Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, birnäçe hökümet agzalarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Nobatdaky iş maslahatynyň gün tertibine döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek we milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda ilki bilen göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowy çagyrdy.
Geçen hepdede Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda demir ýol gatnawynyň işe girizilmegi mynasybetli guralan şanly wakalara ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz täze transmilli demir ýolunyň tarahy ähmiýetini nygtady. Ýewropa bilen Aziýanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyny, şeýle hem yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän “Demirgazyk-Günorta” täze transmilli demir ýoluň - türkmen-gazak bölegi möhüm ähmiýetlidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Halkara polat ýolunyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz täze demir ýoluň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de yzygiderli ýokarlanmagy, durmuş we senagat düzümleriniň ösdürilmegi, ýurdumyzda daşary ýurt maýalarynyň has köp çekilmegi, iň esasy bolsa müňlerçe iş orunlarynyň açylmagy babatda zerur şertleri döredýändigini nygtady. Munuň özi biziň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny, ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine demir ýol ulaglary düzümleriniň ähli işgärleri gatnaşdy. Olaryň öz öňlerinde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirendigini bellemek bilen, milli Liderimiz has tapawutlanan işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolanlary gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiz olara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde pudagyň has tapawutlanan işgärlerine mynasyp bolan sylaglaryny gowşurmak dabarasynyň guralmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa pudagyň ähli işgärleriniň adyndan özleriniň zähmetlerine ýokary baha berendigi, ýurdumyzyň ulag düzüminiň kämilleşdirildmegi, pudagyň öslürilmegi we onuň häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmagy babatda yzygiderli çäreleriň geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy we demirýolçularyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerini ynandyrdy.
Soňra ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň 19-njy mejlisiniň geçirilendigini, onda täze kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine seredilendigini aýtdy. Mejlisiň deputatlarynyň hasaplamagyna görä, biragyzdan kabul edilen bu kadalaşdyryjy-hukuk namalary demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de öňe ilerlemegine, türkmen döwletiniň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürilmegine ýardam berer. Şeýle hem A.Nurberdiýewa milli parlamentiň 18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli giňden bellenilýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde täze kanunçylyk namalarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kanunlara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli döredilmegi boýunça milli parlamentiň meýilnamalaýyn we yzygiderli işiniň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze kanunçylyk taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň ösüşiniň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylmalydyr.
Demokratik gymmatlyklary türkmen halkynyň mizemez bitewüligini we agzybirligini alamatlandyrýan umumymilli baýramçylyga taýýarlyk işleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy kadalarynyň we ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Çünki ýurdumyzyň Baş Kanuny gadymy ata-babalarymyzyň parahatçylyk, garaşsyzlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarynyň hasyl bolandygyny alamatlandyryp, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň möhüm hukuk kadalaryny özünde jemleýär.
Soňra Türkmennistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Täze gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde iri senagat merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabanyň täze Garlyk şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň we beýleki binalaryň gurluşygynyň ýagdaýy bilen jikme-jik gyzyklandy. Milli Liderimiz olaryň şu ýylyň iýul aýynda ulanmaga berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, wise-premýere Garlyk şäherçesiniň açylyş dabarasynyň göwnejaý derejede geçirilmegine taýýarlyk görmäge girişmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bagly ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda geçiriljek dabaralara we beýleki medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Baýramçylyga bagyşlanan çäreleriň maksatnamasyna türkmenistanlylaryň, aýratyn-da ýaş nesliň watançylyk we ruhy taýdan terbiýelenmegine gönükdirilen köpsanly maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň we bäsleşikleriň goşulandygy bellenildi.
Däbe öwrülen baýramçylyk dabaralary gözel Sumbar jülgeçinde, Magtymguly Pyragynyň dogduk obasy Gerkezde geçiriler. Her ýylda alymlardan, medeniýet işgärlerinden, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden düzülýän türkmen wekiliýeti beýik türkmen şahyrlary Magtumguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna iberilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň halky tarapyndan giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän baýramçylygyň – Türkmenisitanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli geçirilýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly ähmiýete eýedigini belläp, göz öňünde tutulan ähli çäreleriň şol baýramçylygyň ruhuna we ähmiýetine laýyk gelýän ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol häzirki döwürde paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýeirilişi, şeýle hem şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydyyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, täze seýilgäh zolaklaryny döretmek we şäheriň durmuş ulgamynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmelidigini nygtady.
Wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkimiň hasabatynyň esasy bölegini babadaýhanlaryň alyn deri bilen ösdürilip ýetişdirilen bereketli galla hasylyny öz wagtynda isrpisyz ýygnamak, daşamak we aýawly saklamak meselesi düzdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Şeýle hem ol sebitiň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň örjän jogapkärli möwsümdigini nygtap, bu işi guramaçylykly geçirmek üçin düzülen iş meýilnamasynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz sebitiň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çärelere toplumlaýyn we örän jogapkärli çemeleşilmelidigini bellemek bilen, bu babatda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezini gurmak boýunça bäsleşigi yglan etmek barada görkezme berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, hususan-da, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentiimiz hasabaty diňläp, galla oragy we ony guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda gutarylmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew özüniň hasabatynda häzirki döwürde welaýatda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýörite iş meýilnamasynyň düzülendigini, orak möwsüminde işlediljek tehnikalara iş üstünde hyzmat edýän toparlaryň döredilendigini habar berdi. Şeýle hem häkim tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk çäreleri, sebitiň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz welaýatda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş we ykdysady düzümleri kemala getirmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, orak möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýörite düzülen meýilnamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň senagat düzümini ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk çäreleriniň ýagdaýy barada habar berdi.
Milli Liderimiz sebitiň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işlerine ünsi çekip, olaryň öz wagynda gurlup gutarylmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Garlyk şäherçesinde gurulýan desgalaryň açylyş dabarasyna we “Atamyrat-Ymamnazar” demir ýolunyň düýbüni tutmak mynasybetli geçiriljek çärelere ykjam taýýarlyk görmek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan binalar barada aýtdy we Murgap derýasynyň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň taslamalaryny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy. Görkezilen taslamalary umuman oňlap, milli Liderimiz binalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmalydygyny, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň sazlaşmalydygyny hem-de ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň gurluşygy boýunça bäsleşik guramaga ygtyýar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçrilýän wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň oba hojalyk ministri R.Bazarowy çagyrdy. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we oba hojalyk ulgamynda möhüm möwsüm bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça düzülen iş meýilnamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2013-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, “Türkmenistanda 2013-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” karara gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça düzülen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz galla oragynda işlediljek kombaýnlara tehniki hyzmaty ýola goýmak, umuman, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biridigini belläp, ministrden bu işleri döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramagy talap etdi.
Göni aragatnaşykda geiçrilýän iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, garalan meseleleriň we wezipeleriň derwaýysdygyny, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ähli ugurlarynda abadançylygyň we rowaçlygyň üpjün edilmegi babatda uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Wideoşekilli iş maslahatyny tamamlamak bilen, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara işlerinde we jogapkärli wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlik arzuw etdi.