Ï Karting boýunça ýaryşlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Karting boýunça ýaryşlar

view-icon 879
Karting boýunça Türkmenistanyň awtosport merkeziniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa bäş topar gatnaşdy. Kartyň tapgyrlarynda 50 kub santimer möçberdäki güýçdäki hereketlenidrijide „Ýaraw“ toparyndan Amir Waratanow ýeňiş gazandy, 125 kubly derejede bolsa „Patriot“ derejesinden Awtosportuň milli merkeüinden karen Awagýan çempion bolmagy başardy. „Hazar“ (Balkan welaýaty ) toparynda Maksim Andreew we onuň halypasy we kakasy Wadim Andreýew degişlilikde wise-çempion baolmagy başardylar.

Awtasport milli merkeziniň ýene-de bir wekili Kirill Dewýatkin 125 kub kartlarda ýaşlaryň arasynda birinji bolmagy başardy. Onuň klubdaşy Röwşen Mollamyardow ikinji orny we baýrakly üçünji orny bolsa, „Azatlyk“ toparyndan Wiktor Berezuskiý eýledi.

„Halkara“ derjeli 125 kub kartlaryň tapgyrynda „Baýram“ toparyndan Begenç Annaýew ýeňeş gazandy. Ol bu derejäniň tapgyrlarynyň üçüsinde hem pellehanada „Ýaraw“ toparyndaçykyş edýän öz dogany Agamyrat Annaýewi (ikinji orun) we „Azatlyk“ toparyndan Maksim Kostini (üçünji orun) özup geçmegi başardy .

Hereketlendirijileriň göwrümi boýunça iň güýçlisinde (250 kub) tapgyrlarda Wýaçeslaw Şkunow („Azatlyk“) birinji gelmegi başardy.Ikinji orna Konstantin Fedoryçew (Awtosport milli merkezi), üçünji orna „Baýram“ toparyndan Bezirgen Annaýew mynasyp boldy.

Bäsleşigiň baş baýragyny – Ýeňiş kubogyny Awtosport milli merkeziniň wekilleri eýelemegi başardylar. Umumytopar hasabynda ikinji orna „Azatlyk“, çünji orny „Baýram“ topary eýeledi.

Geçen ýylyň ahyrynda Stambulda bolup geçen FIA Halkara awtosport merkeziniň baş assambleýasynyň Awtosport milli merkeziniň onuň hataryna girizilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu türkmen türgenlerine halkara bäsleşiklerine giň ýollary açýar, bäsleşikleriň ýurduň çäklerinde guralmagyna mümkinçilikleri döredýär. Munuň üçin häzirki wagtda „Aşgabat“ köp ugurly sport toplumynyň binýadynda eýýäm ajaýyp ýaryş ýodasy bar, şeýle hem olaryň täzesini gurmak işleri alnyp barylýar.