Basketbol: baş baýraga dört topar dalaş edýär
“Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda “Dostluk” Kubogyny almak ugrunda 17 ýaşdan uly bolmadyk basketbolçylaryň arasynda geçirilýän ýaryşda baş baýraga dalaşgärleriň sany dört topara çenli azaldy. Kubok üçin ýaryşy “Balkan”, “Lebap” we paýtagtyň toparlarynyň ikisi -- “Aşgabat-1” we”Olimp” dowam eder. Bu toparlaryň bäsleşigi dowam etmegi toparlaýyn jemleýji duşuşyklaryň netijesinde kesgitlendi.
“A” toparynda birinji duşuşykda “Ahal” “Maryny” 39:36 hasabynda ýeňdi. Ikinji oýunda bolsa haýsy toparyň 1-nji orny eýeläp, haýsynyň bolsa 2-nji orny eýeläp, ýarym finala çykjagy belli boldy. Şonda “Aşgabat-1” “Olimp” topardan 66:47 hasap bilen üstün çykmagy başardy. Netijede, Aşgabat şäher sport komitetiniň basketbol sport mekdebiniň “Aşgabat-1” topary öz toparynda iň köp bolan 6 utuk gazandy. Ikinji orna bolsa 5 utuk bilen “Olimp” sport mekdebiniň wekilleri mynasyp boldular.
“B” toparda birinji orny 6 utuk bilen “Balkan” topary eýelemegi başardy. Ol “Daşogzy” 89:28 hasaby bilen ýeňdi. Ikinji orna bolsa “Aşgabat-2” toparyny 44:26 hasabynda utmagy başaran, “Lebap” topary 5 utuk gazanyp mynasyp boldy.
Şeýlelikde, 9-njy maýda ýarym finalda “Aşgabat-1” -- “Lebap” we “Balkan” -- “Olimp” duşuşarlar.
“Dostluk” Kubogynyň eýesi bolsa 10-njy maýda belli bolar.