Türkmen suwda ýüzüjileri Azerbäýjanyň milli ýolbaşçysy Geýdar Alyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasibetli suwda ýüzmek boýunça ýaşlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen Halkara bäsleşiklerinden altyn, kümüş we bürünç medallar toplumy bilen gaýdyp geldielr. Bu bäsleşik Mingeçewir şäheriniň „Kýur“ Sport-sagaldyş merkeziniň 50 metrlik basseýninde geçirildi. Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň türgenleriniň gatnaşan bu bäsleşigini Azebaýjanyň Ýaşlar we sport ministrligi hem-de Suwda ýüzmek milli federasiýasynyň guramaklarynda geçirildi.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebinde tälim alýanlar bu bäsleşiklerde diňe bir medallary gazanman, eýsem şahsy rekorlary goýmagy hem başardylar. Şunlukda, erkin ýüzmek görnüşi boýunça 50 we 100 metr aralygy birinji bolup gelmegi başaran Merjen Hallyýewa bu aralyklar boýunça öz görkezen netijelerini hem gowlandyrmagy başardy (degişlilikde 30, 20 sekunt we 1 minut 06,61 sekunt). Mundan hem başga, Merjen batterfleýaly 50 metr aralykda ikinji orny eýelemek bile, (33,06 sekunt) şahsy rekordyny goýmagy başardy. Ol arkan ýüzmek boýunça 50 metr aralykda „kümüş“ medaly eýelemegi başardy (35,50 sekunt).
Merjeniň familýadaşy – Deliýa saryýewa hem 100 metr aralykda şahsy rekordyny goýmagy başardy (1 minut 20,90 sekunt) hem-de üçünji orny eýeledi. Şeýle hem ol 50 metr aralygy erkin ýüzmek boýunça (31,80 sekunt) üçünji bolup gelmegi başardy. Erkin ýüzmek boýunça 50 metr aralykda (26.62 sekunt), batterfleýada (25,62 sekunt) we arkan ýüzmekde (31,64 sekunt) tapawutlanmagy başaran Walentin Gorşkow hem bürünç medallaryň üçüsini gazanmagy başardy. Olaryň üçüsi hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, SSSR-ň sport ussady, milli derejeli emin, pedagogikişa ylymlarynyň kandidaty Sergeý Ýepifanowyň ýolbaşçylynda türgenleşýärler.
Tapawutlanan türkmen suwda ýüzüjileriniň arasynda Mary şäheriniň sportyň suwda ýüzmek boýunça görnüşleri boýunça mekdebiniň okuwçysy Atajan Annadurdyýew hem bar. Ol Mihail Asadowyň we Andreý Romanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Maryly türgen „kümüş“ medallaryň ikisini hem-de bir sany hem „bürünç“ medaly gazanmagy başardy. Batterfleýada 100 metr aralykda ol ikinji orny (1 minut 07,25 aekunt) hem-de ekin ýüzmek görnüşde 400 metr aralyk boýunç ageçirilen ýaryşda üçünji hormatly orny eýelemegi başardy.
Türkmen toparynyň dört sapar ýüz metr aralyga kombinirlene görnüşi boýunça ýene-de bir bürünç medaly gazanandygyny hem ýatlap geçmelidiris.
Türkmen türgenleri häzirki wagtda beýelki ýaryşlara taýýarluk görýärler. Hususanda, Merjen Saryýewa şu ýylyň tomsunda Koreýanyň Inühon şäherinde geçiriljek IV Aziýa oýunlaryna gatnaşar. Soňra ol Ispaniýa nyň Barselona şäherine ugrar we Hytaýa ýaşlar aziýa oýunlaryna gatnaşmaga ugrar. Walentin Gorşkow hem eýýäm şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek ýaşlar aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýollanma aldy.