Ï Futbol: ýarym finalçylar soňky tapgyrda kesgitlener
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol: ýarym finalçylar soňky tapgyrda kesgitlener

view-icon 789
Şu gün “Köpetdag” stadionynda “Dostluk” kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň açylyşy boldy, ol eýýäm 13-nji gezek geçirilýär. Sport, ýaşlyk we gözellik baýramçylygyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan sekiz topar gatnaşdy, olar hormatly baýraga mynasyp bolmak ugrunda bäsleşýärler.

Futbol meýdançasynda dabaraly ýöriş sazynyň owazy astynda ýaryşa gatnaşyjy ähli toparlaryň atlary ýazylan ýazgylar çykarylýar. Bu ýerde ýaşyl futbol meýdanynyň gyrasynda günüň altynsow şöhlesine lowurdaýan “Dostluk” kubogy owadan sekide goýulýar. Futbolda, akrobatikada, sport we çeper gimnastikada, başa-baş göreşlerde we sportuň beýleki görnüşlerinde öz ussatlyklaryny görkezýän türgenleriň uly toparlary baýramçylyga täze öwüşgin berýärler.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan uly möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistanda sport ruhubelentligiň, ösüşiň we döredijiligiň milli derejede täze belentliklerine çykmagyň aýdyň nyşanlarynyň biri boldy. “Sagdyn bedende-sagdyn ruh” atly şygar ajaýyp beden taýýarlygyny we sportuň ençeme görnüşlerinde ussatlygyny görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi netijesinde aýratyn hem türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda hemme ýerde dürli sport desgalarynyň, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, häzirki zaman sport toplumlarynyň we sport mekdepleriniň gurluşygy ýaýbaňlandy. Türkmenistanda ilatymyzyň giň toparyny öz hataryna çekmek bilen dürli derejedäki ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

“Dostluk” kubogy ugrunda geçirilýän ýaryş hem ýaş futbolçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan şeýle ýaryşlaryň biridir. Dürli ýyllarda bu ýaryşlar soňra ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyna giren zehinli futbolçylaryň uly tapgyry üçin badalga alyş meýdançasynyň ornuny tutdy. Häzirki ýaryşda ýurdumyzyň futbol toparynyň geljekki ussatlary, 17 ýaşa çenli bolan ýetginjekler öz ussatlyklaryny taplaýarlar.

Öň habar berlişi ýaly, düýn birinji tapgyryň oýunlary geçirildi.

Şu gün geçirilen dört ýaryşyň diňe biri ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy. Ony “Lebap” toparyny 4:1 hasaby bilen utan “Olimp” topary görkezdi. “A” toparynyň öňbaşçylary bolan “Ahal” we “Aşgabat” toparlarynyň duşuşygy 0:0 hasaby bilen deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde, jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda bu toparda 4 utuk gazanyp, “Ahal” we “Aşgabat” toparlary öňdeligi saklaýarlar. “Olimp” toparynyň 3 utugy bar. Ýaryş tablisasynda ahyrky orny häzirlikçe hiç utugy bolmadyk “Lebap” topary eýeleýär.

”B” toparynda “Dostluk” kubogyna iki gezek mynasyp bolan “Balkan” toparynyň futbolçylary olimpiýa rezerwiniň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebinden bolan ýaşytdaşlaryndan 1:0 hasaby bilen dartgynly göreşde ýeňiş gazandylar. “Mary” we “Daşoguz” toparlarynyň ýaryşynda 1:1 hasaby bilen deňlik gazanyldy. Bu toparda 4 utugy bolan “Balkan” topary öňde barýar. Soňra 3 utuk gazanan olimpiýa rezerwiniň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebiniň futbol topary, 2 utuk gazanan “Mary” topary we 1 utuk gazanan “Daşoguz” topary barýar.

Ertir bu ýaryşda dynç alyş güni bolar. Üçünji tapgyryň oýunlary 8-nji maýda geçiriler, şolaryň jemleri boýunça ýarym finalçylar kesgitlener.