Ï Doganlyk iki ýurduň we tutuş sebitiň ösüşi ugrundaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Doganlyk iki ýurduň we tutuş sebitiň ösüşi ugrundaky hyzmatdaşlyk

view-icon 607
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlanýar, bu saparyň barşynda goňşy iki döwletiň Liderleri Gurbangudy Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar hem-de olar bilelikde transmilli “Demirgazyk – Günorta” demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara gatnaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň Baştutany Astanada ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhüm ähmiýetlidigini we häzirki döwürde döwletara gepleşiginiň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi, diňe bir hoşniýetli goňşular däl-de, eýsem ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan doganlyk iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy bitewiligi bu gepleşigiň ygtybarly binýady bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna şu döwlet sapary Türkmenistanyň däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň, ählumumy bähbitler ugrunda deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen esasy ugra ygrarlydygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüler.

Bar bolan örän uly şertnamalaýyn-hukuk binýady hem netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary depgin bilen ösdürilmegine, goňşy iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we gumanitar gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär. Döwletara hyzmatdaşlygyna badalga berip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyran 60-a golaý resminamalardan ybarat bolan ikitaraplaýyn şertnamalara we ylalaşyklara laýyklykda söwda-ykdysady gatnaşyklar ýylsaýyn pugtalandyrylýar.

Özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýagdaýda ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Diňe bir 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde özara haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde 39,3 göterim artdy. Şeýle hem iki ýurduň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan rowaçlanmagyna we abadançylygyna ýardam berýän bilelikdäki möhüm taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklaryň, ýokary we hökümet derejesindäki özara saparlaryň barşynda taraplar serişdeler babatda kuwwatly binýada, şeýle hem ösen düzüme eýe bolup durýan goňşy iki döwletiň bar bolan mümkinçiliklerinden dolulygyna peýdalanmagyň örän wajypdygyny hem-de munuň dürli ugurlar, ilkinji nobatda iki ýurduň möhüm ähmiýet berýän energetika we ulag ulgamlary boýunça bilelikde işlemek üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýändigini tassyklaýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň türkmen Lideriniň saparyna gabatlanyp ulanmaga beriljek türkmen-gazak böleginiň gurluşygy boýunça sebit derejesinde möhüm ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi taryhy taýdan möhüm ähmiýetli subutnama bolup durýar. Munuň özi kanuna laýyk ýagdaýdyr, çünki hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara peýdaly ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine we kuwwatly ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň hasabyna halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek baradaky başlangyçlary öňe sürdi.

Ýeri gelende aýtsak, dostlukly iki döwletiň has-da ýakynlaşmagy we ikitaraplaýyn we ilkinji nobatda iri halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn ysnyşykly, netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny maksat edinmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparynyň üstünlikli boljakdygyny öňünden aýtmaga mümkinçilik döredýär. Şol saparyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň täze taryhynyň senenamasyna täze, wajyp ähmiýetli sahypa bolup goşuljakdygyna söz ýok.

Astanada geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmegi göz öňünde tutýarlar, şol resminamalar dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gös-göni ýardam berer.

Özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň uly toplumyny amala aşyrmagyň barşynda goňşy iki halkyň arasynda özara düşünişilmegine we ynamyň pugtalandyrylmagyna degerli ýardam berýän gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselä aýratyn üns berler.

Asyrlarboýy halkyň medeniýeti onuň çuňňur milli alamatlaryny we aýratynlyklaryny, jemgyýetiň ahlak we estetiki taýdan kämilligini görkezýän özboluşly ýagdaý diýlip hasaplanýar. Şoňa görä-de, medeni-gumanitar ugur dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň mirasdüşeri, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan täsin medeni däp-dessurlary aýawly saklaýan we bulary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe artdyrýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasatynda möhüm ähmiýetli ýagdaýdyr.

Hut şu ýagdaý soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara saparynyň öňüsyrasynda ynsanperwerlik çärelerini geçirmek babatda dörän asylly ýörelgä öwrüldi. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna başlanýan döwlet saparynyň öňüsyrasynda gazagystanlylary Türkmenistanyň medeni däp-dessurlary we häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, medeni çärä gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine wekilçilikli topar iberildi, oňa ýurdumyzyň medeniýet, ylym we bilim ulgamynyň wekilleri, tanymal döredijilik toparlary goşuldy.

Köp asyrlaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgeler, taryhy we ruhy däp-dessurlaryň umumylygy goňşy iki döwletiň ösüşiniň häzirki tapgyrynda doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, özara düşünişilmeginiň we ylalaşygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýän möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýar. Astanada Türkmenistanyň döredijilik toparynyň mähirli we göwnaçyk ýagdaýda kabul edilmegit munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

6-njy maýda Gazagystanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy- ensiklopedik işiniň gazak dilinde neşir edilen iki tomy bilen tanyşdyrylyş dabarasy täsirli medeni çäreleriň birine öwrüldi. Tanyşdyrylyş dabarasyna iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýolbaşçylary we wekilleri, giň jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň ilkinji iki tomunyň gazak dilinde neşir edilmeginiň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka bolup, Gazagystandanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine, köpugurly döwlet, jemgyýetçilik, syýasy we ylmy işine uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi.

Alymlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň ensiklopedik işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu işiň ylmy taýdan derwaýysdygyny we tejribede örän uly gymmata eýedigini bellediler. Birkemsiz bezelen, häzirki wagtda dünýäniň köp sanly dillerine terjime edilen bu neşiriň hünärmenlerde, şeýle hem giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döredýändigi nygtaldy. Gazagystanyň bilim we ylym ministri Bakytžan Žumagulow bu çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle diýdi: “Häzirki döwürde ylymda dermanlyk ösümliklere hünärmenler tarapyndan has içgin gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň täsin galdyrýan ensiklopediýasynyň ilkinji nobatda bitýän dermanlyk serişdeleri ulanmak bilen iş salyşýan gazagystanly fitohimiklerde uly gyzyklanma döretjekdigine söz ýok”.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar dostlukly iki ýurduň bilim, ylym we medeni ugurlar boýunça gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň we çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigini biragyzdan bellediler.

7-nji maýda, Astananyň parahatçylyk we agzybirlik köşgünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti üstünlikli we täsirli geçirildi. Şu ýerde, foýede sergi guraldy, şonda ýurdumyzyň muzeýlerindäki gymmatly we seýrek duşýan zatlar hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleri görkezildi.

Sergä gatnaşanlar dünýäniň siwilizasiýasynyň ösüşine örän uly goşant goşan halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan gadymy milli geýimleri, durmuşda ulanylýan zatlary, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalaryny synladylar, şeýle hem täze taryhy eýýamda Garaşsyz türkmen döwletiniň medeniýeti we sungaty ösdürmekdäki ýagdaýlary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti milli sungatyň -- dostlukly halklary birleşdirýän kuwwatly ruhy güýjüň gözelligini we berkligini äşgär etdi. Şonda ýurdumyzyň meşhur horeografik toparlary, tanymal estrada aýdymçylary we sazandalary çykyş etdiler.

Türkmen aýdymçylarynyň gazak aýdymlaryny ýerine ýetirmegi märeke üçin özboluşly sowgada öwrüldi. Tomaşaçylar sahnada folklor-etnografik toparyň ýerine ýetirmeginde türkmen baýramçylyklarynda berjaý edilýän täsirli we özboluşly adatlary synladylar. Türkmen aýdymlarynyň özboluşly sazlaşyklylygyna, milli tanslaryň äheňlerine, aýdymçylaryň kämil we joşgunly sesine maýyl bolan märeke türkmen sungaty bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döreden artistleriň çykyşlaryna şowhunly el çarpdylar.

Türkmen we gazak halklaryna asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap galmak başartdy. Iki ýurduň medeniýet işgärleriniň özara gatnaşygy muny has-da äşgär etdi hem-de dostlukly iki döwletiň Liderleriniň ýokary derejede geçiriljek duşuşygynyň öňüsyrasynda ajaýyp başlangyja öwrüldi.