Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekratary jenap Lýuk Gnakajany kabul etdi.
Duşuşymaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürkden hoşallyk bildirip, myhman dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri bolan we Merkezi Aziýa sebitinde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda bolmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp,Türkmenistanyň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen häzirki zamanyň ähli derwaýys meseleleri boýunça ýokary derejeli netijeli gepleşikleriň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Dünýäniň ilatynyň altydan bir bölegine ýaramaz täsirini ýetirýän çölleşmek meseleleri ählumumy adamzat ösüşiniň gün tertibinde durýan örän ýiti meseleleriň biri hökmünde ykrar edildi.
1994-nji ýylda BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasynyň kabul edilmegi çözlleşmäge we gurakçylyga garşy alnyp barylýan umumy göreşde möhüm ädim boldy. Bu konwensiýa daşky gurşawy goramak baradaky möhüm halkara şertnamalarynyň üçüsiniň biridir. Häzirki wagtda çenli bu konwensiýany dünýäniň ähli yklymlaryndaky ýurtlaryň 200-e golaýy tassyklady. Halkara, sebitleýin, milli we ýerli derejede döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalaryň tagallalaryny birleşdirmek maksadynda döredilen bu Konwensiýa şu meseläni çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi we çözlleşmeden hem-de gurakçylykdan ejir çekýän döwletlere olaryň ýaramaz täsirini peseltmegi teklip edýär.
Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman çölleşmäge garşy görmeşmek baradaky bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ilerledilişi, halkara derejesindäki maslahatlary geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny we ýurdumyzyň suw üpjünçiligi ulgamyny gowulandyrmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanda amala aşyrylýan milli we sebitleýin ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda Garagumyň merkezinde Türkmen kölüni gurmak baradaky taslamanyň wajypdygyny nygtap, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýan çölleşmäge garşy göreşmek meselelerinde öňdebaryjy orny eýeleýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Myhman biziň ýurdumyzyň çöllük ýerleri ekologiýa taýdan dikeltmekde we çölleşmegiň öňüni almakda gazanan uly üstünliklerine buýsanmaga haklydygyny hem-de onuň bu babatda toplan baý tejribesiniň şu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolan ýurtlar tarapyndan öwrenilmäge mynasypdygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, ekologiýa abadançylygy baradaky mesele türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan bütindünýä forumlarynda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň barşynda hem-de geçen ýylyň iýun aýynda Brazilýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahatynda ençeme gezek gozgaldy. Hormatly Prezidentimiz maslahatyň belent münberinden tebigaty goramak syýasatyna düýbünden täzeçe, toplumlaýyn çemeleşmäni teklip edýän möhüm halkara başlangyçlarynyň birnäçesini beýan etdi. Lýuk Gnakaja türkmen Lideriniň öňe süren teklipleriniň ählisini goldaýandygyny aýdyp, bütin adamzadyň bähbitlerine hem-de BMG-niň Müňýyllygyň Maskatlaryna doly laýyk gelýän köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
-BMG-niň örän ähmiýetli tebigaty goramak konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, Türkmenistan mundan beýläk hem bu möhüm ugurda halkara tagallalaryna işjeň gatnaşar.Biz bütin adamzat ösüşine ýaramaz täsir edýän meseleleri çözmäge öz garaýyşlarymyzy teklip edýäris - diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz täsin ekologiýa ulgamlaryny aýawly saklamagy, daşky gurşawa ýaramaz täsiri we ekologiýa öň ýetirilen zyýanyň netijelerini peseltmegi, ekologiýa terbiýesini hem-de bilimini ýokarlandyrmagy we elbetde, ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýokary wezipeli myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtdylar we BMG-niň howandarlygynda oňyn ekologiýa gatnaşyklarynyň üstünlige eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.