“Balkan” toparynyň futbolçylary 2013-njy ýylda geçiriljek AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň final bölegine çykdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rahym Gurbanmämmedowyň şägirtleri ähmiýeti boýunça Aziýada üçünji orunda durýan bu ýaryşyň saýlama tapgyrynda “C” toparda bassyr iki ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige eýe boldy. Bu ýaryş Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde dowam edýär.
bolşy ýaly, biziň ildeşlerimiz ilkinji duşuşykda Palestinanyň “Al Quds Hilal” toparyndan 3:2 hasabyndan üstün çykdy. Ikinji duşuşykda bolsa türkmen türgenleri Kambojanyň çempiony “Beoungket Rubber” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi we 6 utuk toplady. Bu duşuşyga FIFA-nyň emini T.Şamsuzzamanyň (Bangladeş) ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi.
Ilkinji duşuşykda “Sri Lanka Army Sports Club” (Şri Lanka) toparyndan 6:0 – hasabynda üstün çykan kambojalylar üçin Türkmenistanyň dört gezek çempiony bilen duşuşyk uly ähmiýete eýedi. Şol oýunda ýeňiş gazanan halatynda “Beoungket Rubber” möhletinden öň ýaryşyň final bölegine gatnaşmaga hukuk gazanardy.
Ýöne Kambojanyň paýtagtynyň Milli olimpiýa stadionyna ýygnanan ýerli 5 müň janköýeriň arzuw hasyly bolmady. Duşuşygyň 8-nji minutynda “Balkanyň” kapitany Mämmetaly Garadanow hasaby açdy. Oýnuň 85-njy minutynda bolsa Rahmet Şermetow hasaby 2:0 –a ýetirdi. Şeýlelikde, türkmen türgenleri ikinji ýeňşini gazandylar.
Saýlama ýaryşyň jemleýji oýnunda “Balkan” topary “Sri Lanka Army Sports Club” topary bilen duşuşar. Şri Lankanyň bu topary ikinji duşuşykda Palistinanyň “Al Quds Hilal” toparyndan 0:10 hasabyndan utulyp, ýaryşyň final bölegine çykmak mümkinçiliginden mahrum boldy. “C” toparda ýaryşyň final bölegine gatnaşmak ugrundaky ikinji ýollanma üçin her biriniň 3 utugy bolan “Beoungket Rubber” we “Al Quds Hilal” toparlary bäsleşer.
AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky final ýaryşy şu ýylyň sentýabrynda jemleýji oýunlarda çykyş etmäge hukuk gazanan toparlaryň biriniň wekilçilik edýän ýurdunda alty toparyň gatnaşmagynda geçiriler.