Ï “Dostluk” Kubogy ýene-de “Olimpde”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Dostluk” Kubogy ýene-de “Olimpde”

view-icon 784
“Olimp” sport mekdebiniň topary Türkmenistanyň ýetginjekler basketbol toparlary üçin 2010-njy ýylda esaslandyrylan “Dostluk” Kubogy ugrundaky dördünji ýaryşda ýeňiji boldy. A. Annaýewiň türgenleşdirýän ýaşlary bu üstünligi şu gün geçirilen final duşuşygynda geçen ýylky bürünç medalyň eýeleri bolan Aşgabat şäher sport komitetiniň “Aşgabat- 1” toparyny 59:49 hasabynda ýeňip, üçünji gezek gazandylar.

Final duşuşygyna ýetmek üçin “Olimp” ýarym finalda “Balkany” – 62:48 hasabynda utdy, “Aşgabat-1” bolsa “Lebap” toparyndan – 72:47 hasap bilen üstün çykdy.

Iň oňat sport mekdepleriniň ikisiniň toparlarynyň final oýny tomaşaçylarda we hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. Birinji on minutlyk deňeçer ýagdaýda geçdi we bir utuk tapawut bilen (10:9) “Olimp” öňe çykmagy başardy. Duşuşygyň ikinji çärýeginde “Aşgabat-1” toparynyň basketbolçylary oýnuň barşyny öz bähbitlerine tarap öwürmegi başarmadylar we nobatdaky arakesmä eýýäm üç utuk yza galmak bilen çykdylar (22:25). Soňky iki çärýek oýunda-da “Olimp” sport mekdebiniň basketbolçylary öz garşydaşlaryndan arany has-da açdylar we yzly-yzyna ikilenji ýyl hormatly baýraga eýe boldular hem-de iki ýyl mundan ozal geçirilen hut şeýle final duşuşygynda “Aşgabat-1” toparyndan ýeňlişiniň öwezini doldular.

Üçünji orun üçin geçirilen duşuşykda öten ýylky bürünç medalynyň eýesi bolan “Lebap” topary “Balkany” 70:59 hasabynda ýeňmegi başardy.

Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda onuň ýeňijilerine Kubokdan başga-da altyn medallar we ABŞ-nyň 4 müň dollary gowşuryldy. Kümüş medala mynasyp bolanlara 3 müň dollar, bürünç medalynyň eýelerine 2 müň dollar berildi. Dördünji oruny eýelän topara 1 müň dollar gowşuryldy. Ýaryşa gatnaşan beýleki toparlara bolsa 500 dollardan paýlanyldy.

“Dostluk” basketbol Kubogy ugrunda “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda guralan ýaryşda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden jemi 8 topar güýç synanyşdylar.