1996-njy ýyla çenli doglan ýetginjekleriň arasynda “Dostluk” kubogy ugrunda türkmen paýtagtynda dowam edýän 4-nji basketbol ýaryşynda medallara dalaş etjek, aýgytlaýjy duşuşyklara gatnaşjak toparlar kesgitlenildi.
Finalda baş baýrak ugrunda paýtagtymyzyň iki topary – “Aşgabat-1” we “Olimp” toparlary duşuşar. Bürünç medallary ugrunda bolsa “Lebap” we “Balkan” toparlary bäsleşer. Munuň özi şu gün ýarym finallaryň netijeleri boýunça belli boldy.
Olaryň birinjisinde Aşgabat şäher sport komitetiniň “Aşgabat-1” basketbol topary “Lebap” toparyndan 72:47 hasabynda üstün çykdy, ikinji duşuşykda bolsa “Olimp” sport mekdebiniň wekilleri “Balkan” toparyny 62:48 hasabynda ýeňdi.
“Dostluk” kubogynyň häzirki eýesi “Olimp” toparynyň basketbolçylary bu baýraga 2010-njy we 2012-nji ýyllarda mynasyp bolupdy. Olaryň garşydaşy “Aşgabat-1” topary bolsa 2011-nji ýylda bu kuboga eýe bolupdy. Bu gezek kimiň ýeňjekdigi 10-njy maýda belli bolar.
3-nji orun ugrundaky duşuşyk we final oýny paýtagtymyzdaky “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçiriler.