goýulýandygyny ýatladýar. Bu ýerdäki esasy girelgede we gapdal tarapdaky arkalarda, şeýle hem toplumyň çäginde bedewiň heýkelleri howalanyp görünýär. Şol şekilleriň ählisi türkmen halkynyň öz bedewlerine buýsanýandygyny we söýgi bilen garaýandygyny alamatlandyrýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Halkara atçylyk-sport toplumynyň ýanynda heýkelleriň täze kompozisiýasy açyldy, bu ýerde birnäçe gezek çempion bolan, tutuş dünýäde ahalteke bedewleriniň hakyky muşdaklarynyň sanyny artdyran meşhur Polatlynyň şekili goýlupdyr.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaralaryň geçiriljek ýerine barýarka, meşhur Polatlynyň altyn çaýylan heýkeliniň ýanynda saklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere öz agtygy bilen geldi. Hormatly Prezidentimiz özüniň agtygy bilen Köpetdag şaýolunyň ugrundaky “Polatly aýlawyň” merkezinde oturdylan bedewiň heýkeliniň ýanyna baryp, bu meşhur at barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz agtygyna öz döwründe köp sanly ýaryşlarda üstün çykyp, päsgelçilikli uly ýaryşlaryň we halkara bäsleşikleriniň baýraklaryna eýe bolan bu mele ahalteke bedewiniň şöhratly taryhy, onuň ajaýyp tohumynyň ugurlaryny esaslandyranlar we bu ajaýyp nebereleri barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiziň agtygy bu taryhy içgin üns berip diňledi. Bu taryhda döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy jemlenýär. Oglan Polatla degişli wakalar we rekordlar barada uly gyzyklanma bildirip sorady. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we agtygy Halkara atçylyk-sport toplumyna bardylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe açylyp ulanmaga berlen bu toplum giň gerimli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýere diňe bir ahalteke bedewleriniň we at çapyşyklarynyň muşdaklary, atçylyk ulgamy boýunça daşary ýurtly hünärmenler däl-de, ýurdumyzyň myhmanlary, köp sanly syýahatçylar hem gelýärler.

Şu gün bu ýerde uly dabaralara mahsus bolan özboluşly we ruhubelent ýagdaý dowam edýär, şunda giň gerimlilik we dabaralylyk bilen halkyň agzybirligi we ruhubelentligi, döwlet derejesindäki dabara bilen milli däp-dessurlaryň gözelligi we köp öwüşginliligi, biziň taryhy geçmişimiz bilen häzirki döwrümiz we geljegimiz uly türkmen toýuna mahsus bolan güler ýüzli myhmansöýerlik bilen sazlaşykly utgaşýar.

Özboluşly sahnaly meýdançalarda folklar we tans toparlary, belli aýdymçylar we tansçylar çykyş edýärler. Bularyň golaýynda sergiler guraldy, şunda ajaýyp ahalteke bedewleri şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli eserleriniň esasý gahrymanlary bolup durýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň ýanyndan başlaýan bu owadan galereýada çeper işler, halyçylyk we zergärlik önümleri arkaly halkymyzyň döredijilik dünýäsiniň baýdygy we egsilmezdigi äşgär edilýär.

Ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik wekillikleriň we guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýaşulular, ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda düýn Aşgabatda geçirilen uly halkara forumlaryna – Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisine, I Halkara sergi-ýarmarkasyna we “Türkmen bedewi we dünýäniň atçylyk sungaty” atly V Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.

Ýygnananlaryň ählisi Halkara atçylyk- sport toplumyna gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Milli Liderimiz ýygnananlar bilen salamlaşyp, ýörite niýetlenen ýere barýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Onda “Mert pederleň ruhy bardyr köňülde” diýen sözler bar. Şonda dogduk topragyň azatlygyny goran edermen esgerleriň, gaýduwsyz batyrlaryň, türkmen halkynyň taryhynda şöhratly yz galdyran meşhur serkerdeleriň münüp barýan atlarynyň şekilleri göz öňüňe gelýär.

Şu günler biz halkymyz bilen ýürekdeş bolan bedewe uly sarpa goýmak arkaly, bedewi taryhy hakydanyň we ählumumy söýginiň hormatly münberine çykardyk. Häzirki wagtda bedew parahatçylykly döredijiligi we ruhubelentligi we güýç-gaýraty alamatlandyrýar, hut şular arkaly ýurdumyz öz ösüşinde örän uly üstünlikler gazanýar.

Bedewiň hormatyna bu gün ýene-de uly we täsirli baýramçylyk guraldy, şonda aýdym-sazlar ýaňlandy we tans edildi. Saçaklar giňden ýazyldy. Baýramçylyga mahsus bolşy ýaly at çapyşyklary boldy.

Alyp baryjy türkmen bedewine bagyşlanan dabarada baýramçylyk at çapyşygynyň başlanýandygyny yglan edýär. Çünki hut at çapyşyklarynda ahalteke bedewiniň özboluşly aýratynlyklarynyň ählisi äşgär bolýar. Şol aýratynlyklar onuň gözelliginiň örän uly täsirini has-da artdyrýar. Şunda bedewiň haýran galdyrýan ýyndamlygy, güýç-kuwwaty we erki, maksada okgunly we ýadamazak häsiýeti ýüze çykýar, bular tejribeli seýisler we çapyksuwarlar tarapyndan içgin alada edilip terbiýelenilýär.

Irki döwürlerden bäri, türkmen jemgyýetinde islendik işde baý tejribe toplan adam uly at-abraýa eýe bolupdyr. Çünki ussatlyk diňe bir bilimlerden we başarnykdan däl-de, pähim-paýhasdan hem ybaratdyr. Ýörelgäniň özeni ähli gowulyklary we peýdaly zatlary durmuşdaky tejribede ulanyp berkitmäge we olary ýaşlara öwretmäge mümkinçilik berýär. Il arasynda halypanyň saýlanyp alynmalydygyny we şonsuz durmuş ýolunda kynçylyklary ýeňip geçmegiň aňsat düşmejekdigi aýdylýar. Türkmenlerde “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýen pähim bar, şunda ruhy taýdan ýakynlyk we halypanyň jogapkärligine esaslanýan halypaçylygyň many-mazmuny jemlenýär.

Türkmen halkynyň bu ýörelgeleri häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de saklanyp galýar. Ine, bu gün hem baýramçylyk at çapyşyklarynda ilki bilen, halypa çapyksuwarlara çykyş etmäge ygtyýar bermek makul görüldi.

Soňra alypbaryjy halypa çapyksuwarlaryň bäsleşiginiň düzgünine laýyklykda, bu çapyşyga gatnaşýan çapyksuwarlaryň ýaşynyň 30-dan ýokary bolmalydygyny yglan edýär. Eminler tarapyndan bäsleşige gatnaşdyryljak üçýaşar bedewleriň 7-si saýlanyp alyndy we olar 1000 metr aralykdan ýaryşa goşulmalydy. Ýeri gelende aýtsak, şol çapyşyga gatnaşdyryljak bedewlere pul goýumlary goýuldy. Eminler tarapyndan bu çapyşyga gatnaşmak üçin iň köp goýum goýlan atlaryň arasyndan 7 bedew saýlanyp alyndy.

Soňra märeke bedewler, olaryň eýeleri, seýisler we çapyksuwarlar bilen tanyşdyrylýar. Şeýle hem atlaryň gelip çykyşy we goýumyň möçberi baradaky maglumatlar aýdylýar. Bu maglumatlar tomaşaçylar münberleriniň gabadynda oturdylan uly möçberli monitorlarda görkezilýär.

Çapuw ýodasyna Garasakar atly gara at, Soltanmele, Pudak-II diýen mele bedewler hem-de Gadyr, Marguş we Akbilek diýen dor atlar çykarylýar. Ýöne 3-nji belgi bilen yglan edilen Berkarar diýen mele at birneme eglenýär. Birnäçe minutdan soňra alypbaryjy münberlerde çapyşygyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan märekä onuň eglenmeginiň sebäbini düşündirýär.

Eminleriň aýtmagyna görä, olara Türkmenistanyň Prezidenti ýüz tutup, Ahalteke atçylyk toplumyndan özüne degişli Berkarar diýen bedewiň çapyksuwary hökmünde ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirdi. Eminleriň ýaryşyň düzgünleriniň çäklerinden çykman, döwlet Baştutanymyzyň haýyşyny kanagatlandyryp hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy halypa çapyksuwarlaryň arasyndaky çapyşyga gatnaşyjy diýip yglan edýärler.

Şol habar uly şowhun döretdi. Atçylyk-sport toplumynyň münberindäki adamlar at çapyşygyna gatnaşýan türkmen döwletiniň Baştutanyny ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli Liderimiz Berkarar diýen mele ata münüp, bäsleşige taýyn bolup durýar.

Dabarany alypbaryjy Berkarar atly mele bedewiň geçen ýyl Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň hormatyna ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa pudagy ösdürmek barada hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berlendigini aýtdy. Düýn bolsa Ahalteke atçylyk toplumynda milli Liderimiziň egindeşleri döwlet Baştutanymyza Bagtyýar atly nurana bedewi gowşurdylar. Berkarar we Bagtyýar atly bu bedewler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri mysaly beýik işler bitirilýän we ösüşiň täze belentliklerine çykýan türkmen döwleti hakynda hoşniýetli we şatlykly wakalary alamatlandyrýar.

Türkmen halkynda “Ozal akan ýerden akarmyş aryk” diýen paýhasly nakyl bar. Munuň özi ähli zadyň başlangyjynyň, düýp özeniniň bardygyny alamatlandyrýan hakykatdyr. Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketi milli taryhy tejribelere daýanýar. Biz pederlerimiziň paýhaslaryndan susup alyp, ony geljekki ösüşleriň badalgasyna öwürýäris.

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň bahasyz milli gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “behişdi bedewlere” bolan çäksiz söýgüsi tötänden däl. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň atasynyň agasy Aba Annaýew hem döwrüniň meşhur atşynaslarynyň biri bolupdyr. Ol il içinde Aba seýis ady bilen giňde tanalypdyr. Aba aga ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak we kämilleşdirmek işine uly goşant goşupdyr. At seýislemekde, atlaryň seçgi-tohumçylyk işlerinde Aba seýsiň bitiren hyzmatlary juda saldamlydyr. Gadymy Yzgandyň ýaýlalarynda at seýisläp, naýbaşy ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirip, bu babatda ýörite ugruň döredilmegini gazanyp bilipdir.

Häzirki döwürde şeýle asylly ýörelegeleri aňyna siňdiren milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň abraýynyň we şöhratynyň belende galmagy, pederlerimiziň deňsiz-taýsyz atçylyk sungatynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Hormatly Prezidentimiz bu asylly işe özüniň tagallasyny gaýgyrman, şahsy görelde görkezmek bilen, ajaýyp ahalteke bedewlerine bolan söýgi-sarpany öňe sürýär. Şu günki geçirilen çäre hem munuň şeýledigini alamatlandyrýar.

Ine, bedewleriň ýaryşa goşulmagyna badalga berilýär. Ýelden ýyndam bedewler tomaşaçylaryň öňünde süýnüp barýarlar. Olaryň çapyşygyna tomaşa edýänler öz togunmalaryny saklap bilmän, şowhun turuzýarlar.

Ula goýberilen bedewleriň çapyp baryşlary pessaýlap uçýan guşlara çalymdaş. Olaryň toýnaklary ýere degmeýän mysaly. Il içindäki “Taňry ynsana ganat bermändir, at beripdir” diýen gürrüň ýöne ýerden däl bolsa gerek.

Türkmenistan at çapmagyň gadymy däpleriniň mekany hasaplanýar. Häzirki döwürde hem at çapyşyklary edil ozalkysy ýaly ähmiýetlidir. At çapyşyklaryna hiç kim biparh garap bilmeýär, oňa ýaşlaram, ýaşulularam uly höwes bilen tomaşa edýärler. Biziň ýurdumyzda at çapyşyklary diňe bir bäsleşik bolman, ol pederlerimizden miras galan mukaddes hakydadyr. Bu ýörelge indi köp asyrlar bäri üstünlikli dowam etdirilýär. 2011-nji ýylyň güýzki at çapyşygy möwsüminden bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça at çapyşyklarynda utuşly oýunlaryň totolizatory hereket edip başlady.

Birinji çapyşykda ýeňiji bolan bedewlere goýlan pul baýraklarynyň umumy möçberi 13 million dollardan gowrak boldy. Şol möçberiň 85 göterimi birinji orun, 10 göterimi ikinji we 5 göterimi üçünji orun üçin goýuldy.

...Şeýlelikde, birinji çapyşygyň başlanýandygy mälim edilýär. Aýlawa gelen tomaşaçylaryň hemmesiniň ünsi milli Liderimiziň erk edýän nurana Berkararyna gönügýär. Berkararyň ýany bilen başga-da birnäçe atlar goşuldy. Döwlet Baştutanymyzyň bedewi öz adyna mynasyp bolup, ýeňşe tarap okgunly hereket edýär. Pellehanadan geçen bedewleriň içinden Berkararyň ýeňiji bolandygy aýdyň görünýär.

Bäsleşigiň tamamlanýan ýerindäki pellehananyň deňinden bedewler yzly-yzyna geçýärler. Pelleden geçen bedewler bir bada batlaryny saklaman, esli aralyga çapyp gidýärler. Munuň özi olaryň kuwwatyndan, ýyndamlygyndan habar berýär. Ýeňiş gazanmagy başarmadyk bedewleriň geljekde üstünlik gazanjakdygyna bolan ynamyny duýmak kyn däl.

Toýa gelen märeke şowhunly el çarpyşmalar bilen tejribeli çapyksuwaryň ýokary derejesini gökezmegi başaran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler.

Milli Liderimiziň arzyly pellehana ilkinji bolup ýetmek hyjuwynda hormatly Prezidentimiziň gaýduwsyzlygy, durnuklylygy, ähli kynçylyklara garamazdan, hemişe öňde bolmak başarnygy, öňde goýlan maksada ýetmek üçin ähli güýç-gaýratyny sarp etmäge taýýarlygy, has takygy, hakyky Liderlik sypatlaryny alamatlandyrýan tutunýerlilik, öz halkyny we Watanyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze-täze ýeňişlere tarap alyp barýan belent ruhubelentligi jemlenendir!

Halypa çapyksuwarlar toparynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde ikinji orny Akbilek diýen bedew eýeledi. Üçünji baýrakly orna bolsa Gadyr atly bedew mynasyp boldy.

Çapyşyklar tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleriniň haýyşy boýunça söhbetdeş boldy.

Žurnalistler döwlet Baştutanymyzy halypa çapyksuwarlaryň ählisiniň üstünligini, olaryň ussatlygyny we at-abraýyny alamatlandyrýan üstünlik bilen gutlap, milli Liderimizden çapyşyk mahalynda başdan geçiren duýgulary barada gürrüň bermegi haýyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewe atlananda, öz halkymyza buýsanandygyny we bu günki gün halkymyza ahalteke bedewlerine çuňňur söýgüsini we tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny tutuş dünýä bilen paýlaşmaga mümkinçiligiň dörändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, her ýylda bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň geriminiň ýylsaýyn giňelip halkara derejesine ýetendigini aýtdy. Ata-babalarymyz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen we biziň günlerimize ýetirilen “behişdi bedewlerimize” bagyşlanan şu dabaralar bolsa türkmen halkynyň şöhratly sene ýazgysynyň dowamyna öwrüldi. Milli Liderimiz bedewleriň şunuň ýaly täsin galdyrýan, türkmenleriň wepaly ýoldaşyna öwrülen tohumyny ösdürip ýetişdiren halka degişlidigine buýsanýandygyny aýtdy.

Žurnalistleriň biri Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenip, çapyşyk mahalynda at bilen nämedir bir zat barada gürleşýän ýaly täsir galýar, bu dogrudanam şeýlemi diýip sorady.

Döwlet Baştutany munuň hakykatdan-da şeýledigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz: “Ata münenimde, men onuň bilen gürleşýärin. Men ony “Berekella, Berkarar, bagtyýarlygyň bedewi, diňe öňe” diýen sözler bilen ruhlandyrdym. Halkymyzyň aty ynsana deňemegi ýöne ýerden däldir, çünki ol örän duýgur we düşünjeli jandar. Eýesi ýakymly sözleri aýdanda bedewiň keýpi göterilýär, hatda onuň ýöreýşi hem üýtgeýär.

Döwlet Baştutanyna berlen sowallaryň ýene-de biri Türkmenistanyň Prezidentine şu gün halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynda gazanylan üstünlik üçin berlen baýraga degişli boldy.

Milli Liderimiz bu baýraga bedewiň mynasyp bolandygyny aýtdy. Şoňa görä-de baýrak tutuşlygyna Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň köpeldilmegine, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler. Başgaça aýdanyňda, şol serişdeler “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň hasabyna geçiriler.

Žurnalistler bu habary el çarpmak bilen garşylap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ajaýyp üstünlik bilen gutlap, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidi ugrunda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler.

Şol gün ýyndam bedewleriň köp sanly muşdaklaryny begendiren çapyşyklaryň ýedisi geçirildi, dürli aralyklara çapyşyklara ýurdumyzyň belli ahalteke bedewler we tanymal çapyksuwarlar gatnaşdylar.

Her bir çapyşygyň öňüsyrasynda tomaşaçylar kimiň üstün çykjakdygyny bilmäge çalyşýardylar. Öňden bäri tomaşa edip ýörenlere, ähli çapyksuwarlary oňat tanaýan we olaryň bedewleriniň ukyplaryna belet tejribeli “bilermenlere” kimiň üstün çykjakdygyny bilmek başardýardy.

Indiki çapyşyklarda üstün çykan bedewler we baýrakly orunlary eýelänler degişlilikde, şeýle orunlary eýelediler. Ikinji çapyşykda: Dalbedew, Karar we Bahreýn üstün çykdylar. Üçünji çapyşykda Günhanjar, Gumman we Guşganat baýrakly orny eýelediler. Dördünji çapyşykda Dorsekil, Şahymerdan, Ýeldes üstün çykdylar. Bäşinji çapyşykda Ýyldyzhan, Garahan, Arslan, altynjy çapyşykda – Göwher, Arzyly, Şazada hem-de jemleýäi, ýedinji çapyşykda Gurgun, Obamyň bedewi we Ýeňiş baýrakly orny eýelediler.

Münberleri dolduran tomaşaçylar tarapyndan synlanan hem-de ýüzlerçe tele we foto kameralar arkaly surata düşürilen çapyşyklar iki sagatdan gowrak dowam etdi. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň çapyşyklary hakykatdan-da diňe türkmen halkynyň däl-de, tutuş adamzadyň öçmejek şan-şöhratyna we buýsanjyna öwrülen “behişdi bedewleriň” gözelliginiň, ýyndamlygynyň we görmegeýliginiň senasyna öwrüldi.

Çapyşyklaryň birnäçesinde ýeňiji bolanlara baýraklary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gowşurdy we daşary ýurtly myhmanlary – meşhur halkara sport, atşynaslyk guramalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny sylaglary gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra Halkara atçylyk-sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň, Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen we düýn tamamlanan uzak aralyga at çapyşygynyň we päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşda üstün çykanlara sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan bu bäsleşikleriň ýeňijileriniň ählisine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

Häzirki döwürdäki tejribeden görnüşi ýaly ahalteke bedewleri diňe bir adaty at çapyşyklarynda däl-de, atçylyk sportunyň beýleki görnüşinde, şol sanda olimpiýa konkurynda, at münmekde oňat netijeleri görkezýärler.

Türkmen sporty şu görnüşler boýunça örän uly mümkinçiliklere eýedir. Ahalteke bedewleri diňe bir ýyndamlygyny görkezmek bilen çäklenmän, päsgelçiliklerden geçmäge ukyplydyr hem-de bezemen we oýun etmegi başarýarlar. Olar buýsançly ýörände we nepislik bilen baş egende göwnüň göterilýär. Türkmen türgenleriniň at münmek we konkur boýunça daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dünýädäki atçylyk sportunda öňdebaryjylar bilen mynasyp derejede bäsleşip biljek günleri daşda däl.

Öz gezeginde, Halkara atçylyk sport toplumy öz derejesine laýyklykda, Türkmenistana, Köpetdagyň etegine tutuş dünýäniň atşynaslaryny, hünärmenleri we ahalteke bedewleriniň muşdaklaryny çagyryp, uly ýaryşlary, atçylyk boýunça festiwallary, ýaşlaryň spartakiadalaryny, açyk ýaryşlary we dünýä çempionatlaryny geçirmek üçin örän amatlydyr.

* * *

Ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda dabaraly çäreler geçirildi. Şonda baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi we sazly şahyrana agşamlar, dabaraly ýygnanyşyklar we köpçülikleýin gezelençler, şeýle hem ýurdumyzyň atşynaslaryny we seýislerini hormatlamak bilen bagly dabaralar giň gerime eýe boldy.

Her bir ilatly ýerde baýramçylyga gabatlanyp köpçülikleýin watançylyk, döredijilik we sport çäreleri guraldy. Şunda bu ajaýyp baýramçylyk türkmen halkynyň gahrymançylykly geçmişine, ahalteke bedewiniň döreýşiniň gözbaşlaryna dolanyp, bedewiň ornuna we ähmiýetine has çuňňur düşünmäge ýardam bermek bilen çäklenmän, şöhratly bedewleriň bady bilen, ajaýyp geljegimize nazar aýlamaga mümkinçilik döretdi.