Ï Ýurdumyzyň türgenleri dünýäniň ýaşajyk çempionyny sarpalaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň türgenleri dünýäniň ýaşajyk çempionyny sarpalaýar

view-icon 900
Şu gün Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebinde 6-15-nji maý aralygynda Gresiýanyň Halkidiki şäherinde 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ajaýyp ýeňiş gazanan 6 ýaşly Bägül Ezizowany sarpalamak dabarasy boldy. Aşgabat şäher sport komitetiniň küşt mekdebinde tälim alýan küştçi gyzjagazyň bu üstünligi şunuň ýaly ýaryşlarda çykyş edýänleriň 7 ýaşa çenli toparynda biziň ýurdumyzyň türgenleriniň ilkinji gezek alan altyn medalydyr.

Bu mekdebiň esasy maksady geljekde dürli halkara ýaryşlarynda, şol sanda Aziýanyň, dünýäniň çempionatlarynda, Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji boljak sport ussatlaryny terbiýeläp ýetişdirmekdir. Bägül Ezizowanyň mynasyp bolan altyn medaly bolsa, ýaş türgenler üçin gürrüňsiz suratda has uly üstünlikler gazanmaga goşmaça höwes döreder.


Şu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanynyň geçen ýylyň ýazynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň we Olimpiýaçylary taýýarlaýan taýýarlaýan mekdebiniň açylyş dabarasynda çykyş edip, türkmen türgenleriniň täze neslini ýetişdirmegiň möhümdigi baradaky aýdanlaryny ýatlamak ýerlikli bolardy. Olar bolsa iri halkara ýaryşlarynda öz geljekki ýeňişleri bilen Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrarlar. Milli Liderimiziň bu tabşyryklary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanly türgenler sportuň köp görnüşleri boýunça Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda dürli derejedäki baýraklary eýeleýärler. Şol sanda ýaşajyk türkmen küştçüleriniň şanly ýeňişlerini olaryň hatarynda buýsanç bilen görkezmek bolar.

Geçen ýyl Türkiýäniň Stambul şäherinde geçen 40-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda hem biziň türgenimiziň altyn medal alandygyny aýratyn bellemelidiris. Şonda 16 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda 13 ýaşly sport ussady Saparmyrat Atabaýew ýeňiji bolupdy. Indi bolsa has hem ýaşajyk watandaşymyz Bägül Ezizowanyň bu ajaýyp ýeňşi biziň milli küşt mekdebimiziň artykmaçlyklaryny dünýä derejesinde ýene-de bir gezek subut etdi.

Bu ýerde dünýäniň çempionatynda ýeňiş gazanan küştçi gyzymyzyň ýokary derejesini görkezýän käbir şertleri barada aýdyp geçmelidiris. Bägülüň alan altyn medaly onuň FIDE-niň erasiýasy sport ussatlygyna dalaşgäriň halkara derejesiniň şertini ýerine ýetirendigini görkezýär. Bu barada eýýäm Halkara küşt federasiýasy ýörite habar berdi. Ýaş küştçiniň bu Ýokary sport baýragy Bägül Ezizowa halkara reýtingine tarap ilkinji ädim ätmäge ýardam berdi. Ýene-de bu küştçi iri ýaryşlaryň ikisinde ýa-da üçüsinde çykyş etse, bu derejäni hem eýelemäge ýol açylýar.

Bägül halkara reýtingine tarap nobatdaky ädimini indiki aýyň içinde amala aşyryp biler: ol ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda çykyş eder. Şol ýaryş 19-27-nji iýunda Eýranyň Sary şäherinde geçiriler.

Ýaşajyk türkmen küştçüsini sarpalamak dabarasyna gaýdyp geleliň. Ýaş Olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiniň eýwanynda bu türgeniň boýuna barabar bolan küşt mallary üstünde goýlan küşt tagtalary görnüşindäki garaşylmadyk sowgat garaşýardy. Şeýle hem ol bu ýerde öz tälim alýan mekdebiniň bir topary bilen birbada oýun geçirmelidi.

Kiçijik Bägül ussatlyk sapagyny görkezenden soň, öz ene-atasy we tälimçisi Serdar Annaberdiýew bilen bilelikde mekdebiň sport zalyna barýar. Ol ýerde estrada artistleriniň çykyşlary – bu ýerde tälim alýan ýaşajyk oglan-gyzlaryň sportuň söweşjeň sungat görnüşleri-- taekwondo we karate-do boýunça çykyşlary, paýtagtymyzyň gimnastika sport mekdebiniň türgenleriniň ýörite çykyşlary guraldy.


Soňra çäreler mejlisler otagynda dowam etdi. Bu ýerde ýaşajyk küştçini hem-de onuň ýanyndaky adamlary Sport baradaky döwlet we şäher komitetleriniň işgärleri, belli türkmen tälimçileri hem-de türgenleri el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, haçan-da, milli sportumyz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülen wagtynda we milli Liderimiziň şahsy göreldesi netijesinde türkmen türgenleriniň halkara we dünýä derejelerinde ajaýyp ýeňişleri gazanyp başlandyklaryny bellediler. Sport hereketi hakykatdan hem umumymilli häsiýete eýe boldy.

Gysga döwrüň içinde ýurdumyzda häzirki zaman sport desgalarynyň – sport toplumlarynyň we stadionlaryň, ýörite sport mekdepleriniň ýüzlerçesi bina edildi. Olarda bolsa sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän zehinli ýaş türgenleriň onlarça we ýüz müňlerçesi tälim alýarlar. Tiz wagtda bolsa Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň we ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň täze binalarynyň gurluşygyna başlanylar. Şeýlelikde, sportuň akyl-paýhasy talap edýän görnüşlerine sarpa goýýanlar üçin ýakyn wagtlarda ýörite merkez peýda bolar. Onda iň ýokary hünär derejeli tälimçiler sapak bererler.


Şeýle hem türkmen döwletiniň Lideriniň başlangyjy boýunça gurluşygy amala aşyrylýan Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Hut şu ajaýyp sport toplumynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Ýeri gelende aýtsak, bu oýunlaryň maksatnamasyna küşt oýny boýunça ýaryşlar hem girizilendir. Oňa dünýäniň ýaşajyk çempiony Bägül Ezizowa hem gatnaşyp, elbetde, ýeňiji bolmagy arzuw edýär. Sport hünärmenleriniň pikiri boýunça bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň örän zehinli küştçümize başardar. Ýaşajyk küştçümiziň bu arzuwynyň hasyl bolmagyny arzuw edýäris.