Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 739
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy, Hökümetiň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewi çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynda energiýa serieşdelerini üstaşyr geçirmek boýunça Rezolýusiýanyň kabul edilendigine ünsi çekdi. Bu resminama energetika ulgamynda, şol sanda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Ozal habar berlişi ýaly, bu Rezolýusiýa Türkmenistanyň başlangyjy hem-de BMG-niň agzasy bolan döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde kabul edildi. Bu baradaky hoş habar biziň ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 21 ýyllygynyň hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda gelip gowuşdy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynda ady agzalan Rezolýusiýanyň kabul edilendigini goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň öňe süren bu başlangyjynyň, ilkinji nobatda, dünýä ýurtlarynyň we sebitleriniň durunkly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir diýip belledi. Bu başlangyjy öňe sürmek bilen, biz ygtybarly, durnukly we howpsuz energiýa-ulag ulgamlaryny döretmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürmegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Islendik sebite energiýa serişdeleriniň ygtybarly we howpsuz iberilmegi howpsuzlygy, azyk bolçulygyny üpjün etmek, iş orunlaryny döretmek we umuman alnanda, ykdysadyýeti pugtalandyrmak we ösdürmek üçin esas bolup durýar diýip, milli Liderimiz degişli Rezolýusiýa kabul edilende Türkmenistanyň başlangyjyny goldap çykyş eden ýurtlaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Biziň ýurdumyzyň başlangyjynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda halkara bileleşigi tarapyndan goldanmagyna ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan mundan beýläk hem bu rezolýusiýany durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde bu Rezolýusiýany ýerine ýetirmek bilen bagly geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy we tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy. Wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna, şeýle hem bu rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini giňden beýan etmek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen ýörite duşuşyk geçirmek tabşyryldy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Hojamuhammedow we Ý.Kakaýew bilen bilelikde, 2014-nji ýylyň başynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny” atly halkara maslahatyny geçirmäge gowy taýýarlyk görmek hem-de bu maslahaty ýokary derejede geçirmek barada görkezme berdi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka -- Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başyny başlan energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, bu waka biziň ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň we goldanmagynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri halkara forumlaryň münberlerinden beýan edilen netijeli başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şol başlangyçlar ählumumy eneregetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, degişli halkara hukuk usulyny döretmäge, energetika ulgamynda ählumumy abadançylygyň , durnukly ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş etdi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Aşgabatda açylýan Türkmenistanyň IV halkara Gaz kongresiniň çäklerinde geçiriljek halkara serigisine taýýarlyk görlüşiniň meseleleri boýunça habar berdi.

Ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň gazananlarynyň we kuwwatynyň görkezilişi bilen birlikde, pudagyň şeýle sergisi biziň ýurdumyz bilen ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönüden-göni hyzmat etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öňde boljak serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berildi. Ol 21-23-nji maýda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň IV halkara Gaz kongresine görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, däbe öwrülen bu maslahat nebitgaz pudagynda ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, bu möhüm ulgamda innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp düzmeleri ornaşdyrmak babatda özara peýdaly tejribäni alyşmak, täze netijeli işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleri döredýän kongresiň ähmiýetini belledi. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna, şeýle hem degişli senagat düzümine eýe bolmak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň IV halkara Gaz kongresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere, şol sanda ählihalk baýramyna gabatlanan halkara sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýan dokma senagatynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dokma önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak we olary dünýä bazarlarynda ýerlemek boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň gerekdigini aýtdy.

ýyllarynda hem-de häzirki taryhy döwürde Türkmenistanyň halyçylyk pudagynyň gazananlary bilen tanyşdyrjak öňdäki serginiň we maslahatlaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek maksadynda bu çäreleriň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralar babatda durup geçmek bilen, meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi.

Soňra goni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çagyryldy. Ol döwlet durmuş syýasatynyň hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralarynyň geçirilişine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň ähli orta umumybilim berýän mekdeplerinde medeni- köpçülikleýin çäreler guralar.

Milli Liderimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini, bu pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň bolsa, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönüden-göni ýardam bermelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlar boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge degişli anyk görkezmeleri berdi we ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

“Soňky jaň” dabaralaryny geçirmek meseleleri barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz şol gün mekdep uçurymlarynyň özbaşdak, gyzykly, ykbal kesgitleýji wakalara doly durmuşa gadam urýandyklaryny nygtady. Milli Liderimiz olaryň ýaş güýçleri, bilesigelijilikleri we zehinleri üçin bu gün iň bir özüne çekiji gelejek, hünär saýlamak üçin ähli zerur şertler, diňe bir Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde-de okap, hemişe bilimlerini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzyň mekdeplerindäki “Soňky jaň” dabaralarynyň uçurymlar üçin ajaýyp duýgulardan we tolgunmalardan doly, olaryň durmuşynyň iň bagtly günleriniň biri hökmünde ýatlarynda galmagy üçin ähli degişli çäreleriň geçirilmegine döredijilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany çagyryp, onuň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy bilen gyzyklandy.

Wise-premýer öz garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy hem-de ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp geçirilýän “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bellenilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belläp, milletimiziň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmegiň we dünýäde giňden tanyşdyrmagyň ähmiýetini nygtady. Türkmen halysy şol mirasyň gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Milli Liderimiz “Soňky jaň” baýramçylygyna bagyşlanan dabaralary guramak meselesine degip geçmek bilen, olaryň özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, baýramçylyk medeniýetini ösdürmegiň milli we häzirki zaman meýillerini birleşdirmelidir hem-de mekdep uçurymlarynyň hakydasynda ajaýyp waka hökmünde hemişelik galmalydyr diýip belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berdi. Ähli welaýatlarda häzirki wagtda bugdaý oragyna soňky taýýarlyk işleriniň tamamlanyp barýandygy, däne orujy kombaýnlaryň we ýygnalan hasyly daşamak üçin awtoulaglaryň taýýarlyk hataryna çykarylýandygy bellenildi. Şeýle hem gowaça ideg işleri we beýleki meýdan işleri dowam etdirilýär.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetip gelýän orak möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini we bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün etmegi hem-de dänäniň aýawly saklanmagy barada öz wagtynda alada etmegi talap etdi. Gallaçy daýhanlar bilen özara hasaplaşyklaryň geçirilmegine hem ünsi gowşatmaly däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

hojalyk pudagynyň özgerdilmeginiň oňyn netijeleri berýändigini nygtamak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň daýhanlarynyň dänäniň bereketli hasylyny ýetişdirendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn nygtaýşy ýaly, bugdaý oragy möwsümi özüne ynanylan ýerde halal zähmet çekip, her kimiň öz goşandyny goşmaly ählihalk işidir. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ähli tehnikalaryň gije-gündizleýin we üznüksiz işlemegini üpjün etmegiň, şeýle hem galla oragyna gatnaşýanlaryň dynç alşyny ýokary derejede guramagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere galla oragyny öz wagtynda üstünlikli geçirmek boýunça anyk görkezmeleri we tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabat berdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, gowaça ideg etmek işleriniň barşy, etraplarda pile taýýarlamak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.

Prezidentimiz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelerimize ünsi çekmek bilen, Türkmen halysynyň baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmegi, şeýle hem welaýatyň çäginde orta mekdeplerde gutardyş dabaralarynyň göwnejaý geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Baştutanymyz ýetişdirilýän galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin, her bir etrapda galla oragynyň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylmagy bilen baglanyşykly anyk meýilnamalaryň düzülmelidigini, tabşyrylan galla hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigini, şol bir wagtda gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini suwarmak bilen baglanyşykly ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýola goýulmalydygyny belledi.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiz häkimiň R.Hojagulyýewi Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine, K.Bäşimowy bolsa Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek baradaky tekliplerini oňlap, degigşli resminamalara gol çekdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow öz gezeginde häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ol welaýatda galla oragyna taýýarlyk işleriniň derejesi, orak möwsüminde gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmaty alyp barmaly toparlaryň üpjünçiligi, galla hasylyny kabul edýän bölümlerdäki taýýarlyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem gowaça ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de pile tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny bellemek bilen, tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini we möwsümiň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede geçirilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtmak bilen, möwsümde işlediljek kombaýnlaryň, hasyly daşajak awtoulaglaryň sanyny kesgitlemek, orak möwsüminde işlejek adamlara göwnejaý iş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly ähli wezipeleri hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz B.Söýeşowy Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belläp, ony Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak, B.Gulmämmedowy Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine bellemek we A.Nepesowy Hazar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde demirgazyk sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk işleriniň derejesi, gowaça ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda şanly senelerimiz mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy barada aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňi bilen halkymyzyň milli buýsanjy bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de “Soňky jaň” mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça anyk iş meýilnamasynyň düzülmelidigini, ähli ammarlaryň, kabul ediş bölümleriniň we elewatorlaryň täze hasyly kabul etmäge doly taýýarlanylmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýat häkiminiň M.Jumabaýewi Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky teklibini oňlap, degişli resminama gol çekdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk we sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häkim galla oragyna taýýarlyk işleriniň barşy, gowaça ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem pile taýýarlamak işleriniň barşy barada jikme-jik habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli we welaýatyň mekdeplerinde gutardyş çärelerini geçirmek bilen baglanyşykly göz öňünde tutulýan ähli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly ýola goýulmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegine dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gowaça we beýleki ekinlere ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk guramak, pile taýýarlamak işleriniň utgaşykly we ýokary derejede alnyp barylmagy boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny tabşyran kärendeçiler bilen hasaplaşyklary geçirmekde hiç hili bökdençligiň bolmaly däldigine welaýat häkiminiň ünsüni çekdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy we olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýat häkiminiň D.Çaryýewi Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine, S.Akyýewi Garabekewül etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine, Ş.Jepbarowy Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek baradaky tekliplerini oňlap, degişli kararlara gol çekdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly görülýän çäreler, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmegiň barşy we pile taýýarlamak işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna we beýleki çärelere görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime obasenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şonuň bilen bir hatarda, gowaça we beýleki ekinlere ideg etmek işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz galla hasylyny kabul ediş bölümleriniň taýýarlygy, orak möwsüminde işlejek adamlar üçin zerur durmuş şertleriniň üpjün edilmegi we oba hojalyk tehnikalaryna bökdençsiz tehniki hyzmaty ýola goýmak, tabşyrylan galla hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns bermek bilen baglanyşykly ähli işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini, mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli guralýan dabaralarynyň göwnejaý geçirilmelidigini belledi.

Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda welaýat häkiminiň A.Saryýewi Serhetabat etrabynyň häkiminiň orunbasary, G. Atajanowany Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellemek hakyndaky tekliplerini oňlady we degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, şäheriň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Aşgabatda milli baýramçylyklarymyz mynasybetli guralýan dabaralaryň işlenip taýýarlanylan maksatnamasy barada hasabat berdi.

Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan abadançylyk we arassaçylyk işlerine ünsi çekip, bu babatda şäher hojalygynyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek we şu iş bilen bagly ähli meseleleri öz wagtynda çözmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleriniň, halkara derejesinde geçirilýän forumlara gelýän myhmanlary halkymyzyň asylly däplerine laýyklykda mynasyp garşylamak boýunça durmuşa geçrilýän çäreleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. Paýtagtymyzda dabaralary guramak we geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň jemini jemläp we şu gün garalan meseleleriň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge we artdyrmaga, türkmenistanlylaryň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge ýardam eder diýip nygtady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara işde we öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.