Ï Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

view-icon 894
Şu gün Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-latwiýa gepleşikleri geçiriler. Ol düýn türkmen paýtagtyna gelen Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Latwiýa döwletiniň Baştutanynyň biziň ýurdumyza jogap saparyny taraplaryň hoşniýetli erkiň we deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga bolan taýýarlygynyň nyşany hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlygynyň jähetinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň geljegine aýratyn ähmiýet berler. Mälim bolşy ýaly, Latwiýa 2004-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar.

Iki ýurduň dürli derejelerdäki gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolmagy Pribaltika döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny alamatlandyrýar.

Nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň täze taryhy eýýamda däp bolan hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşini gazanmak däl, eýsem, ony milli gyzyklanmalara we iki ýurduň döwlet ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk, hil taýdan täze derejä çykarmagy başaran Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçýändigi ähmiýetlidir.

Soňky 20 ýylyň dowamynda türkmen we latyş halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hem-de netijeli gatnaşyklary ugur edinýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ygtybarly binýady kemala getiren pugta hukuk esas döredildi. Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa Hökümetara toparynyň işi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär. Toparyň ilkinji mejlisi geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýurda saparynyň öňüsyrasynda Rigada geçirildi.

Şonda Türkmenistanyň we Latwiýanyň Liderleriniň arasynda bolan gepleşikleri söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek we iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen täze möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň, şertleriň bardygyny ýüze çykardy.

Türkmenistanyň we Latwiýanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, olaryň halkara syýasatynyň wajyp meselelerine bolan garaýyşlarynyň ýakynlygyny nazara almak arkaly ýola goýulýan bu hyzmatdaşlyk birnäçe möhüm ugurlar, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklary emele getirýär.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çägi taryhy taýdan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlarynda dünýäniň iri bazarlaryna çykalgany üpjün edýän möhüm ulag ugry bolup durýar. Şu ýagdaýlary nazara almak bilen, amatly geosyýasy ýagdaýy bolan we sazlaşykly ösýän, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan täze ulag ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe derwaýys milli we sebitleýin taslamalary öňe sürdi. Olaryň hatarynda “Gazagystan—Türkmenistan--Eýran” ugry boýunça transmilli demir ýolunyň gurluşygy bar. Onuň möhüm bölegi bolan türkmen-gazak böleginiň ýakynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda açylyş dabarasy boldy.

Taslamanyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz onuň durmuşa geçirilmeginiň Ýewraziýa giňişliginde ygtybarly gatnaşyk we ulag gatnawlarynyň netijelliligi üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Bu ugur Ýewropa ýurtlaryna Baltika deňzinden Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna, şeýle hem Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere örän gysga ugry üpjün edýär. Şunlukda, Merkezi Aziýany, Hazar deňzi sebitleriniň ýurtlaryny Gara deňzi, Zakawkazýe bilen baglanyşdyryp, oňaýly geoykdysady giňişlik açylýar we Baltika hem-de Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna bolan çykalga üpjün edilýär. Şeýlelikde, Latwiýa hem uly üstaşyr mümkinçilige hem-de gury ýerde we deňizde ösen ulag düzümine eýe bolmak bilen, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen döredilýän örän wajyp halkara ulag ulgamyndan netijeli peýdalanmak mümkinçiligi döreýär.

Türkmen-latwiýa gatnaşyklarynda syýahatçylyk ulgamy geljegi uly ugur hasaplanylýar. Bu pudagyň ösdürilmegine ýurtlaryň ikisi hem möhüm ähmiýet berýär. Latwiýanyň ösen syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny döretmekde toplan köpýyllyk tejribesini, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek hakyndaky giň möçberli taslamasyny we onuň gurluşygyna daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň onlarçasynyň gatnaşýandygyny nazara alanyňda, syýahatçylyk pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu ugurlar boýunça pikr alyşmalar diňe bir iki ýurduň Liderleriniň arasynda geçiriljek gepleşiklerde däl, eýsem, şu günlerde guralmagy meýilleşdirilýän işewürlik forumynda hem bolar. Oňa iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň köp sanly wekilleri çagyryldy.

Bilelikdäki ägirt uly meýilnamalary nazara almak bilen, ýokary derejede boljak Aşgabat duşuşygynyň gyzyklanma bildirilýän doly möçberli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm tapgyr boljakdygy gürrüňsizdir. Häzirki döwürde taraplar ikitaraplaýyn bolşy ýaly. köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýärler.

Garaşylyşy ýaly, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň türkmen paýtagtyna saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.