Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 803
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, ilkinji nobatda, galla oragynyň ileri tutulýan wezipeleri, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň başynda hökümetiň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada çykyş edip, olaryň düzümlerini ösdürmek we maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa öz gezeginde döwlet Baştutanymyza garamagyndaky düzümleriň işleri, ýakyn geljek üçin meýilleşdirilýän çäreler, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini gün tertibine girizdi. Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli aragatnaşyk boýunça wise-premýerler S.Toýlyýewe we B.Nurmyradowa ýüzlenip, bu meseläniň häzir dünýä möçberinde örän möhüm bolup, ählumumy howpsuzlygynyň bir bölegi we tagallalary birleşdirmegiň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ählumumy hepdeliginiň ruhuna we wezipelerine gabat gelýän degişli çäreleri guramagy we geçirmegi tabşyrdy.

BMG-niň howandarlygynda geçirilýän bu bütindünýä çäresi tutuş dünýäde pyýadalaryň howpsuz hereket etmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Onuň geçirilmegi şeýle uly möçberli meseleleriň Milletler Bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan BMG-niň tutuş dünýäde pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Häzirki zaman Türkmenistan bu meseläni çözmäge durmuş syýasatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde jogapkärli we çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýollar şu wezipäni nazara almak arkaly gurulýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyzda ähli ýol-ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine alýar. Okuw mekdepleriniň ýanynda we adamlaryň köpçülikleýin bolýan ýerlerinde ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hökmany tertipde nobatçylyk edýärler.

Muňa garamazdan, adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmek, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemek örän möhüm wezipe bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz ýol - ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şu maksatlar üçin sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny geçirmegi, onuň çäklerinde ýollarda howpsuz hereket boýunça okuw derslerini, beýleki öwreniş, öňüni alyş we wagyz-nesihat çärelerini guramagy, tele we radioýaýlymlarynda ýörite gepleşikleri taýýarlamagy, metbugatda şu meselä degişli habarlary çap etmegi tabşyrdy. Şu çäräni guramakda degişli halkara guramalarynyň, BMG-niň agentlikleriniň kömeginden peýdalanmak gerek. Türkmenistan BMG-niň başlangyçlaryny iş ýüzündäki hereketleri bilen goldaýar.

Ilkinji nobatda hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge we türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga gönükdirilen bu çäreleriň hemmesi biziň döwletimiziň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça BMG tarapyndan yglan edilen Onýyllygyň esasy maksatlaryny gazanmakda ýene-de bir goşandy bolar.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz umumybilim bermek işinde döredijilik taýdan terbiýelemek ýaly nukdaýnazara ünsi çekip, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde sungatyň mümkinçiliklerini, mysal üçin, aýdym-sazy we beýlekileri giňden peýldalanmak meselesini gozgady.

Ýaşlara ýokary hilli bilim bermek, aňly-düşünjeli ösdürmek, olary sagdyn durmuş ýörelgesinde hem-de ýokary ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek milletiň geljeginde öz beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda okuw edaralarynyň işini işjeňleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, çagalaryň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmak üçin ähli zerur çäreleriň görülmegi babatda wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew çagyryldy. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat şäheriniň düzümine täze etraplary döretmek babatda ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtynyň çalt depginler bilen ösýändigine, onuň ilatynyň artýandygyna yzygiderli üns berýär. Degişlilikde, paýtagtymyzyň çäkleri şäherýaka ilatly ýerlere ýanaşyp barha giňelýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Ruhabat etrabynyň Aşgabat şäherine ýakynlykda ýerleşýän ilatly ýerlerini birleşdirmek we paýtagtymyzyň täze etraplaryny döretmek baradaky meseläni öwrenmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk, senagat we elektroenergetika toplumlarynyň kuwwatyny has-da döwrebaplaşdyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şähergurluşygy, hususan-da, paýtagtymyzy gurmak barada aýdylanda bolsa, şunda häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inžener-tehniki we binagärlik çözgütlerini iş ýüzünde ulanmak esasy ugurlar bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmek meselesi barada durup geçmek bilen, okgunly ösýän türkmen paýtagtynyň täze etraplaryny döretmek bilen bagly meselelere düýpli we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew öz gözegçilik edýän düzümleriniň işleri barada hasabat berdi. Şol meseleleriň hatarynda Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş”gaz känini abadanlaşdyrmak we bu ýerde täze guýulary burawlamak boýunça işleriň barşy, şeýle hem “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” /TOPH/ transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny ilerletmek bilen bagly işler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bag zolaklaryny we seýilbaglary döretmek hakynda” kararyň taslamasy hödürlendi. Bellenilişi ýaly, gözelligini artdyrjak bu dynç alyş künjeginiň umumy meýdany 76 gektara barabar bolar we şypahanany kesip geçýän gämi gatnawly derýanyň demirgazyk tarapynda ýerleşer. Bu sebitde şeýle hem awtoduralgalaryň 4-sini hem-de özboluşly elektrik yşyklandyryjylary öz içine alýan beýleki düzümleýin desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz “Galkynyş” gaz känini ulanmaga tabşyrmak boýunça wise-premýere anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz şypahanany bagy-bossanlyga büremek işine toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Onuň çäkleri ýakyn geljekde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda gülläp ösýän ajaýyp bagy-bossanlyga öwrüler. Biziň maksadymyz bu ýerde türkmenistanlylaryň, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin amatly şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bag zolaklaryny we seýilbaglary döretmek hakynda” karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek, deňiz kenarynyň toprak-howa şertlerinde oňat ösýän hem-de ýerli tebigy gurluş bilen sazlaşykly utgaşýan agaç nahallaryny seçip almak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi çagyrdy. Ol özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, orta möhletli we uzakmöhletli geljek üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet hem-de milli maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, obanyň durmuş we inženerçilik düzümlerini ösdürmek boýunça işi dowam etdirmek hem-de ähli meýilnamalaryň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolan meselelere gözegçilik etmek zerurdyr. Milli Liderimiz bu ugurda oňat netijeleri gazanmak üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň we degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri A.Taganowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol garamagyndaky guramalaryň işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Bütindünýä ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Baku şäherine (Azerbaýjan Respublikasy) hem-de III Halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Dubaý şäherine (Birleşen Arap Emirlikleri) amala aşyrylan iş saparlarynyň netijeleri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ady agzalan çärelerde Türkmenistanyň maýa goýum kuwwaty, milli ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmegiň tejribesi, bu ugurda gazanylan üstünlikler, şeýle hem ýurdumyzda hususy ulgamy ösdürmek bilen bagly işler bilen tanyşdyryldy. Forumlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň biziň ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we berkitmäge uly gyzyklanma bildirendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň şeýle iri forumlara gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýagdaýyň türkmen döwletine uly hormatyň, biziň ýöredýän oňyn syýasatymyzyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyza artýan gyzyklanmasynyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Mundan başga-da, abraýly forumlara gatnaşmak özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orun eýeleýär we milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz goşmaça daşary ýurt maýasyny ýurdumyza çekmek üçin şeýle çäreleriň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýewi çagyrdy. Ol häzirki döwürde birleşigiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudagy ösdürmek maksady bilen, çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen häzirki zaman tohum atlar toplumyny we onuň ýanynda atşynaslar üçin ähli amatlyklary bolan şäherçäni gurmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine girişilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat atçylyk sport toplumynyň ýanynda Okuw – usulyýet merkezini döretmegiň, häzirki zaman Karantin-weterinar merkezini gurmagyň zerurdygyny belläp, bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy Ý.Annaýewe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iş saparynda bolup, sebitlerdäki atçylyk-sport toplumlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoşekilli aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol welaýatda geçirilýän işler, hususan-da, galla oragyna görülýän taýýarlygyň barşy, gowaça ideg etmek boýunça görülýän agrotehniki çäreler, şeýle hem welaýatyň çäginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Ýeňiş gününe gabatlanan dabaralar barada habar berildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada habar bermek bilen, welaýatyň häkimi sebitde gurulmagy göz öňünde tutulýan çagalar sagaldyş - dynç alyş merkeziniň taslamalaryny we çyzgylaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyny guramaçylykly we öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, oba hojalyk tehnikasynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, ýetişdirilen gallany soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek meselesine hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ýeňiş baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan çäreler baradaky meselä degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meselesini gozgamak bilen, milli Liderimiz häkimden medeni-durmuş maksatly desgalary gurmagyň iş depginlerini çaltlandyrmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň hödürlenen taslamalary babatda aýdan belliklerini nazara almak bilen, olary gutarnykly işlemegi hem-de bu desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň käbir ilatly ýerlerini Aşgabat şäheriniň düzümine girizmek baradaky meseläni öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowy çagyrdy, ol welaýatda işleriň ýagdaýy, galla oragyna taýýarlyk görmegiň barşy, welaýatyň çäginde gurulýan desgalarda işleriň barşy hakynda jikme-jik hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy Ýeňiş gününe bagyşlanylan baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk hakynda hem habar bedi, bu baýramçylyk welaýatyň ähli etraplarynda dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Hasabatyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyny guramak maksady bilen görülýän çäreler hakynda hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak galla oragyna we ony guramaçylykly geçirmäge degişli meselä ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gündelik işleri, ilkinji nobatda, gowaça ideg etmäge degişli işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň möhümdigi hakynda söz açyp, ekerançylyk meýdanlary mineral dökünler bilen öz wagtynda we oňat hilli gurplandyrmagy üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz etraplaryň ýolbaşçylarynyň hojalyklarda we daýhan birleşiklerinde geçirilýän ähli oba hojalyk çärelerini yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny, ähli ýüze çykýan meseleleri öz wagtynda çözmelidiklerini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň türkmen-gazak bölegini ulanmaga bermegiň öňde boljak dabarasyna taýýarlyk görlüşi bilen bagly meselelere ünsi çekip, häzirki wagtda Türkmenistanyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge we tutuşlygyna alnanda, abadançylyga hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etjek şaha ýaýradan sebitleýin we halkara ulag-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu şanly waka bagyşlanylan dabaralara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi welaýatyň häkimine tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ýeňiş gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin A.Annamuhammedowy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmegiň barşy we gowaçalara ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler we şanly senä -- 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygyna gabatlanan çäreler hakynda aýtdy. Häkim hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny we merkeziň taslamalaryny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş-durmuş we ykdysady düzümleriň kemala gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigini belläp, sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleriň oňyn çözülmegi ugrunda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz häkime Ýaşulular maslahatynyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, öňde boljak galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini, gowaçalara edilýän idegiň agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara birnäçe düzedişleri girizdi we degişli bellikleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz sebitde Ýeňiş baýramyna gabatlanan çäreleri guramaçylykly geçirmäge ykjam taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň barşy, şol sanda gowaçalara edilýän ideg işleri we galla oragyna taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, welaýatyň häkimi hormatly Prezidentimiziň garamagyna welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň ýerleşjek ýerleri bilen baglanyşykly çyzgylary we olaryň taslamalaryny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň, ozaly bilen galla oragyna taýýarlyk işleriniň we gowaçalara edilýän idegiň depginini ýokarlandyrmak, olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, sebitiň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede yzygiderli berjaý edilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz häkime galla oragyna girişilmeli pursadyň möhletleri bilen gyzyklanyp, bu derwaýys möwsümiň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalaryň üstünde durup geçmek bilen, olara birnäçe bellikleri aýdyp, degişli desgalary gurmak üçin bäsleşigi yglan etmek bilen bagly meseleleri çözmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz diňe bir welaýatyň däl, eýsem, ýurdumyzyň senagat düzüminiň sazlaşykly ösüşinde möhüm orny eýelejek Garlyk şäherçesiniň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralara ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Ýeňiş baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Şeýle hem häkim sebitiň senagat düzümini ösdürmek, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi. Şeýle hem öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna sebitde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary hödürlendi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işlerine ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny, galla oragynyň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün edýän ýörite iş meýilnamasynyň düzülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara degişli düzedişleri girizdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini belläp, häkimden “Galkynyş” gaz käninde bina edilen desgalar toplumynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi talap etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralaryna we beýleki medeni çärelere, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow şäher hojalygynda işleriň ýagdaýy hakynda we hususan-da, paýtagtymyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzda täze etraplary döretmek baradaky degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem ýetip gelýän ählihalk baýramçylygy bolan Ýeňiş gününe taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselelerine ünsi çekip, türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek, şäher düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, jemagat we beýleki degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen bir hatarda, häkime Aşgabadyň täze etraplaryny döretmek baradaky bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän Ýeňiş güni baradaky meseläni gozgap, bu şöhratly baýramçylyga bagyşlanan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün etmek barada görkezme berdi, şol baýramçylykda türkmen halky söweş meýdanlarynda gurban bolan öz gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini hatyralaýar hem-de weteranlary – Watanymyzyň edermen goragçylaryny, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny we tylyň gaýduwsyz zähmetkeşlerini hormatlaýar.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň jemini jemläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, esasan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda abadan, mynasyp şertleri döretmek üçin ähmiýeti uly bolan, şu günki garalan ähli meseleleriň möhümdigini ýene bir gezek belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de türkmen döwletiniň gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.