Ï “Balkanyň” futbolçylarynyň şowly çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Balkanyň” futbolçylarynyň şowly çykyşy

view-icon 794
“Balkan” toparynyň futbolçylary AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky deslapky ýaryşda Palestinanyň güýçli “Al Quds Hilal” toparyny 3:2 hasabynda utmagy başardy.

boýunça Aziýada üçünji orunda durýan ýaryşda baýraklar ugrunda 12 topar güýç synanyşýar. Olar üç topara bölündi. Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, her topardan iki güýçli topar bäsleşigiň final tapgyryna çykar. Bu ýaryş şu ýylyň sentýabrynda aýgytlaýjy oýunlara gatnaşjak toparlaryň biriniň wekilçilik edýän ýurdunda geçiriler.

çempiony “Balkan” topary “Al Quds Hilal” (Palestina), “Beoungket Rubber” (Kamboja) we “Şri Lanka Army Sports Club” (Şri-Lanka) toparlary bilen birlikde “C” toparynda çykyş edýär. Bu toparyň oýunlary Pnompende geçirilýär.

“Balkan” toparynyň Palestinanyň çempionynyň garşysyna geçiren ilkinji duşuşygy Kambojanyň paýtagtynyň Milli olimpiýa stadionynda geçdi. Bu oýna FIFA-nyň emini taýwanly Ýu Ming Hsunyň ýolbaşçylygyndaky topar eminlik etdi.

Duşuşygyň eýýam bäşinji minutynda milli birinjilikde iň köp pökgi geçiren Mämmedaly Garadanow Türkmenistanyň dört gezek çempionyny öňe çykardy. Oýnuň 39 minutynda Adham Aburiwis hasaby deňledi. Toparlar şeýle hasapda arakesmä çykdylar.

Oýnuň 71-nji minutynda “Balkanyň” tejribeli goragçysy Maksim Belyh iki duýduryş alyp, meýdandan çykaryldy. Şondan iki minut geçenden soň oýnuň emini biziň toparymyzyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Palestinanyň ýygyndysynda çykyş edýän Roberto Kettlun bu jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.

Duşuşykda üstün çykmak üçin Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rahym Gurbanmämmedowyň şägirtler üçin 17 minut wagt bardy. Şeýle ýeňil bolmadyk ýagdaýda biziň futbolçylarymyz erjellik görkezip, bu oýny öz peýdasyna tamamlamagy başardylar. Şunda ýarym goragçy Amir Gurbaniniň örän gowy oýnandygyny bellemelidiris. Ol duşuşygyň 79-njy minutynda hasaby deňlemegi, 89-njy minutda bolsa özüniň ikinji pökgüsini geçirip, “Balkan” üçin ýeňiş getirmegi başardy. Şeýlelikde, biziň türgenlerimiz 3:2 hasabynda örän zerur bolan ýeňşi gazandylar.

Duşuşygyň netijesi boýunça Türkmenistanyň çempiony ilkinji 3 utugyny gazandy. “Beoungket Rubber” (Kamboja) topary hem şonça utugy gazanmagy başardy. Ol özüniň birinji oýnunda “Şri Lanka Army Sports Club” (Şri-Lanka) toparyndan 6:0 hasabynda üstün çykdy.

Indiki tapgyrda “Balkan” we “Beoungket Rubber” toparlary duşuşarlar.