Türkmen türgenleri Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen uşu boýunça halkara ýaryşynda 2 altyn we 3 bürünç medaly eýelemegi başardylar. Biziň ýygyndy toparymyz bäş türgenden ybarat bolup, olaryň hemmesi Watana baýrakly dolandylar. Gazanylan ýeňiş türgenleriň ýurdumyzda giňden bellenilýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe mynasyp sowgatlary boldy.
“Dinamo” sport toplumynda guralan bäsleşiklere 12 ýurtdan 200-den gowrak türgen gatnaşdy. Medallar ugrundaky göreş iki bölümde geçirildi. Onda tutluşyk we toplumlaýyn maşk görnüşleri boldy. Biziň türgenlerimiz bäsleşigiň birinji bölümi boýunça çykyş etdiler.
Aşgabatly 18 ýaşly Ç.Tagangylyjow 56 kilograma çenli agram derejede ýetginjekleriň arasynda ýeňiji bolup, altyn medaly eýeledi. Ol ýarym finalda Ermenistanyň türgeninden üstün çykdy. Jemleýji bäsleşikde bolsa, gazagystanly türgenden üstün çykyp ýeňiş gazandy.
Şeýlelikde, Çarygylyç altyn medaly eýeläp, pälwandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Ýerewanda geçirilen bäsleşik onuň üçin halkara ýaryşyň bäşinjisi boldy. Ç.Tagangylyjow Belarus-2009 açyk çempionatynda, Berlin-2011 açyk çempionatynda, Gonkong-2012 halkara çempionatynda we geçen ýyl Şanhaýda (Hytaý) geçirilen Bütindünýä uşu festiwalynda ýaryşyň ýokary basgançagyna çykmagy başardy.
Biziň toparymyzda beýleki bir ýeňşi 52 kilograma çenli bolan agram derejede çykyş eden Ş.Orazgeldiýew gazandy. Ol üç bäsleşikde güýç synanyşyp, aýgytly duşuşygynda şikes alandygyna garamazdan, şowly çykyş etdi. Uşu boýunça Ýerewanda geçirilen ýaryş sport äleminde uly geljeginiň bardygyny ýüze çykaran bäsleşik boldy.
Ş.Orazgeldiýewiň topardaşy 60 kilograma çenli agram dereje çykyş eden M.Alyýew we 65 kilograma çenli agram derejede bäsleşen G.Ýarymow Ermenistanda geçirilen bäsleşikleriň bürnç medalyna mynasyp boldular. Olar hem halkara sport giňişliginde ilkinji gezek çykyş etdiler. Aşgabatly türgenleriň dördüsiniň hem Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň köpugurly sport mekdebiniň wekilleridigini bellemeli. Olar Türkmenistanyň uşu federasiýasynyň başlygy Ý.Annamyradowdan tälim alýarlar.
Türkmen toparynyň düzüminde bürünç medala mynasyp bolan beýleki türgen G.Jumanyýazowdyr. 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän bu türgen Ahal welaýatyndaky uşu sport mekdebiniň wekilidir. Tälimçi Ş.Berdiýewden tälim alýan bu türgeniň halkara ýaryşlary boýunça baý tejribesi bar. Onuň köpsanly ýokary sylaglary türgeniň tejribelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde uşu boýunça türkmen türgenleri tomus möwsüminde geçiriljek birnäçe halkara bäsleşiklerine taýýarlyk görýärler. Şu ýylyň iýun aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Ýewraziýanyň 3-nji klub bäsleşigi geçiriler. Onuň yzysüre Italiýanyň Monza şäherinde uşu boýunça birinji halkara ýaryşlary bolar. Tomsuň ikinji aýynda Brazilýanyň açyk kubogy ugrundaky bäsleşikler bolar. Awgust aýynda bolsa Aziýanyň uşu boýunça ýetginjek türgenleriň Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçiriljek sebitleýin bäsleşiginde iň ussatlar kesgitlener.
Türkmenistanyň çempionatynyň barşynda ýetginjekleriň we ulularyň milli ýygyndylary kesgitlener. Ol Daşoguz şäherinde 17-19-njy maý aralygynda geçiriler. Ýurdumyzyň birinjiligi indiki aýda Balkanabat şäherinde guralar.