Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suhaýel Mohammed Al-Mazruini kabul etdi.
döwlet Baştutanymyza ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi we türkmen topragynda göwneaçyk ýagdaýda kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaýyň hökümdary Şeýh Muhammed Bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirip, olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi. Myhman tutuş dünýäde bellim bolan hem-de türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň öz gözelligi we görmegeýligi bilen täsin galdyrýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen ilki başdan deňlige, özara hormat goýulmagyna we hoşmeýilli erke mahsus ýörelgeler esasynda guralýan we däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýokary ýolbaşçylygyna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi we ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşýan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
BAE-niň energetika ministri arap kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Ýurdumyz öňdengörüjilikli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär, bu strategiýa pudagyň düýpgöter döwrebaplaşdyrylmagyna we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilendir. Myhman türkmen bazaryny geljegine örän uly umyt baglanýan bazar hökmünde häsiýetlendirip, şunuň ýaly bahanyň ýangyç serişdelerine baý gorlaryň bolmagyna esaslanýandygyny we şol gorlaryň garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanandygyny hem-de ýurdumyzda işewürlik üçin ähli şertleriň bardygyny, şol sanda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň döredilendigini we türkmen ykdysadyýetiniň batly ösüş depginlerini gazanýandygyny aýtdy.
Hoşlaşanlarynda bilen türkmen Lilderi hem-de myhman Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň geljekde-de dostlukly iki ýurduň we halklaryň bähbidi üçin berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.