Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ak mermer örtgüli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde ykrar edilýändigini alamatlandyrýan diplomy gowşurmak ýaly hormatly wezipäni ýerine ýetirmek üçin paýtagtymyza gelen Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory jenap Kreýg Glendeýi kabul etdi.
Duşuşyk we mähirli kabul edilendigi üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny bu şanly waka bilen gutlady hem-de bu çäre mynasybetli soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi mynasybetli guralýan çärä ýene bir ýola gatnaşýandygyna örän şatdygyny belledi.
Dünýäniň täze rekordynyň goýulmagy Türkmenistanyň Hökümetiniň özüniň kaşaňlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen ägirt uly täsir galdyrýan ak mermerli şäheriň binagärlik keşbini özgertmek we kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän tagallalarynyň ýene-de bir subutnamasydyr diýip, Kreýg Glendeý belledi.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory aýratyn hormatyň we hoşniýetli gatnaşygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza rekordlar kitabynyň 1955-nji ýylda çykan nusgasyny sowgat hökmünde gowşurdy. Bu neşiriň taryhy şol ýyl Irlandiýanyň “Ginness” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda gollanma hökmünde çap edilmeginden başlanýar. Ilkinji sany çykanyndan bir ýyl geçen soň, ýagny 1956-njy ýylda kitabyň nusgasy 5 milliondan aşdy. 2003-nji ýylda bolsa bu neşiriň sany 20 esse köpeldi we 100 million nusgalyk derejä ýetdi.
Ýarym asyrdan gowrak taryhy bolan dünýä rekordlarynyň her ýyllyk ýygyndysynyň baş redaktoryny türkmen topragynda görýändigine şatdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Aşgabada bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirdi we türkmenistanlylaryň bu täzeligi çäksiz guwanç hem-de hoşallyk bilen kabul edendiklerini, bu täzeligiň halkymyzyň buýsanjyny artdyrandygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýokary görkezijileri Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan birnäçe gezek bellenildi. 2003-nji ýylda “Altyn asyr” halysy dünýäde iň uly haly hökmünde bu kitaba girizildi. 2008-nji ýylda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada dünýäde iň beýik flagştok oturdyldy. Paýtagtymyzdaky halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän “Oguzhan” suw çüwdürimler toplumy, Oguzhanyň iň uly ýyldyzy şekilendirilen “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi we dünýäde iň uly ýapyk aýlawy bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi dünýä rekordlarynyň sanawynyň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň ozal goýan 5 rekordyna ýene biriniň goşulýandygy meniň üçin ýakymlydyr diýip bellemek bilen, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň we onuň paýtagty Aşgabadyň geljekde has-da uly üstünlikler gazanyp, täze rekordlary goýjakdygyna ynam bildirdi.
Dünýä ykdysadyýeti üçin durmuş-ykdysady taýdan ýokary ösüş depginlerini saklaýan we dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny berkidýän ýurdumyza dünýä bileleşiginiň döwletimiziň ýeten derejesine we üstünliklerine yzygiderli üns bermegi bizi begendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ýurdumyzyň baş şäheri hem-de buýsanjy bolan ak mermerli Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösüşine ägirt uly ähmiýet berilýändigini bellemek bilen, milli Lidermiz ilatyň ýokary durmuş derejesi üçin ähli amatlyklar döredilýän paýtagtymyzyň gülläp ösüş ýoluna düşen türkmen ýurdunyň oňyn özgertmeleriniň alamatyna öwrülendigini aýtdy.
Jenap Kreýg Glendeý duşuşygyň ahyrynda häzirki döwürde dünýäniň 100-den gowrak ýurtlarynda we 20-den gowrak dilde neşir edilýän Ginnesiň rekordlar kitaby arkaly sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň üstünlikleriniň halkara giňişliginde giňden beýan ediljekdigine tüýs ýürekden begenýärin diýip belledi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe başy başlanan ägirt uly meýilnamalary hem-de wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.