Ï “Altyn asyryň” mynasyp jogaby
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Altyn asyryň” mynasyp jogaby

view-icon 803
Şu gün Olimpiýa stadionynda ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda “Altyn asyr” – “Şagadam” toparlarynyň 10-njy tapgyr duşuşygy bilen ikinji aýlawyň ýaryşlary başlandy.

Bu toparlaryň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ilkinji duşuşygy 2:0 hasabynda “Şagadamyň” ýeňişi bilen tamamlanypdy.

Jogap duşuşygynyň ilkinji minutlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi “Altyn asyr” toparynyň mynasyp jogap bermäge gönükdirilen maksat bilen oýnaýandyklaryny görkezdi. Tiz wagtda hem duşuşygyň birinji ýarymynyň 15-nji minudynda Didar Durdyýew meýdançanyň çep gyrasy boýunça hüjüm edip, burça ýetäýmänkä, jerime meýdançasyna gelip ýetişen Ýusup Orazmämmedowa tarap pökgüni geçirdi. Ol bolsa pökgä çala degmek bilen ony “Şagadamyň” derwezesine gönükdirdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda ätiýaçlykdan oýna giren tejribeli Didargylyç Orazow “Altyn asyryň” hüjüminde oýny ýitileşdirdi we ikinji pökginiň geçirilmegine ýardam etdi. 66-njy minutda garşydaşyň jerime meýdançasyna girip, ol pökgini Guwanç Abilowa geçirdi. G.Abilow bolsa Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Baýram Durdyýewiň toparynyň peýdasyna gutarnykly hasaby gazandy – 2:0

Şu ýeňişden soň “Altyn asyr” 16 utuk toplady we utuklaryň möçberi boýunça üçünji orunda barýan “Ahal” bilen deňleşdi. Ýaryşda bolsa her biri 18 utuk toplan HTTU we “Merw” öňde barýarlar.

Futbol boýunça milli çempionatyň 10-njy tapgyrynyň oýunlary 15-nji maýda dowam eder. Şonda “Bagtyýarlyk-Lebap” – “Merw”, “Aşgabat” – HTTU we “Talyp sporty” – “Ahal” duşuşarlar.