Ï Türkmenistanyň Prezidenti HMG-niň Baş direktoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti HMG-niň Baş direktoryny kabul etdi

view-icon 725
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara migrasiýa guramasynyň Baş direktory jenap Leýsi Swingi kabul etdi. Ol “Adam söwdasyna garşy göreş babatynda Milli iş meýilnamany işläp taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek boýunça Gündogar we Günbatar Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmak” atly Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, iri halkara guramanyň ýolbaşçysy türkmen Liderine HMG berýän goldawy, hususan-da, şu maslahaty geçirmek hem-de oňa ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek başlangyjy üçin hoşallyk bildirdi. Aşgabat duşuşygynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, myhman şu gezek geçirilen maslahatyň jemleriniň HMG-niň agzasy bolan döwletleriň we synçy ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine ýardam etjekdigini belledi.

Jenap Leýsi Swing pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda giňden bellenip geçilen Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady hem-de geçirilýän giň gerimli özgertmeler ýolunda abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Liderimiz mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, döredijilikli daşary syýasatyny ýöredýän Bitarap Türkmenistan geljekde hem gyzyklanma bildirýän döwletleriň we abraýly halkara düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardyr diýip belledi.

barşynda Halkara migrasiýa guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu guramanyň işi migrasiýany kadalaşdyrmak çärelerini düzgünleşdirmäge we ynsanperwerleşdirmäge, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, migrasiýa meseleleriniň netijeli çözgütlerini gözläp tapmakda kömek bermäge we mätäç bolan migrantlara, şol sanda bosgunlara we göçüp-gonýanlara ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilendir. Bitaraplyk derejesi sebitde oňyn syýasy ýagdaýy saklamagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň bu babatda eýeleýän ornuny bellemek bilen, jenap Leýsi Swing HMG-niň däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HMG-niň Baş direktory özara bähbitlere gabat gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ilerlejekdigine ynam bildirdiler.