Ï “Dostluk” Kubogy ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Dostluk” Kubogy ugrunda

view-icon 818
Futbol: ýarym finalçylar kesgitlendi

17 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda “Dostluk” Kubogy ugrunda türkmen paýtagtynda dowam edýän futbol ýaryşynda ýarym final oýunlara gatnaşjak toparlar kesgitlendi.

“Aşgabat” we “Balkan” toparlary birinji, olimpiýaçylary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebiniň topary we “Ahal” ikinji ýarym final oýunlarynda çykyş eder. Munuň özi toparlarda geçirilen ýaryşlaryň jemleýji gününde - şu gün kesgitlendi.

“A” toparynda “Aşgabat” topary 6:1 hasaby bilen “Lebap” toparyndan ynamly ýeňiş gazandy, “Ahal” topary bolsa “Olimp” toparyndan 3:1 hasaby bilen üstün çykdy. Şonuň netijesinde “Aşgabat” we “Ahal” toparlary utuklaryň birmeňzeş sanyny, ýagny 7 utuk gazandylar. Ýöne tora salnan pokgüleriň tapawudy boýunça Aşgabat şäher sport komitetiniň sport futbol mekdebiniň futbolçylary ýaryşyň sanawynda öňdäki orny eýeledi, Ahal welaýatynyň wekilleri bolsa ikinji orna çykdylar.

“B” toparynda Sport baradaky döwlet komitetiniň olimpiýaçylary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebiniň topary 1:0 hasaby bilen “Mary” toparyny utdy, “Daşoguz” we “Balkan” toparlary 2:2 hasaby bilen deňme-deň oýnadylar. Şeýlelikde, olimpiýaýylary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebinde terbiýelenýänler 6 utuk gazandylar we toparda birinji orny eýelediler, “Dostluk” Kubogyna iki gezek mynasyp bolan “Balkan” toparynyň futbolçylary bolsa 5 utuk bilen ikinji orunda galdylar.

Ýarym final ýaryşlary 9-njy maýda “Aşgabat” stadionanda geçiriler. Ilki bilen 16 sagat 30 minutda “Aşgabat” we “Balkan” toparlary meýdana çykar, soňra bolsa sagat 18-de olimpiýaçylary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler mekdebiniň topary we “Ahal” topary duşuşar.

“Dostluk” Kubogyna mynasyp bolan topar 11-nji maýda kesgitlener.

“A” toparynda komandalaryň gazanan netijeliri:

“B” toparynda komandalaryň gazanan netijeleri: