Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi, käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi we döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary we olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy 19411945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň ýetip gelýän 68 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. 19411945-nji ýyllaryň urşy bütin adamzadyň taryhynda iň pajygaly uruşlaryň biridir. Bu uruş türkmen halky üçin hem örän ýowuz synag boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Watanyny jandan-tenden söýýän türkmenistanly gerçekleriň müňlerçesi urşa meýletin gitdiler. Olar geljekki nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, ynsan azatlygynyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda merdanalygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler.
Şol agyr ýyllarda zenanlar, gojalar we çagalar tylda Ýeňşiň hatyrasyna janaýaman, gijesini gündiz edip zähmet çekdiler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna iň gymmatly şaý-seplerini, ýyly egin-eşikleri tabşyryp, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şol gazaply döwürden bäri köp ýyllar geçse-de, Watan ugrundaky söweşlerde merdana pederlerimiziň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, olaryň yzynda galan, öý-ojagyny aman saklan, wepalylygyň nusgasyna öwrülen zenanlarymyzyň, enelerimiziň zähmet edermenligi hiç wagt unudylmaýar. Olaryň gahrymançylygy we zähmetsöýerligi häzirki nesillerimiz üçin gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň beýik mekdebidir.
Berkarar Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak bilen birlikde, döwletimiz uruş weteranlary barada, urşa giden gerçekleriň yzynda galan eneler hakynda hem yzygiderli alada edip gelýär. Biz halkymyzyň we Watanymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitiren uruş we zähmet weteranlarymyzyň saglygyny goramak we dikeltmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin hemişe uly alada ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny Ýeňiş baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, gahryman uruş weteranlarymyza, tylda gijesini gündiz edip zähmet çeken merdana watandaşlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, asuda we abadan durmuş arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýanwar-aprel aýlaryndaky makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hasabat döwründe senagat we gurluşyk ulgamlarynda ýokary sepgitleriň eýelenmegi netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüşi gazanyldy.
2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dört aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 119,2 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Döwlet býujetine salgytlar ähli görnüşler boýunça doly ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115,7, çykdajy bölegi bolsa 95,5 göretim berjaý edildi. 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk haky 10,6 göterim ýokarlandy. Aýlyk haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberde tölenildi.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolundy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň depginleri barada aýtmak bilen, wise-premýer şu ýylyň dört aýynda 1,6 milliard manat möçberdäki maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini habar berdi. Şeýlelikde, ýyllyk meýilnamanyň 41,3 göterimi ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 49,6 göterim ösüş gazanyldy.
Maksatnamanyň çäklerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň 39-synyň gurluşygy tamamlandy. Munuň özi 2012-nji ýylyň degişli döwründäkiden 2,6 esse köpdür. Şeýle hem şu ýylyň dört aýynda 117,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanyp, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12 göterim artdy.
Harytlaryň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň eksportundan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň meýilnamasy 133,5 göterim ýerine ýetirildi.
Şu ýylyň dört aýynda döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijelerine umuman kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary ösüş depginlerini gazanmak üçin yzygiderli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ähli pudaklar boýunça gazanylan netijeleri aýma-aý seljermek we şonuň esasynda nobatdaky wezipeleri kesgitlemek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa öz çykyşynda ýurdumyzyň kanynçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň dört aýynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleri hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe döwlet syýasatynyň we hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň jähetinden, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy. Häzirki döwürde milli parlamentiň nobatdaky mejlisine taýýarlyk boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Mejlisde dürli ulgamlarda alnyp barylýan işleri kadalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryna serediler.
Bellenilen meýilnamalary mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmekde we türkmen döwletiniň halkara utgaşdyryjy ulgamyna goşulmagyny üpjün etmekde ygtybarly binýat bolup durýan milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini we onuň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman kanunçylyk binýadyny döretmek üçin kanunçykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäniň öwrenilmeginiň derwaýysdygyny nygtady. Milli Liderimiz kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny habar beriş serişdeleriniň üsti boýunça wagyz etmek işleriniň dowam etdirilmelidigini nygtady. Milli parlamentiň deputatlaryna ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz halkyň saýlan wekilleriniň hemişe wakalaryň jümmüşinde bolup, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalary we özleriniň saýlawçylary bilen yzygiderli aragatnaşykda bolmalydyklaryny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhamedow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem söwda, dokma senagaty we halyçylyk ulgamlarynyň esasy görkezijileri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe jemi haryt dolanyşygy babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 119,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şunda pudagyň bölek-satuw dolanyşygy 8,7 göterim, lomaý haryt dolanyşygy 27,5 göterim artdy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky meýilnama 173,5 göterim ýerine ýetirildi.
Dokma senagaty ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň dört aýynda öndürilen dokma önümleriniň möçberi babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şol döwürde ýerlenilen önümiň ösüş depgini 102,6 göterime deň boldy. Önümçiligiň düşewüntliliginiň derejesi 13,4 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça ýanwar-aprel aýlarynda haryt önümçiliginiň ösüş depgini 114,7 göterim üpjün edildi. Harytlyk önümlerini ýerlemek babatda 101 göterim ösüş depgini gazanyldy. Döwlet birleşiginiň kärhanalary boýunça düşewüntliligiň derejesi 11,2 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 49 birža söwdasy geçirildi, bellige alnan şertnamalary umumy bahasy 50,7 göterim artdy. Birža boýunça alnan girdeýjiniň ösüş depgini 106,1 göterime barabar boldy, daşary ýurt pulundaky girdeýjiniň ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy.
Söwda-senagat edarasy boýunça şu döwürde amala aşyrylan hyzmatlaryň ösüş depgini 102,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe jemi 7 sergi we 4 maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat önümleriniň öndürilişi 38 göterim köpeldi. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi hem 45,5 göterim artdy. Ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleri boýunça ösüş depgini 108 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe umumy haryt dolanyşygy 30,8 göterim artdy..
Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna “Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde haly kärhanasyny gurmak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, ýylda 800 müň inedördül metr haly önümlerini çykarmaga niýetlenen täze kärhana 14,5 gektar meýdanda ýerleşer. Bu ýerde iş orunlarynyň 750-ä golaýy dörediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda-dokma toplumynyň milli ykdsadyýetimiziň strategik taýdan möhüm we okgunly ösýän pudaklarynyň hataryna girýändigini belledi. Onuň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy bazaryň isleglerine laýyklykda çykarylan önümiň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz dokma önümlerini öndürijileriň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, maýa goýumlaryny çekmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak pudagyň kärhanalarynyň netijeli bazary öwrenmek syýasaty bilen sazlaşmalydyr diýip nygtady. Däp bolan halyçylyk pudagyny ösdürmäge hem toplumlaýyn çemeleşmek zerurdyr, şunuň bilen bagllykda, dünýädäki ýagdaýy öwrenmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Abadan şäherinde täze haly kärhanasyny gurmaga degişli resminama gol çekip, şu taslamanyň bellenen möhletde ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şol taslamany ýurdumyzyň ýerli gurluşyk kompaniýasy amala aşyrar.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzyň önümçilik-söwda ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň garamagyna girýän meseleler boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, şu ýylyň geçen dört aýynda berjaý edilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen syýasy gepleşikleri, netijeli söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklary ösdürýändigi hem-de şol oňaýly hyzmatdaşlygyň çägini has-da giňeldýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, şu döwürde Türkmenistana daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň sapara gelendigi bellenildi. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikler we duşuşyklar däbe öwrülen dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda täze, netijeli ädime öwrüldi.
Umuman alanyňda, ýanwar-aprel aýlarynda DIM-e degişli ugur boýunça biziň ýurdumyza daşary ýurtlaryň wekiliýetleriň 273-si sapara geldi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 207-si daşary ýurtlara iberildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde guralan maslahatlaryň, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklaryň we halkara derejesindäki beýleki çäreleriň 70-si geçirildi. Şeýle hem geçen dört aýda halkara resminamalarynyň 29-syna gol çekildi, bular Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Ýanwar-aprel aýlarynda ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň 10-sy, ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň birnäçe mejlisleri geçirildi. Şol toparlaryň işi Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.
Hasabat bermegiň barşynda wise-preimýer, DIM-niň ýolbaşçysy 10-11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçiriljek türkmen-gazak gepleşikleriniň netijeleri boýunça berk dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslandyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň transmilli “Demirgazyk—Günorta” demir ýolunyň türkmen-gazak bölegini ulanmaga bermek bilen bagly dabara gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde-de sebit we halkara derejesinde abraýly guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňaýly hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli ösdürjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň möhüm ähmiýetli jähetlerine ünsi çekip, şonda kesgitlenen wajyp wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, yzygiderli, netijeli işiň geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary barada durup geçip, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taryhyň dowamynda dostlukly iki halkyň arasyndaky medeni we ruhy umumylygyň, häzirki döwürde göwnejaý derejede dowam etdirilýän dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgeleriň munuň ygtybarly esasyna öwrülendigini aýtdy. Türkmenistanyň we Gazagystanyň “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesini döretmek baradaky bilelikdäki taslama gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar, diňe bir sebit däl-de, halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmekde bu demir ýola möhüm ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Gazagystan bilen doly möçberli hyzmatdaşlyk edilmegine ygrarlydygyny tassyklap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm ähmiýetli sahypanyň ýazylmagyna ýardam berjek sapara taýýarlyk görülmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäherinde) ilçihanasyny açmak hakyndaky” Permana hem-de bu Ilçihananyň meseleleri hakyndaky Karara gol çekdi. Milli Liderimiz degişli meseleleriň ählisiniň sazlaşykly çözülmegini üpjün etmegi tabşyryp, üstünlikli ösdürilýän türkmen-ýapon döwletara gepleşigini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanasynyň açylmagynyň uly ähmiýete eýedigingi we şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň dünýä derejesinde uly at-abraýa eýe bolup durýandygyny görkezýän nobatdaky subutnamadygyny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynyň şu ýylyň dört aýyndaky işiniň netijeleri, şeýle hem 6-7-nji maýda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň we köpçülikleýin habar beriş serişldeleriniň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň medeniýet babatdaky kuwwatyny artdyrmak, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek we daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barlandygy bellenildi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň daşary döwletleriň birnäçesine iş saparlary amala aşyryldy. Hasabat döwründe Halkara Nowruz baýramyna we Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan täze maglumatlar saýtlary döredildi. Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Aşgabatda Ýapon medeniýetiniň hepdeligi, Ukrainanyň Türkmenistpandaky Medeniýet günleri geçirildi, Mary we Balkan welaýatlarynda hindi kinofilmleri görkezildi, şeýle hem “German bahary” atly çäre guraldy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanan medeni çäreleri geçirmek üçin Astana şäherine uly wekiliýetiň iberilýändigini, şonuň düzümine ýurdumyzyň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň, belli döredijilik toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň goşulandygyny aýtdy. Şonda birnäçe çäreleri, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli işiniň gazak dilindäki neşiri bilen tanyşdyrylyş dabarasyny, sungat ussatlarymyzyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň innowasion taýdan ösdürilmegini göz öňünde tutmak arkaly, medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegşiň örän möhümdigini belledi hem-de milli medeniýetimiziň halkara derejesinde has giň gerim bilen wagyz edilmelidigine, medeniýetleriň milletara gatnaşygynyň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz medeni ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin hünärine ökde hünärli işgärleri taýarlamak, şol sanda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hünär öwretmek boýunça işiň gerimini güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutaynymyz Gazagystanda guraljak çäreler barada durup geçip, wise-premýere şol çäreleriň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda şu ýylyň ýanwar-arprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini Oba hojalyk ministrligi boýunça 11,9, Suw hojalyk ministrligi boýunça 103,5, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 143,6, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,9, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,7, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,9, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 118,6 göterime barabar boldy.
Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, şol sanda gowaçalara ideg etmegiň barşy barada giňişleýin maglumat berildi. Gowaça meýdanlarynyň köp böleginde häzirki döwürde doly gögeriş gazanyldy we hatarara bejergi we ýekeleme işleri alnyp barylýar.
Ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny bermek çäreleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri güýçli depginde barýar. Galla däne kabul ediji bölümler, elewatorlar, galla ýygyjy kombaýnlar, awtoulag we beýleki tehnikalar boýunça taýýarlyk işleriniň gerimi giňelýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümi tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.
Şeýle hem wise-premýer “2013-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky ” kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm pudagyň dolandyryşyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, netijeli maliýe-ykdysady usullary giňden ornaşdyrmagyň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň zähmetini höweslendirmegiň döwletimiziň oba syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi obasenagat toplumynyň girdejililiginiň ýokarlanmagyny, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artmagyny şertlendirer.
Ýakyn wagtda badalga beriljek galla oragy barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we eksport mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan bu oba hojalyk möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ünsi çekdi. Ýetişdirilen hasyly diňe bir ýygnap almak däl, eýsem, onuň ýitgisiz daşalmagy we göwnejaý derejede saklanmagy möhüm meseledir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Geljekki bol hasylyň özeni bolan gowaçalara edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
“2013-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky” karara gol çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere onuň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ulag we aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 104 göterime, ösüş depgini bolsa 106 göterime barabar boldy.
Hususan-da, hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamagyň möçberleriniň ösüş depgini 128,5, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 105,7 göterime deň boldy. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe şu görkezijiler degişlilikde 103,2 we 101,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýerine ýetirilen awia hyzmatlaryň ösüş depgini 124,5, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,5, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 123,7 göterim boldy.
Hasabat döwründe Aragatnaşyk ministrliginde telefon nokatlaryny oturtmak boýunça meýilnama 178 göterim ýerine ýetirildi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde aragatnaşyk ulgamynyň 1 müň 177 kilometre çekildi we 20 müň 494 telefon nokady gurnaldy.
Şeýle hem wise-premýeriň hasabatyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň şu ýylyň maý aýynda geçiriljek açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň mundan beýläk-de ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek, olaryň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak we artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berjekdigini belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ähli kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, aragatnaşyk pudagyna öňdebaryjy maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden çekmek, şeýle hem pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Özara peýdaly döwletara gatnaşyklarynyň we umuman aýdanyňda, ählumumy abadançylygyň we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň berkidilmegini şertlendirýän sebitleýin we halkara ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegine işjeň gatnaşýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Demirgazyk-Günorta” transmilli polat ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu şanly waka mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer häzirki wagtda gurulýan hem-de ýakyn geljekde ulanmaga beriljek möhüm desgalarda işleriň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gözegçilik edilýän pudaklar, şol sanda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi, Senagat ministrligi, Energetika ministrligi, Jemagat hojalygy ministrligi, şeýle hem Aşgabat şäheri we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,1 göterim berýaj edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,3 göterim ösüş gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna ünsi çekdi. Biziň esasy maksadymyz raýatlarymyzyň oňat ýaşamagy we netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr, bu örän wajyp işde ownuk zat ýokdur, täze desgalardaky gurluşyk işleri ýokary hilli we öz möhletinde alnyp barylmalydyr, ýerine ýetirilýän işler iň ýokary talaplara doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz gurluşyk ulgamyny toplumlaýyn özgertmek babatda göz öňünde tutulan ähli meýilnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtap, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak esasynda gurluşyk edaralarynyň işiniň netijeleligini ýokarlandyrmak boýunça anyk ädimleriň ädilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam eder.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, hasabat döwründe ulanmaga berlen desgalar barada habar berildi. Bilim ministrliginiň ugry boýunça 6 sany orta mekdep we 11 sany çagalar bagy ulanmaga berildi. Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Halkara uniwersitetiniň täze binasynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ugry boýunça Aşgabat şäherinde Okuw – ylmy merkezi gurmak, S.A.Nyýazow adyndaky halkara saglygy goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek we täze binasyny gurmak, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini bina etmek, şeýle hem Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammaryny gurmak boýunça işler amala aşyrylýar.
Hasabatda ýurdumyzyň ýokary we orta mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine hem-de türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan okuw we ylmy edebiýatlary neşir etmäge aýratyn üns berildi. Hususan-da, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 119-sy taýýarlanyldy we çapa berildi, olardan 36-sy eýýam neşir edildi.
Ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanda halkara ylmy maslahatlaryň ikisi geçirildi.
Ýurdumyzyň okuwçylary we talyplary halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Hasabat döwründe ders we taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary 7 sany halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 49 medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Gresiýada we Belarusda geçirilen olimpiýadalara gatnaşyp, jemi 9 medala eýe bolmagy başardylar. Türkmen türgenleri dünýä we Aziýa ýaryşlarynda hem üstünlikli çykyş etdiler. Olar halkara ýaryşlarynda 21 altyn, 38 kümüş we 19 bürünç medaly gazandylar.
Wise-premýer şeýle hem golaýda Malaziýanyň paýtagty Kuala –Lumpur şäherinde geçirilen Aziýa futbol konfederasiýasynyň maslahatyna türkmen wekilýetiniň gatnaşandygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän bilim, ýaşlary terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny aýtdy. Ýurdumyz raýatlarymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, olaryň mümkinçiliklerini we ukyplaryny açmaga gönükdirilen durmuş syýasatyny alyp barýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bu babatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyklary giňden ýola goýmak boýunça işleriň güýçlendirilmeginiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynda desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçilik etmegi, şeýle hem ylym-bilim edaralarynyň maddy –enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerini okuw-gollanma edebiýatlary bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowa söz berildi. Ol özüne ynanylan ugurdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlaýanan Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Şu maksatnamanyň esasy wezipesi sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, tejribä degişli maslahatlary işläp taýýarlamak arkaly ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, kadalaşdyrylmadyk iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar.
Maksatnamada ilata sagdyn iýmitlenmek boýunça düşündiriş bermek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny we beden taýdan işjeňliligiň möhümdigini wagyz etmek, şol işe maglumatlar we guramaçylyk-usuly taýdan goldaw bermek, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem her bir raýatda sagdyn iýmitlenmegiň endiklerini terbiýelemek boýunça yzygilerli çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerini we halkara kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly işlenip düzülen bu maksatnama ekologiýa we arassaçylyk-gigiena babatdaky talaplara laýyklykda, ýurdumyzda azyk önümçiliginiň, ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerinde sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini we usullaryny oňaýlaşdyrmak boýunça ylmy barlaglaryň höweslendirilmegine, şeýle hem degişli hünärmenleriň taýýarlanmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagşaty ministrligi bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyny utgaşdyryjy bolar, şonda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF), BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki halkara guramalary, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ministrlikleri we pudak edaralary hyzmatdaşlyk etmäge çekiler.
Şeýle hem G.Elýasow döwlet Baştutanymyza ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bulara garşy göreşmek boýunça halkara maslahatynyň – Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa býurosynyň agzalary bolup durýan döwletleriň saglygy goraýyş ministrleriniň derejesindäki duşuşugyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu duşuşygy 2013-nji ýylyň dekabrynda geçirmek göz öňünde tutulýar, şonda Aşgabatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçyly we şu ugur boýunça ministrler, bilermenler ýygnanarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ilatynyň saglygynyň goralmagynyň we ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagynyň döwlet strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmennistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamany kabul etmegiň möhümdigi barada aýdyp, onuň durmuşa geçirilmeginiň sagdyn iýmitlenmek boýunça toplumlaýyn syýasaty kemala getirmegiň guralyna öwrüljekdigini, iýmitlenmegiň bozulmagy bilen bagly köp sanly keselleriň ýaýramagynyň azaldylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, azyk önümleriniň howpsuzlygyna degişli meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz azyk önümleriniň howpsuzlygyn onuň dürli görnüşlerde bolmagyny we sagdyn iýmitlenmäge degişli meseleler babatdaky düşünjäniň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň adamyň ýaşaýşynyň hiline dahylly esasy görkezijiler bolup durýandygyny aýdyp, degişli işleriň guralmagy boýunça tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli aksatnamany tassyklamak hakyndaky” karara gol çekip, ministre bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy hem-de şu ugurdaky ähli işleriň ylmy esasda we häzirki döwürde adamlaryň saglygyny pugtalandyrmagyň konsepsiýalaryna esaslanmalydygyny aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Aşgabatda saglygy goraýyş ministrleriniň gatnaşmagyndaky forumyna ykjam taýýarlyk görmegi we ony göwnejaý derejede geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tagallalaryna goşulýandygyny we netijeli, hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny aýdyp, şol hyzmatdaşlygyň esasy maksadynyň milli saglygy goraýşy innowasion taýdan ösdürmekden, oňyn halkara tejribesini öwrenmekden we ahyrky netijede ýurduň esasy baýlygy hasaplanýan halkyň saglygyny goramakdan ybarat bolup durýandygyny aýtdy. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş edip, geçen dört aýda ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we balyk senagatynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hususan-da, 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, şeýle hem ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek boýunça ösüşiň gazanylýandygy bellenildi. Degişlilikde, nebit önümleriniň öndürilýän möçberleri, şol sanda, awtomobil benzini 1,9 göterim, suwuklandyrylan gaz 5,3 göterim, polipropilen 3,4 göterim, tehniki çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri 1,5 göterim möçberinde artdyryldy.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipelere laýyklykda, burawlaýyş işleriniň möçberi geçen ýyldakysy bilen deňeşdireniňde 27 göterim artdy.
Şeýle hem täze “Galkynyş” gaz känini abadanlaşdyrmagyň barşy barada aýdyldy, bu ýerde gazy gaýtadan işleýän zawod, çykarylýan ýangyç çig malyny kükürtden arassalamak we harytlyk gazy taýýarlamak boýunça desga, ulanyş guýulary, önümçilik düzümine degişli beýleki desgalar ulanmaga bermek üçin taýýarlanylýar.
Wise-premýer soňky ýyllarda ýurdumyzyň çäklerinde açylan täze ýangyç ýataklarynyň senagat taýdan çalt depgin bilen özleşdirilmegini işjeňleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz bu hasabaty diňläp, türkmen ýangyç-energetika toplumyny batly depgin bilen ösdürmegiň strategiýasynyň ýurdumyzda ýangyjyň barlanylan we geljegine umyt baglanýan uly gorlaryna esaslanýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz şundan ugur almak arkaly, tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän we eksporta iberilýän möçberiniň artdyrylmagynyň, ony Ýewraziýanyň energiýa serişdeleri babatda bildirilýän islegiň artýandygyny görkezýän uly bazarlaryna ýetirmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa etmegiň biziň energetika syýasatymyzyň möhüm ähmiýetlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň däp boýunça deňhukuklylyga we özara bähbitlilige mahsus bolan ýörelgeler esasynda energetika ulgamynda amala aşyrýan giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrmaga, ählumumy energetiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça meseleleriň netijeli çözülmegine gönükdirilendigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň Buraw desgalaryny satyn almagy hakyndaky” karara gol çekip, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, onuň düzümini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, täze tehnikany we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Ý.Kakaýewe anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde aýdylan hasabatlary jemläp, ýurdumyzyň şu ýylyň dört aýyndaky ösüşiniň netijeleriniň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öňküsi ýaly ýokary ösüş depginleriniň saklanyp galýandygyny görkezýändigini belledi. Hususan-da, ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 109,2 göterime barabar bolup, durnukly bolmagynda galmagy munuň subutnamasydyr.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda we düzümlerde geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyz şäherler we obalar, zawod-fabrikler gurulýar, nebitgaz senagaty yzygiderli ýagdaýda ösdürilýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde senagatyň paýynyň örän gysga wagtyň içinde eýýäm 57 göterime ýetendigini belledi. Gurluşygyň paýy hem artyp, 12,2 göterime barabar boldy. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 5,1 göterim artdy. Zähmet haklarynyň möçberi hem köpelýär.
Ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, medeni-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi halkara derejesindäki çäreleri we döwlet baýramlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, ýakynda bellenilen Türkmen bedewiniň baýramyny muňa mysal hökmünde görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýram ata Watanymyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrdy, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň şan- şöhratyny belende göterdi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ähmiýetini artdyrdy diýip, şu dabaralara gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geçen ýylyň başynda biz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça giň möçberli maksatnamany kabul etdik diýip belledi we şol Prezident maksatnamasyna ýygnananlaryň ünsüni çekip, şoňa laýyklykda ýerlerde dürli desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunda täze gurluşyklaryň agramly bölegi durmuş maksatly desgalardan ybarat bolup durýar.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy 40 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 1800-e golaý desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belläp, gurluşygyň hiline we şol desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Wise-premýer A.Ýazmyradowa häkimler we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýetişdirilen galla hasylynyň gysga wagtyň içinde ýitgisiz ýygnalyp alynmagy we bildirilýän talaplara laýyklykda saklanylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnalan galla hasylyny gyş aýlarynda kadaly şertlerde saklamak üçin etraplarda gurulýan elewatorlaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça ähli zerur işler geçirilmelidir diýip belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowa ýüzlenip, geçiriljek wajyp ähimiýetli halkara saparlaryna ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ýeňiş günini we ýurdumyzyň Baş baýramyny – Garaşsyzlyk gününi, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklar berildi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleleriň birnäçesine garalyp, degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisi jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we ata Watanymyzyň rowaçlygy ugrundaky işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.