Ï Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 672
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enwer Bariýewi kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyz bilen görşüp, milli Liderimize türkmen-belarus gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine yzygiderli berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Bellenilişi ýaly, Belarus Respublikasy Türkmenistan bilen öňden gelýän dostluk däplerine we uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ösýän depginlerini kanagatlanmak bilen nygtap, onuň giň gerimli, netijeli häsiýete eýedigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz iki dostlukly ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ilçiniň mynasyp goşant goşandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we belarus ilçisi döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Onuň kuwwaty ähli ugurlar—söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem gumanitar-medeni ugurlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Belarus Respublikasy üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesine eýedir, anyk mysallaryň ençemesi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Olaryň hatarynda biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni gowy tarapdan görkezen häzirki zaman belarus oba hojalyk tehnikalaryny getirmek, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyny gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli türkmen-belarus gatnaşyklary ýylsaýyn berkeýär we giňelýär.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Enwer Bariýew döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň alyp barýan işlerine berilýän goldaw üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döredijilikli syýasaty bilen dünýä belli bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormat bolandygyny belledi. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, ol Türkmenistandan biziň ýurdumyz hem-de myhmansöýer, zähmetsöýer türkmen halky baradaky gowy täsirler bilen gidýär. Şunda ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň okgunly ösmegi, belent sepgitlere ýetmegi üçin ygtybarly binýat döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we belarus ilçisi hoşlaşanlarynda, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taraplaryň özara erk-islegine daýanmak bilen, geljekde hem iki dostlukly halklaryň bähbidine üstünlikli we işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.