Ï HTTU öňdebaryjylaryň arasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HTTU öňdebaryjylaryň arasynda

view-icon 780
Harkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi paýtagtyň “Altyn asyr” toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi bilen ýokary liganyň toparlarynyň arasyndaky çempionatyň sekizinji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.

Duşuşyk “Köpetdag” stadionynda geçirildi. Oýnuň hasabyny 9-njy minutda HTTU-nyň hüjümçisi Arslanmyrat Amanow açdy. 17-nji minutda Guwanç Abylow jogap pökgini geçirip, hasaby deňledi. Duşugyň 27-nji minudynda bolsa amatly tilsimler netijesinde A.Amanow ikinji pökgini geçirdi—2:1. Duşuşygyň ikinji ýarymynda hasap üýtgemedi.

Şu ýeňşinden soň, HTTU 15 utuk toplady (şunça utuk “Aşgabat” we “Mary” toparlarynda-da bar) we sanawyň başyny çekip gelýän 16 utukly “Ahala” has ýakynlaşdy.

Tora pökgi geçirmek boýunça öňdeligi Mämmedaly Garadanow (“Balkan”) alyp barýar. Onuň hasabynda 7 pökgi bar. Ondan iki pökgi az geçiren Didar Hajyýew (“Ahal”) ikinji orunda barýar.

Milli futbol ýaryşynyň sekizinji tapgyry “Balkan”--“Aşgabat” toparlarynyň 23-nji iýuna geçirilen oýny bilen tamamlanar.