Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 690
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Gruziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iosif Çahwaşwilini kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirmek bilen, myhman öz işinde hemişe döwlet Baştutanymyzyň uly goldawyny duýandygyna tüýs ýürekden kanagatlanma bilen bildirdi.

Iosif Çahwaşwiliniň belleýşi ýaly, Gruziýada, bütin dünýäde bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän açyk daşary syýasatyna hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we hemmetaraplaýyn goldaýarlar. Şol başlangyçlar häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Şunda ilçi öz ýurdunyň Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr we şol gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürmäge taýýardyr diýip nygtady.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny, dokma senagatyny, şeýle hem syýahatçylygy görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz we myhman ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, medeniýet ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmek, bilim we ylym ulgamlarynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak babatda pikirlerini beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin gruzin ilçisine minnetdarlyk bildirip, oňa işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem türkmen we gruzin halklarynyň bähbidine sazlaşykly ösdürüljekdigine ynam bildirdiler.