Daşoguzda Türkmenistan köçesiniň golaýynda ýrleşýän on müň orunlyk stadionyň durkuny täzelemk işleri tamamlanyp barýar. Bu sport desgasynda gurluşyk işlerini “Ak durna” hususy kärhanasynyň hünärmenleri iş alyp barýarlar.
Tomaşaçylar üçin niýetlenen münber oňaýly oturgyçlar bilen üpjün edilendir, günden goraýan telärler gurlandyr. VIP – hormatly myhmanlara niýetlenen münberde tomaşa etmek üçin ähli oňaýlyklar döredilendr. Giň futbol meýdançasy emeli gök ot bilen örtülendir hem-de ýagyş suwlaryny bir ýana akdyrýan akabajyklar bilen ürjün edilendir. Bu sport desgasy golaý wagtda ýaryşlary, futbol duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrüler. Ähli oýnlaryň netijeleri we beýleki maglumatlar elektron tagtasynda beýan ediler, wideo alnyp eşitdiriliş üçn birnäçe uy monitorlar gurnaldy. Ylgaw ýodalarynda ýeňil atletikaçylaryň köpçülikleýin ylgawlaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
Tomaşaçylar münberiniň aşagynda gurlan jaýlarda 50 orunlyk myhmanhana, stadionyň ýolbaşçylary üçin edara ediş otaglary, tälimçiler we eminler topary üin otaglar ýerleşdirilendir,.Şeýle hem bu ýerde üstüňden suw akydylýan, egin-eşik çalşyrylýan, geýim goýulýan ýer, saglyk nokady, garbanyşhana ýerleşýändir. Komunikasion ulagymynyň durky täzelenendir.
Stadionyň öňündäki meýdanda oňaýly münberli 250 tomaşaça niýetlenen üsti ýapyk iki gatly bina guruldy. Bu ýerde woleýbol, basketbol, gandbol we sportuň beýleki görnüşleri boýunça köpçülikleýin ýaryşlar geçirmäe mümkinçilikler döredilendir. Mundan hem başga bu ýerde gimnastika üçin zal we stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka, küşt we beýleki oýunlar boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin jaý bardyr.
Açyk woleýbol we basketbol meýdançalarynda, tennis kortynda, badminton oýny üçin meýdançalarda abraýly bäsleşikleri geçirmek üçin ähli şertler döreidiler. Bu toplumyň ýanaşyk ýerlerinde çagalar oýun meýdançasy, suw çüwdürimleri ýerleşýär, oňaýly oturgyçlar oturdylar. Gök otlary we pürli we saýaly baglary ekmek işleri dowam edýär. Özbdak işleýän bug gazany , transformator we beýleki häzirkizaman inženerçilik-tehniki gurluşyklar suwuň, ýlylygyň we elektrik energiýasynyň ygtybarly berlişini üpjün eder.
vStadionyň durkuny täzelem işleriň ählisini şu ýylyň maý aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Onuň işläp başlamagy ýurduň demirgazyk sebtinde ýurduň sportyny, köpçülikleýin bedenterbie hereketini ösdürmäge täze itergi berer.