Ï HTTU we “Merw” öňde barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HTTU we “Merw” öňde barýarlar

view-icon 888
Şu gün paýtagtymyzda we Lebap welaýatynyň merkezinde futbol býounça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň nobatdaky oýunlary geçirildi.

“Aşgabat” köpugurly stadionynda “Aşgabat” topary HTTU toparyndan 0:4 hasabynda utuldy. Pökgüleri Süleýman Muhadow (33-nji minut), Berdi Şamyradow (45-nji minut) , Arslanmyrat Amanow (66-njy minut) we Hemra Amanmämmedow (75-nji minut) geçirdiler.

Şondan ýarym sagat soň şu stadionyň beýleki futbol meýdançasynda “Talyp sporty” bilen “Ahal” duşuşdy. Oýnuň birinj ýarymynda hasap açylmady. Arakesmeden soň toparlaryň her biri bir pökgi geçirdi. Duşuşygyň 58-njmi minutynda “Ahalyň” oýunçysy Didar Hajyýew 11 metrlik urgyny dürs urdy. Şondan 17 minut soň “Talyp sportunyň” futbolçysy Guwanç Saparow hasaby deňlemegi başardy we oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Türkmenabadyň “Bagtyýarlyk-Lebap” topary bilen “Merw” toparynyň duşuşygynda oýnuň birinji ýarymy has çekeleşikli boldy. Duşuşygyň 19-njy minutynda Tirkeş Muhammetberdiýew myhmanlaryň toparyny öňe çykardy. Emma şondan iki minut soň ýerli toparyň oýunçysy Elhan Mämmedow 11 metrlik urgyny dürs urup, hasaby deňlemegi başardy. Arakesmä iki minut galanda “Merwiň” futbolçysy Jemşit Orazmuhammedow hasaby 2:1 ýetirdi.

“Merw” sekiz oýnuň dowamynda bir gezek hem utulman, üç gezek ýeňiş gazanyp, 21 utuk toplady. Birinji orunda barýan HTTU-nyň hem şonça utugy bar. 17 utuk bilen “Ahal” üçünji orunda barýar.

Iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň arasynda hersi 7 pökgi geçirip, Mämmedaly Karadanow (“Balkan”) we Süleýman Muhadow (HTTU) öňde barýarlar. 6 pökgi geçiren Arslanmyrat Amanow (HTTU) we Didar Hajyýew (“Ahal”) üçünji we dördünji ýerleri paýlaşýarlar.

Futbol boýunça milli birinjiligiň 10-njy tapgyry 30-njy iýunda “Daşoguz” – “Balkan” toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar.